Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Eýrany çeýe bolmaga çagyrdy


Günbataryň Birleşen Milletler Guramasyndaky diplomatlary Eýrany Tähranyň ýadro programmasy boýunça dünýäniň iň kuwwatly alty döwleti bilen geçirilýän gepleşiklerde has çeýe bolmaga çagyrdylar.

Fransiýanyň diplomaty Filipp Bertu (Philippe Bertoux) BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde eden çykyşynda Eýranyň “strategik seçip almalary we batyrgaý kararlary” kabul etmegine zerurlyk bar diýdi.

Britaniýanyň diplomaty Maýkl Tatam (Michael Tatham) Eýrana has çeýe bolmaga çagyrdy we Birleşen Ştatlaryň ilçisi Dewid Pressman (David Pressman) Waşington takyk kesgitlenmedik netije bolmazdan eýranlylar bilen gepleşikleri geçirmez diýdi.

Günbatar diplomatlarynyň 18-nji dekabrda eden bu çykyşy, şu hepde Ženewada Tähranyň ýadro programmasy boýunça Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda geçirilen gepleşikler netijesiz tamamlanmagynyň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG