Geljek programmalar


Walýuta

USD / 
EUR
1,3049
EUR / 
RUB
0,0253
RUB / 
USD
30,285

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Kommentariýa

Ruhy daýanjyň gözleginde

06.01.2010

Türkmen medeniýetiniň, edebiýatynyň kökleriniň örän gadymdan gaýdýanlygy köp sanly ylmy işlerde dünýä belli alymlar tarapyndan ykrar edilen. Eýse, şeýle gadymy kökleri, şöhratly taryhy, beýik mirasy bolan medeniýet täze taryhy döwürde näme sebäpden özüni gorap bilmedi?

Gündogarda türkmen halkyna sarpa goýmaýan ýok. Ata-babalarymyz öz gujur-gaýraty, batyrlygy, harby hünäre ezberligi, ylymda-bilimde zehinliligi bilen Hytaýdan Müsüre çenli aralykda özlerini ykrar etdiripdirler.

Emma olaryň nesilleri häzirki döwürde öz dogduk topragynda başyny çaramakda-da uly kynçylyk çekýärler. Türkmenistanda kese ýerden gelenler türkmenleriň özlerinden has gowy gazanýarlar hem gowy ýaşaýarlar. Ýöne haýsy sebäbe, nähili logika görä keseden gelen ýerli halkdan has köp gazanmaly?

Näme üçin kesekileriň ýer eýesiniň däl-de, ýer eýesiniň kesekileriň elinde işlemegi adaty düzgüne öwrülmeli? Näme sebäpden keseden gelenler Türkmenistanda näçe diýseň, ýokary aýlykly iş tapýarkalar, müňlerçe türkmen aýal-gyzlary, ýaş gelinler Türkiýede, Orsýetde, Ukrainada, Eýranda, arap ýurtlarynda özlerine bir döwüm çörek gözlemeli? Eýse, bu dünýäniň ykdysady tejribesine ters gelýän gödek adalatsyzlyk dälmi nä?

Munuň hut şeýledigi inkär edip bolmajak hakykatdyr. Beýle ysnat döwlet syýasaty, gözçykgynç adalatsyzlyk diňe bakna ýurtlara mahsus. Entek bu milli kemsidilme dowam edýärkä Türkmenistanyň özygtyýarly döwletligi ullakan sorag astynda galýar.

Nädip beýle deňsizlik döreýär?

Näme üçin Orta asyrlarda bütin Gündogary gaýraty bilen baglan halk bu gün öz topragynda kesekä elgarama, erk-ygtyýarsyz hem agzy mumly ýaşamaly? Nädip türkmenlere özleriniň ilden pes bolmalydygyny düşündirip, has beteri-de bu deňsizlige olary kaýyl edip bildiler?! Geçen ýylda gazanylan ýeňişleri we ýeňlişleri ýatlanyňda, ine, şu düýpli soraglar beýniňde öwran-öwran gaýtalanýar.

Elbetde, 2009-njy ýylda ozal eden-etdilik bilen ýapylan Opera we Balet teatrynyň açylmagy, Ylymlar Akademiýasynyň gaýtadan dikeldilmegi – begenerlik wakalar.

Emma ozal bu ylym, medeniýet ojaklaryny, beýleki onlarça guramalary, edaralary diýdimzorluk bilen dargadan näkesiň kimdiginiň aýdylmazlygy - Ylymlar Akademiýasynyň kagyz ýüzünde, Opera we Balet teatrynyň-da hyýaly giňişlikde galmagyna getirýär. Bu faktlaryň jemi bolsa, häzirki özgerişleriň çyndan däl-de, zoraýakdan geçirilýänligini bildirýär.

Temeni haltada gizläp bolarmy?

Eýse, ile belli hakykaty ýene näçe wagtlap ilden gizläp bolar? Temeni haltada gizlemek mümkinmi? «Ruhnamanyň» awtory «öňdengörüji hem paýhasly» bolan bolsa, onda näme sebäpden täze prezident G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelensoň, onuň ençeme kararlaryny ýatyrdy we onuň eden-etdiliklerini düzetmäge mejbur boldy?

