Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Tolkun: “Ýaşlaryň dilini ýoýmaga ýol açylýar”


Täze Tolkun: “Ýaşlaryň dilini ýoýmaga ýol açylýar”
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle

Türkmenistanda türkmen diliniň doly döwlet dili durumyna eýe bolanyna 20 ýyldan gowrak wagt geçdi. Şol döwürde türkmen ýaşlarynyň türkmen dili bilen bir hatarda rus, iňlis dillerini hem kämil öwrenmelidigi wagyz edildi. Emma şu geçen ýyllaryň içinde ýaşlaryň arasynda türkmen dili boýunça sowatlylygyň alada döredýän ýagdaýlarynyň göze ilip başlandygy aýdylýar. Mysal üçin, daşary ýurtlarda okan ýaşlaryň rus, türk ýa-da iňlis dillerini gowy öwrenip, muňa derek türkmençesini ýitirýän ýa-da türkmençe gowy gürläp we ýazyp bilmeýän halatlarynyň hem köpelendigi aýdylýar. Bu soraglara Täze Tolkun gepleşiginiň nobatdaky sanynda ýokary bilimini daşary ýurtlarda dowam etdirýän türkmen ýaşlary Bahar, Azat we habarçymyz Ýeňiş Hudaýberdi jogap berdi. 

XS
SM
MD
LG