Ýekşenbe, Fewral 12, 2012 Aşgabat wagty 07:04

Täzelikler

Fransiýa Eýranyň metbugatyna reaksiýa bildirdi

Tekstiň ululygy - +
02.09.2010
Sişenbe güni Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Valeron Eýranyň metbugatynyň Fransiýanyň birinji hanymyna garşy şyltak atmalary “kabul ederliksiz” diýdi.

Eýranyň aşa yslamçy “Keýhan” hepdeligi 24-nji awgustdaky sanynda Karla Bruni Sarkozini “jelep” diýip atlandyrdy we onuň Eýranda ölüme höküm edilen zenany goldamagy “hakykatda onuň özüniň ölüme mynasypdygyny görkezýär” diýip ýazdy. Şeýle-de gazet Brunini öňki adamsyndan aýrylyşanlykda aýyplady.

Geçen hepde Fransiýanyň birinji hanymy Eýranda daşlanyp öldürilmäge höküm edilen Aştiýanini goldap hat ýazdy. Bruni Sarkozi Aştiýaniniň boşadylmagy ugrunda öz ýanýoldaşynyň alada edýändigini habar berdi.

Aştiýaniniň işi halkara derejede ünsi çekdi. Eýran bu jeza barada entek gutarnykly karara gelmedi.

Kalendar