Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Terrora garşy halkara front döretmeli


Rus prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilelikdäki diplomatik tagallalary güýçlendirmek barada ylalaşyga geldi.
Rus prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilelikdäki diplomatik tagallalary güýçlendirmek barada ylalaşyga geldi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Mýunhende Siriýa konfliktini soňlamak barada gelnen ylalaşykdan soň, bilelikdäki diplomatik tagallalary güýçlendirmek barada ylalaşyga geldi.

Kremliň çap eden beýanatyna görä, iki lider 14-nji fewralda, telefonda gepleşdi.

Beýanatda Putiniň Obama global terrorizme garşy birleşen halkara frontuny döretmek zerurlygyny nygtandygy bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, Putin, “Yslam döwleti» toparyna we beýleki terrorçy guramalara garşy durmak üçin, ABŞ bilen Orsýetiň harbylarynyň arasynda has ýakyn gatnaşygyň gerekdigine ünsi çekipdir.

Şeýle-de Putin ukrain häkimiýetleriniň gündogar Ukrainadaky konflikti soňlamak üçin Minsk şertnamasy astynda alan borçnamalaryna ýerine ýetirjegine umyt bildiripdir.

XS
SM
MD
LG