Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

O.Amannyýazowa:"10 ýyllap ahalteke atlaryny öwrenip, içgin gyzyklandym"


Ogulbibi Amannyýazowa.
Ogulbibi Amannyýazowa.

Parižde yaşaýan türkmenistanly zenan Ogulbibi Amannyýazowa Ahalteke atlary barada “Dogandanam ýakyn” atly kitap ýazdy.

Ol ors dilindäki bu kitabynda ahalteke atlary arkaly Türkmenistanyň taryhy barada fransuzlara gürrüň bermegi maksat edinendigini aydýar. Onun pikiriçe, fransuzlar Turkmenistan barada juda az bilýärler. Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere Ogulbibi Amannyýazowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ogulbibi, Ahalteke atlary barada “Dogandanam ýakyn” atly kitaby ýazmak kararyna näme üçin geldiňiz?

O.Annanyýazowa
: Men köp ýyllardan bäri Fransiýada ýaşaýaryn. Emma men Aşgabatda ýaşanymda mydama ahalteke atlary bilen içgin gyzyklandym we bu ajaýyp at bilen meşgullanýan adamlar bilen gowy tanyşlygym bardy. Bu 80-nji ýyllardy we şol döwürde ahalteke atynyň tohumyny goramak baradaky sowal örboýuna galypdy.

Haçanda men Pariže gelenimden soňra, ahalteke atlary bilen gyzyklanýan fransuzlara duşdum. Garaz, men 10 ýyllap ahalteke atlaryny öwrenip, içgin gyzyklandym.

Fransuzlar Türkmenistan barada juda az bilýärdiler. Başga tarapdan, bu ýerde Türkmenistan we onuň taryhy barada juda az bilýändikleri üçin köp ýalňyşlyk goýberdiler.

Ilkibaşky ideýa ahalteke atlary barasynda ähli hakykaty gürrüň bermekden ybaratdy. Emma fransuzlaryň Türkmenistanyň taryhyny asla bilmeýändigi üçin men ahalteke atlary arkaly türkmenistanlylar, şol atlaryň hojaýyny, dosty barasynda kitap ýazmagy karar etdim.

Azatlyk Radiosy: Eýsem, bu kitaby ýazmak ýeňil düşdümi?


O.Amannyýazowa:
Elbetde, ony ýazmak aňsat düşdi diýip bilmerin. Emma, men bu kitaby ýazanymda, özümi egnimde edil agyr ýük bar ýaly duýdum. Şol ýüküň egnimden aýrylmagy üçin men bilýän zatlarymy ýazmalydym. Men türkmen atlary, öz halkym barada hakykatlary ýazyp, adamlaryň olar barada doly bilmegini isledim. Bu kitabyň esasan günbatarly okyjylara niýetlenendigi üçin meniň köp zady jikme-jik düşündirmegim zerurdy. Mysal üçin, türkmenleriň däp-dessurlary, bagşylaryň kimdigi barada gürrüň bermelidim. Mende adalatyň dabaralanmagy üçin şu kitaby ýazmak jogapkärçiligi döredi. Elbetde, muny düşündirmek ýeňil däl.

Azatlyk Radiosy: Ogulbibi, bu kitaby ýazanyňyzda haýsy çeşmeleri ýa-da materiallary ulandyňyz?


O.Annanyýazowa:
Elbetde, çeşmeler örän köp boldy. Olar Türkmenistanda işlän türkmen, ors arheologlarynyň kitaplary, işleri, meniň esasan Parižde tapan rim hem grek antik kitaplarym boldy. Olaryň käbirini fransuz dilinden orsça terjime etmeli boldum. Şeýle-de biziň ülkämizde bolan fransuz, iňlis, ors syýahatçylarynyň, harbylarynyň galdyran ýatlamalaryny hem ulandym. Bularyň arasynda ors dilinde hiç wagt çap edilmedik materiallar hem boldy. Olary terjime etdim. Bulardan başga-da döwürdeşlerimiň şaýat bolan maglumatlaryndan hem peýdalandym. Olaryň biri Mariýa Çerkezowa. Men ony örän gowy tanaýardym.Çerkezowa barada kino hem döretdim.

