Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karimowa öý tussaglygy barada şikaýat edýär


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň bir döwürler täsirli gyzy gizlin ýaýradylan ses ýazgysynda özüniň we gyzynyň öý tussaglygynda saklanylýandygy barada şikaýat edýär.

“BBC” korporasiýasynyň ele salan ses ýazgysynda Gülnara Karimowa özüne we gyzyna “itden hem ýaramaz daralaýandygyny” aýdýar.

42 ýaşyndaky Karimowa geçen ýyl dörän korrupsiýa skandalyna çenli aglaba Ýewropada ýaşaýan baý işewür zenandy. Şol skandallar onuň biznesiniň togtadylmagyna, ençeme hyzmatdaşlarynyň we dostlarynyň tussag edilmegine we özüniň Daşkentdäki öýünde gabawlykda saklanylmagyna alyp barypdy.

Karimowa gürrüňi gidýän ses ýazgysynda özüniň we 16 ýaşyndaky gyzynyň öýüň daşyna çykmagyna rugsat berilmeýändigi we daşarky dünýä bilen hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny belleýär.

XS
SM
MD
LG