Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SIGAR: "Birleşen strategiýa ýok”


Birleşen Ştatlaryň Owganystana syn edýän guramasy ýurduň düşewüntli göknar ykdysadyýeti ýurdy gaýtadan gurmak baradaky tagallalara howp salýar diýip, duýduryş berdi. Şeýle-de, bu gurama Birleşen Ştatlaryň bu problemany talabalaýyk çözmeýändigini belledi.

“SIGAR” atly guramanyň üç aýda bir gezek çap edýän täze raportynda narkotik serişdelerine garşy göreşmek “Owganystanyň, Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň we halkara jemgyýetiniň gün tertibinde güýçli derejede ünsden düşürildi” diýilýär.

Owganystany gaýtadan gurmak boýunça guramanyň ýörite baş inspektory Jon Sopko 28-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda: “Olaryň birleşen strategiýalary ýok. Meniň pikirimçe, owganlara aralaşyp, olaryň hem şu strategiýanyň bir bölegidigine göz ýetirip bolardy” diýipdi.

Şeýle-de, Sopko soňky 13 ýylyň dowamynda narkotik serişdelerine garşy göreşmekde Waşingtonyň 7 milliard amerikan dollary möçberindäki pul serişdäni “bisarpa harçlandygyny” belledi.

Şol bir wagtyň özünde raportda göknar önümçiliginiň 411 müň adamy iş bilen üpjün edýändigi we munuň bolsa Owganystanyň Milli Howpsuzlyk güýçleriniň hödürleýän iş orunlaryndan hem köpdügi nygtalýar.

XS
SM
MD
LG