Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üç gyrgyz zenany tussag edildi


Gazagystanyň milli ýadro kompaniýasynyň tussaglykdaky ozalky başlygynyň gaýyn atasyny pyçaklamaga gatnaşanlykda gümän edilip, Gyrgyzystanda üç zenan tussag edildi.

Geçen hepdäniň soňunda 79 ýaşyndaky Raýkan Alkanow özüniň dogduk mekany Talas şäherinde 18 ýerinden pyçaklanypdy.

Ol häzirki wagt Bişkegiň keselhanasynda saglyk bejergisini alýar.

30-njy oktýabrda Alkanowyň aklawçysy Ýuriý Skatnewskiý habarçylara beren maglumatynda tussag edilen şübheliler bir wagt Alkanowyň öýünde eneke bolup işlän 16 ýaşyndaky gyzyň dogan-garyndaşlarydyr diýdi.

Skatnewskiýniň berýän maglumatyna görä, hüjümiň bolan güni Alkanowyň öýünden 200 müň som, ýagny 3 müň 600 amerikan dollary möçberinde pul ogurlanypdyr.

Alkanowyň giýewi Gazagystanly tütjar Muhtar Džakişew 2009-njy ýylda tussag edilip, oňa korrupsiýa bilen baglylykda 14 ýyllyk iş kesilipdi.

XS
SM
MD
LG