Geljek programmalar


Walýuta

USD / 
EUR
1,3049
EUR / 
RUB
0,0253
RUB / 
USD
30,285

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Täzelikler

Çilide agyr ýer titreme boldy 

Şu gün Çilide ýüze çykan güýçli ýer titremede azyndan 76 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

Çiliniň prezidenti Mişel Baçelet şu gün ýurtda bolan güýçli ýer titremäniň netijesinde ýurtda heläkçilikli ýagdaýyň emele gelendigini aýdyp, ilaty başagaýlyk dörätmän asudalygy saklamaga çagyrdy.

Şeýle hem ol bu tebigy betbagtçylygyň pidalarynyň sanynyň ýüzlerçe adama ýetmeginiň mümkindigini çaklady.

Çiliniň Konsepsion şäherinden 115 kilometr uzaklykda Ýuwaş okeanda bolan ilkinji ýer yranmanyň güýjiniň Rihter ölçegi bilen 8,8 bala barabar bolandygy habar berilýär. Ondan soň ýene takmynan 25 gezek ýeriň sarsandygy aýdylýar.

Konsepsion şäheri bilen bir hatarda Çiliniň paýtagty Santýago şäherinde hem binalaryň köpüsine zeper ýetendigi habar berilýär.

Habarlara görä, bu ýer titremäniň netijesinde okenda sunami laheň tolkunlary emele gelipdir.

Sunamiden Merkezi Amerikanyň hemme ýurtdaryna, Çilä, Perua hem Ekwadora howp abanýandygy hem duýdurulýar.

Ýapon we Filippin häkimiýetleri hem howply ýerlerden ilaty göçürmek meselesine garaýarlar.

Tekstiň ululygy - +

Kalendar

Iň täze habarlar

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS