Birleşen Ştatlaryň senatorlarynyň täsirli topary, Malaýziýanyň ýolagçy uçarynyň Ukrainanyň asmanynda urlup ýykylanyna bir hepde hem bolmanka, prezident Obama hat ýazyp, Orsýete garşy has gazaply sanksiýa girizilmegine çagyrdy.
Şeýle-de olar öz-özüni jar eden «Donetsk halk respublikasyny» «daşary ýurt terror guramasy» hökmünde hasaba almak barada pikirlenmäge çagyrdylar.
Demokratik partiýanyň öňdebaryjy senataorlary Dianne Feinstein, Robert Menendez we Karl Lewin 22-nji iýulda Obama hat ýazdy.
Üç senator «Donetsk halk respublikasynyň» adam hukuklaryny bozýandygy, şol sanda adam gynamak, asuda adamlara haýbat atmak baradaky subutnamalaryň köpelýändigine ünsi çekdiler.
Şeýle-de bu hatda Birleşen Ştatlaryň Orsýetiň goranmak pudagyna, energiýa we maliýe senagatlaryna garşy has giň sanksiýalary girizmegine çagyrylýar.