Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Hüjümde 10 adam öldi


Yragyň paýtagty Bagdatdaky iki gymmatbaha myhmanhananyň golaýynda bombaly ulaglar partladyldy we munuň netijesinde azyndan 10 adam heläk boldy. Bu barada Yragyň resmileri habar berýärler.

Utgaşykly amala aşyrylan ýaly bolup görünýän partlamalar şäheriň merkezinden hem eşidildi. Yragyň Içeri işler ministrliginiň resmisi - bir polisiýa işgäriniň we saglyk çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, bu partlamalarda azyndan 27 adam ýaralanypdyr.

Bu bombaly hüjümleriň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady, emma soňky hepdelerde “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Yragyň paýtagtynda yzygiderli bombaly hüjümleri amala aşyrýarlar.

Gürrüňi edilýän toparyň söweşijileri Yragyň hökümet güýçleri bilen ýurduň paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda söweşýärler. Söweşijiler tarapyndan edilýän raketa hüjümlerinde köplenç daşary ýurtlylar we gurply yraklylar nyşana alynýar.

XS
SM
MD
LG