Azatlyk Radiosy: Ogulbibi, ýeri gelende aýtsak, siz bu kitabyňyzy Mariýa Çerkezowa bagyşlapsyňyz. Näme üçin?

O.Amannyýazowa: Belki, ol türkmenistanly diňleýjileriň ýadyndadyr. Sebäbi Mariýa Çerkezowa ajaýyp, taýsyz zenandy. Ol 83 ýaşady we Aşgabatda oturdy. Çerkezowa bütin ömrüni ahalteke atlaryna bagyşlady we olaryň tohumyny gorap saklamak üçin elde baryny eden spesialistleriň biri boldy. Ol ömrüniň ahyryna çenli atşynaslara we ahalteke atlary bilen gyzyklanýanlara maslahat berdi. Mariýa Çerkezowa bütin ömründe diňe atlar barada pikir etdi. Şoňa görä-de, bular ýaly adamy görmek meniň üçin örän täsirli boldy. Haçanda Mariýa Çerkezowa aradan çykanda, men onuň arkasyndan öwrenen zatlarym barada hökman ýazmaly diýen karara geldim.

Azatlyk Radiosy: Eýsem, siziň “Dogandanam ýakyn” atly kitabyňyzy okyjylar nähili garşy aldylar?

O.Amannyýazowa: Ol barada dürli pikirler boldy. Emma meniň Parižde ýaşaýandygym we kitabym ors dilinde bolansoň, okyjylar bilen az duşuşdym. Yöne käbir fransuzlar bu kitap örän çylşyrymly, uniwersitet üçin ýazylypdyr, başgalar bolsa, bu hakyky kandidat işi diýdiler. Emma ony okamagyň aňsatdygyny we möhüm wakalar barada bolsa-da, ýeňil dilde ýazylandygyny aýdanlar hem boldy. Ol taryhy kitap bolansoň, başda okamak kyn diýen pikirleriň bolmagy mümkin.

Dogrysy, men okyjy üçin aňsat dilde ýazmaga çalyşdym. Bir zenan bolsa, türkmen atlary barada asla maglumatynyň bolmandygyny, kitabymy okansoň, haýwanlary juda gowy görüp başlandygyny we halkymyzyň taryhy barada örän köp zat öwrenendigini aýtdy. Hatda Fransiýada ýaşaýan orsýetliler hem türkmenleriň juda baý taryhynyň bardygyna haýran galandyklaryny habar berdiler. Ýeri gelende aýtsam, meniň kitabymy Moskwadaky “Täze Arbat” kitap öýünden we ondan internet arkaly hem satyn alyp bolýar. Parižde bolsa, üç kitap dükanyndan satyn almak mümkin.

Azatlyk Radiosy: Ogulbibi, geljekki planlaryňyz barada hem aýdaýsaňyz?


O.Amannyýazowa:
Men häzir hem bu kitabymyň üstünde işleýärin we ony fransuz dilli okyjylar üçin taýýarlaýaryn. Garaz, ol taryhy materiallar esasynda ahalteke atlary we onuň hojaýyny, türkmen halkynyň taryhy barada. Emma ol has ýeňil we edebi dilde bolar. Dogrymy aýtsam, bu kitaby ikinji gezek ýazyp bilmejekdigime düşündim.

Azatlyk Radiosy: Ogulbibi, söhbetdeşligimiziň ahyrynda özüňiz barada hem gysgaça gürrüň beräýseňiz?

O.Amannyýazowa: Men žurnalist we Aşgabatda ýaşadym. Meniň geljekki adamym Aşgabada işlemäge geldi we biz 1993-nji ýylda tanyşdyk. Biz şol ýylam Türkmenistandan gaýtdyk. Adamym ilki Türkiýede we soňra Almatada işledi. Häzir köp ýyldan bäri Parižde ýaşaýarys. Iki gyzym bar. Pursatdan peýdalanyp, ähli türkmenistanlylary ýetip gelýän täze 2010-njy ýyl bilen gutlaýaryn. Täze ýylyň diňleýjileriňiziň ählisi üçin hakykatdanam, täze döwür bolmagyny arzuw edýärin. Olara berk jan saglyk, rowaçlyk, optimizm we ajaýyp durmuşa ynamy arzuw edýärin.

Azatlyk Radiosy: Söhbetdeşlik üçin sag boluň!
XS
SM
MD
LG