Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Merkezi bank rubly gowşatmakçy däl


Orsýetiň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy Elwira Nabiullina, 11-nji fewral, 2016
Orsýetiň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy Elwira Nabiullina, 11-nji fewral, 2016

Orsýetiň Merkezi Banky rublyň hümmetiniň pese gaçmagyny oňlap, hökümetiň býujetde serişde ýetmezçiliginiň üstüni ýetirmek isleýändigi baradaky maglumatlary ret etdi.

Rublyň gowşamagy döwlet girdejilerini artdyrmaga kömek berýär, sebäbi döwletiň nebit girdejileri dollarda gelýär. Reuters agentligi Kremliň çykdajylary azaltmak we salgytlary artdyrmak ýaly çäreleri zerurlygy gowşatmak üçin milli puluň hümmetini peseltmek strategiýasyna garaýandygyny barada maglumat çap etdi.

Emma Orsýetiň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy Elwira Nabiullina maglumaty ret etdi we öňe sürlen pikiri “akmaklyk” diýip atlandyrdy.
Nabiullina bankyň tersine rublyň hümmetini artdyrmak boýunça çärelere seredýändigini habar berdi.

Fewral aýynda rubl amerikan dollary babatynda 80.64 derejesine ýetdi, bir ýewronyň bahasy 91.49 rubl derejesinde kesgitlendi.

XS
SM
MD
LG