Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz serhetçileri AÝ/AR-nyň habarçysyny saklady


Masum Muhammadrajab, AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň habarçysy, Sughd regiony, 8-nji fewral, 2016
Masum Muhammadrajab, AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň habarçysy, Sughd regiony, 8-nji fewral, 2016

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçysy serhediň dawaly böleginde Gyrgyzystanyň serhetçileri tarapyndan saklandy.

Gyrgyzystanyň serhet gözegçiligi gullugynyň metbugat-wekili Gulmira Borubaewa Masum Muhammadrajabyň 8-nji fewralda gyrgyz tarapynyň serhet barlag geçiş nokadyndan geçjek bolanda saklanandygyny AÝ/AR-na aýtdy.

Muhammadrajab Bobojon Gafur etrabynda gyrgyz serhetçileriniň 6-njy fewralda täjigistanlynyň hususy jaýynda milli baýdagy dikmäge synanyşmagyndan soň dörän dawa barada habar bermek üçin iberilipdi.

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky serhetleriň ençeme bölegi 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri dawaly bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG