Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Aşgabatda hereket azatlygy depelenýär'


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistanda welaýatlaryň ýaşaýjylary iki aý çemesi wagt bäri Aşgabada goýberilmeýärler. Bu ýagdaýyň ýurduň içindäki hususy transport gatnawyny, raýatlaryň paýtagtdaky medisina hyzmatlaryndan peýdalanmagyny we umuman öz ulagy bilen erkin hereket etmek mümkinçiligini çäklendirýändigi ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Kanunçylar, bolsa bu düzgüniň bikanundygyna ünsi çekýärler.

Azatlyk Radiosy "Türkmenistanyň garaşsyz ýuristler bileleşigi" atly garaşsyz guramanyň agzasy Timur Misrihanow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ýurduň çäginde awtoulagly hereket etmeklik haýsy kanunlar esasynda düzgünleşdirilýär? Ol kanunlarda welaýat ulaglarynyň paýtagta barmagynyň çäklendirilmegi barada näme diýilýär?

Timur Misrihanow: Türkmenistanda awtomobil hereketini göni düzgünleşdirýän kanunlar bar. Birinjiden, bu Türkmenistanyň awtomobil transporty barada kanunyna esaslanýar. Bu kanun Türkmenistanda awtoulaglaryň hereket etmeginiň kanuny, ykdysady we guramaçylyk düzgünlerini kesgitleýär. Ikinjiden, Türkmenistanda awtoulaglaryň hereket etmegi ýol hereketi baradaky düzgünler tarapyndan hem kesgitlenýär.

Bu kanunlarda islendik awtoulaglaryň hereket etmeginiň çäklendirilmegi üçin ýurt häkimiýetleriniň ýörite karar çykarmagy talap edilýär. Ýagny, haýsy-da bolsa bir şäheriň käbir böleklerinde ýa-da tutuş şäherde ýol hereketiniň çäklendirilip bilinýändigi, emma munuň üçin türkmen hökümetiniň ýörite karar çykarmaga borçludygy kanunda aýdylýar.

Ýagny, çäklendirme üçin hökümetiň karary, ýa-da prezidentiň permany bolmaly. Resmi dokumentde çäklendirilýän ýeriň ady, çäklendirmäniň girizilýän döwrüniň takyk wagt möhleti, şeýle çäklendirmäniň girizilmeginiň sebäbi takyk görkezilmeli.

Möhüm ýeri, şeýle karara gelnen ýagdaýynda onuň mazmuny köpçülikleýin habar serişdeleri ýa beýleki ýollar arkaly köpçüligiň dykgatyna ýetirilmeli. Adamlar girizilýän çäklendirmeden habarly bolmaly we özlerine çykalga gözlemeli.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda häzirki wagtda, sebäbi düşündirilmezden we hatda gadagançylygyň bardygy barada resmi taýdan ilaty habarly etmezden, welaýat ulaglarynyň paýtagta goýberilmezligi raýatlaryň haýsy hukuklaryny bozýar?

Timur Misrihanow: Birinji nobatda Türkmenistanyň häkimiýetleri, ýurduň Konstitusiýasyny bozýarlar. Türkmenistanyň Baş kanuny her bir raýatyň erkin hereket etmek hukugyna kepil geçýär. Şeýle-de, transport gatnawyna degişli kanun bozulýar, kanunda adamlaryň awtoulagly, otluly ýa uçarly hereket etmegine degişli hukuklary kepillendirilýär. Türkmenistanda adamlaryň hereket azatlygynyň çäklendirilmegi, diňe bir ýurduň öz kanunlary bilen çäklenmän syýasy we raýat azatlyklaryna degişli halkara kanunlara-da ters gelýär. Kanunlarda adamlaryň ýurduň hem içinde hem-de daşynda erkin hereket etmek hakyna kepil geçilýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň welaýatlardaky ýaşaýjylary paýtagta goýberilmezliginden şikaýat edip, öz hukuklaryny kanun esasynda talap etmek islän ýagdaýynda näme etmeli we nirä ýüzlenmeli?

Timur Misrihanow: Welaýat ulaglarynyň Aşgabada goýberilmezligi barada aýdanymyzda, biziň maglumatymyza görä, Türkmenistanda bu ugurdan hiç hili resmi karar ýa-da kanuna girizilen üýtgetme ýok, şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň raýatlary häkimiýetleriň eden-etdilikli hereketlerinden arz edip, meselä kanun esasynda seredilmegini talap etmäge hakly. Sebäbi Türkmenistanyň raýatlaryna administratiw instansiýalardan sud edaralaryna çenli öz hakyny talap edip, ýüz tutmaga hukuk berýän kanunlar bar.

Azatlyk Radiosy: Öz hukugyny goramak isleýän adamlar nämeden başlamaly?

Timur Misrihanow: Raýatlaryň hereket azatlygyny çäklendirmek boýunça resmi kararyň bolmadyk ýagdaýynda, welaýat ulaglarynyň Aşgabada goýberilmän saklanmagyna, ulag sürüjileriň ellerinden sürüjilik şahadatnamasynyň alynmagy ýaly wakalaryň bolmagyna kanuny esas ýok. Şeýle ýagdaýa duçar bolan raýatlar özlerinden edilen talaplar ýa-da bikanun hereketler barada subutnama toplamaly, ýa şaýatlayň görkezmesi bolmaly, bolup geçýän ýagdaýy surata düşürmeli, ýazga almaly. Ýa-da, meselem, polisiýa kimdir-biriniň sürüjilik şahadatnamasyny elinden aljak bolsa, muňa dilhaty talap etmeli. Soň dokumentleriň nusgalaryny toplap, suda ýüz tutmaly. Ýöne dokumentleriň diňe nusgalaryny tabşyrmaly, asyl görnüşini özüňde saklamaly. Käbir adamlar hut subutnamalaryň bolmazlygy sebäpli öz hukuklaryny goramak mümkinçiliginden mahrum bolýarlar.

XS
SM
MD
LG