Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa ýadro aladalaryny güýçlendirýär


Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesi lider Kim Joň Unyň kosmosda «hemra» ýerleşdirmek buýrugynyň «doly berjaý edilendigini» aýtdy.
Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesi lider Kim Joň Unyň kosmosda «hemra» ýerleşdirmek buýrugynyň «doly berjaý edilendigini» aýtdy.

Demirgazyk Koreýa 7-nji fewral güni irden kosmosa uzak aralyga ýetýän raketa uçuryp, goňşy ýurtlarynda we Waşingtonda ýadro aladalaryny güýçlendirdi.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesi lider Kim Joň Unyň kosmosda «hemra» ýerleşdirmek buýrugynyň «doly berjaý edilendigini» aýtdy.

Şeýle-de telewideniýe Demirgazyk Koreýanyň «Kwangmyongson-4» diýlip atlandyrylan hemrasynyň indi her 94 minutda Ýeriň daşyndan aýlanýandygyny, Phenýanyň geljekde hem şeýle hemralary uçurmagyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Günorta Koreýa we ABŞ bu hemranyň ýadro bombasyny götermäge ukyply ballistik raketanyň synagyny bassyr-ýussur etmek üçin uçurylandygyny, şeýle raketany synag etmegiň bolsa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýalary arkaly gadagan edilendigini aýdýarlar.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bu uçuryşy «aşa gynançly» diýip atlandyrdy we bu hemranyň uçurylmagynda ballistik raketa tehnologiýasynyň ulanylandygyny aýtdy.

Ban Demirgazyk Koreýa «prowokasion hereketlerini» bes etmeli diýdi. Şeýle-de ol ýene bir gezek dartgynlyklary azaltmak we Koreýa ýarymadasynda ýadro ýaraglarynyň bolmazlygyny gazanmak üçin hemme tarapyň bile işleşmegine ygrarly bolmaga çagyrdy.

Şu aralykda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi, ABŞ-nyň, Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň talaby esasynda, ýapyk gapylaryň arkasynda, has kän BMG sanksiýalaryny girizmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin, adatdan daşary duşuşyk geçirilmegine çagyrdy.

Demirgazyk Koreýa ýanwar aýynda wodorod bombasyny synag edendigini aýdypdy we häzirki hemra uçuryşy şonuň ýaz ýanyna gabat gelýär.

7-nji fewralda uçurylan hemra bilen bagly ýazgarmalar diýseň çalasyn boldy, Waşington ony «durnuksyzlandyryjy» we prowokatiw diýip atlandyrsa, Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe ony «düýpden çydap bolmajak» hereket hökmünde häsiýetlendirdi.

Orsýet Phenýan «ýene bir gezek halkara ölçeglerine we kanunyna görnetin äsgermezçiligini görkezdi» diýdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi özüniň Demirgazyk Koreýanyň «halkara garşylygyna garamazdan, raketa tehnologiýasyna geçmegi amal etmekdäki hötjetligine» «gynanç bildirendigini» aýtdy.

Fransiýanyň prezident köşgi Demirgazyk Koreýanyň «manysyz prowokasiýasyny» ýazgaryp, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini bu ýagdaýa «gyssagly we berk» jogap bermäge çagyrdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bu habara Waşingtonyň Ýaponiýany we Günorta Koreýany goramak babatdaky ygrarlylygyny gaýtadan tassyklamak bilen jogap berdi.

Kerri ABŞ BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi bilen Phenýan, BMG-niň rezolýusiýalaryny bozandygy üçin jogap berer ýaly, «düýpli çäreleriň» üstünde işlär diýdi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG