Ýekşenbe, Fewral 12, 2012 Aşgabat wagty 07:05

Täzelikler

Orsýetdäki rok konsertine hüjüm edildi

Tekstiň ululygy - +
30.08.2010
Ýekşenbe güni Orsýetiň habar gulluklarynyň beren maglumatyna görä, ýurduň merkezinde geçirilen rok konsertine baran üç müň adama takyr kelleliler hüjüm etdi. Olar tomaşaçylary dürre bilen ýençdiler. Habarlara görä, azyndan 11 adam keselhana ýerleşdirildi.

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesiniň şaýatlara salgylanyp ýaýradan habarynda 14 ýaşly gyzyň öldürilendigi aýdyldy. Emma “Itar Tass” Çelýabinsk welaýatynyň milisiýasyna salgylanyp wakada hiç kimiň ölmändigini mälim etdi.

15 adamyň bidüzgünçilik edenlikde şübhelenilip sorag edilendigini “Itar Tass” milisiýa salgylanyp habar berdi.

Moskwadan 1,400 kilometr uzaklykda ýerleşýän şäherdäki konserte tomaşa edýänlere edilen hüjümiň sebäpleri häzirlikçe anyk däl.

Kalendar