Protestçiler telewideniýe stansiýasyna zabt edeninden soň, Pakistanyň premýer-ministri goşun başlygy bilen duşuşdy.
1-nji sentýabrda ýüzlerçe protestçi PTW-niň ofisine urup girdi, emma biraz soň esgerler we ýarym harby güýçler binany arassaladylar.
Premýer-ministr Nawaz Şarif we general Rahil Şarif şondan biraz soň duşuşdy. 1-nji sentýabrda protestçiler, Şarifiň rezidensiýasyna girjek bolup, polisiýa bilen hem çaknyşdylar.
Protestlere oppozisiýadaky syýasatçy Imran Han bilen meşhur ruhany Tahir ul-Kadri ýolbaşçylyk edýär. Olar indi birnäçe hepde bäri Şarifiň işden çekilmegine çagyrýarlar.