Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÖB TOT proýektiniň puluny kesýär


Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol taslamasy
Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol taslamasy

Aziýanyň Ösüş banky Täjigistan-Owganystan-Türkmenistan arasynda gurulmaly demirýol proýektine (TOT) berýän maliýe goldawyny howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli näbelli bir möhlete çenli soňa goýdy.

Bu habary Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy we beýleki habar serişdeleri ýaýratdy.

AÖB-nyň Täjigistandaky hemişelik wekili Si Si Ýu sişenbe güni paýtagt Duşenbede guralan brifingde çykyş edip, bankyň TOT proýektiniň gurluşygyna Owganystanyň territoriýasyndaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy sebäpli gatnaşyp bilmeýändigini, ýagny bu ýurtdaky howpsuzlyk derejesiniň häzir örän pese gaçandygyny aýtdy.

Bankyň wekili, howpsuzlyk meselesinden başga, bu demirýol proýektiniň Owganystanyň territoriýasyndan geçýän bölegini gurmak üçin hem ýeterlik maliýe serişdesiniň ýokdugyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, bu demir ýoluň Owganystanyň içinden geçýän bölegi 300 kilometrden hem uzyn bolup durýar.

Aziýanyň Ösüş banky üç ýurdy bir-birine baglamaly geljeki demirýoluň tehniki-ykdysady esaslaryny işläp taýýarlamak üçin ozal 9 million amerikan dollary möçberinde serişde goýberipdi.

News.videonews.us websaýtynyň berýän maglumatyna görä, TOT demirýoly proýektiniň jemi bahasynyň 2 milliard amerikan dollaryna barabardygy aýdylýar.

Şol bir wagtda, resmi Aşgabat oktýabr aýynda bu proýekt boýunça öz paýyny, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň türkmen topragyndan geçýän bölegini gurup gutarandygyny, ýagny ony owgan serhedine ýetirip goýandygyny yglan etdi.

“Türkmenistan bu demirýoluň öz uçastogyndaky böleginiň gurluşygyny tamamlan-da bolsa, biz bu gurluşygy howpsuzlygyň kepillendirilmedik ýurdunda (Owganystan) maliýeleşdirmekçi däl, bu örän töwekgelçilikli» - diýip, Ýu aýtdy.

TOT demirýolunyň umumy çekilmeli aralygy 400 kilometr bolup, onuň 85 kilometri Türkmenistanyň içinden, 50-60 kilometri bolsa Täjigistanyň içinden geçýär.

Esasan AÖB tarapyndan maliýeleşdirilýän demirýol gurlup gutarylsa, ol Merkezi Aziýanyň üç ýurdunyň arasyndaky möhüm transport baglanyşygy bolmalydy.

Başky plan boýunça bu proýekt 2018-nji ýylda tamamlanyp, doly işe girizilmelidi.

“Biz bu proýekte Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary gowulaşan halatynda dolanyp geleris» - diýip, AÖB-nyň Täjigistanydaky hemişelik wekili Si Si Ýu sözüniň yzyna goşdy.

Şu aralykda Owganystanyň maliýe ministrliginiň sözçüsi Ejmel Hamid Abdulrahimzaý AÖB-nyň bu proýekte berýän goldawyny kesendigi barada aýdylýanlary ret etdi.

«AÖB Owganystana kömek edýän edaralaryň hatarynda durýar. Bu bank arada Owganystana 2 milliard dollara golaý pul kömegini berdi. Şol puluň belli bir bölegi demirýol gurluşygy üçindir. AÖB Owganystanda guruljak demirýol gurluşygyna kömek etmeýär diýen maglumat ýalňyş» - diýip, Abdulrahimzaý aýtdy.

Türkmenistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň prezidentleri TOT demirýolunyň gurluşygy baradaky ylalaşyga 2013-nji ýylyň martynda gol çekipdiler.

Birleşen Ştatlaryň Goranmak departamentiniň sişenbe güni amerikan Kongrsine beren hasabatynda aýdylmagyna görä, 2015-nji ýylyň ikinji ýarymynda Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýy umuman ýaramazlaşyp, jeňçiler has netijeli hüjümleri amala aşyrypdyrlar we howpsuzlyk güýçleri köp ýitgi çekipdir.

Hasabatda aýdylmagyna görä, ýanwardan 15-nji noýabra çenli aralykda çekilen ýitgiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27 prosent ýokarlanypdyr.

XS
SM
MD
LG