Eger-de Türkmenistanyň döwrebap ösmegine ýol açjak bolsa, elbetde, G.Berdimuhamedow mundan beýlägem S.Nyýazowyň gödek, bisowat ýalňyşlaryny düzetmäge we başizmiň zäherli mirasyny köki bilen köwläp, taryhyň zibiline atmaga mejbur bolar. Eger ol bu işi etmese, onda taryh G.Berdimuhamedowyň özi hakyndaky ýatlamany sähelçe wagtdan zibile oklar.

Ak Welsapar garaşsyz žurnalist we ýazyjy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Gara nireden: Wikipedia
07.01.2010 18:50
"Türkmen medeniýetiniň, edebiýatynyň kökleriniň örän gadymdan gaýdýanlygy köp sanly ylmy işlerde dünýä belli alymlar tarapyndan ykrar edilen. "
Avtor shu sozlerini tassyklamak uchin birki sany nusga getirip bilmezmika? Sebabi beydip aydylanda milletin ruhyny galdyrmak uchin aydylyan bosh Niyazov propagandasyna menzeray.

kimden: Ayhan
07.01.2010 19:20
Men pikirimçe yazyjy kabir babatlarda gaty mamla. Name üçin Yaş Türkmen gelin-gyzlary iş tapman daşary yurtlarda Orsda, Türkde işlemage mejbur bolyalar? Türkmenistany dolandyryanlar Türkmenin abrayyny-mertebesini pikir edenoklarmy? Name üçin gazdan-nebitden beyle ummasyz girdeji gelip durka öz yurdunda adamlary iş yerleri, fabrikalar bilen üpjün edip bolanokmyka? Öz yurdunda keseki yaly yaşamak rowamy Türkmene? Bumy adalat, bumy sosial Döwlet? Hany Döwlet adam üçindi ahyry?

kimden: Tünügök nireden: Gunbatar
10.01.2010 20:32



Ildeşler, eger araňyzda türkmenleriň taryhy bilen çyndan gyzyklanýan bar bolsa, onda şu maglumatlary taryhy kitaplardan tapyp bilersiňiz. Maglumat internetde-de köp, kitabam satyn alyp bolýar.

Biziň eramyzdan ozalky III asyrda ýaşap geçen dramaturg we taryhy kommentarileri ýazan grek ýazyjysy Menander şeýle ýazýar: ”Türkler şuny bildirmek isleýärdiler, olarda demir magdanynyň barlygyny we iň gadymy demir magdanynyň öňünde her ýyl mal soýup, uly toý tutýandyklaryny”.

Biziň eramyzyň 568-nji ýylynda Wizantiýa imperatory Justin II tarapyndan Gök türkleriň arasyna ilçi bolup giden Zemarkos öz raportynda türklerde demriň köpdügini we türkleriň özüne demir söwdasyny teklip edendigini ýazýar.

Biziň eramyzyň VI asyrynyň birinji ýarymynda ýaşap geçen Hytaý syýahatçysy Hsuan-tsang öz syýahatnamasynda biziň eramyzyň 630-njy ýylynda Gök türkleriň türk serkerdesi T’ung Ýabgu bilen duşuşandygyny we serkerdäniň özüne demir seki (krowat) sowgat edendigini aýdýar. Hsuan-tsang şol syýahatnamasynda munuň ýaly demir sekiniň Hytaýda ýoklugyny haýran galyp belleýär. Ol döwürde Hytaýda diňe agaç sekileriň bolandygyny tassyklaýar.

Bu ýazgylardan türkleriň taryhda ilkinji bolup demir magdanlaryny gazyp alyp, demirden peýdalanyp başlandyklaryny görse bolýar. Meniň bu ýerde agzan faktlarym örän gadymy hem ygtybarly diýlip hasap edilýän çeşmelerden alyndy. Şo döwürlerde türkmenleriň ata-babalaryna türk diýlendigine düşünmek kynmy? Biziň eramyzyň VIII asyryndan başlap, eýýäm Hytaý çeşmelerinde türkmen sözi hem başgarak görnüşde duşup başlaýar. Has soňrak, X asyrdan başlap, bu etnonim giňden ýaýraýar. Taryh bilen gyzyklanýan adamlar üçin bu faktlar öňden belli.

Tünügök

kimden: Tünügök nireden: Gunbatar
17.01.2010 07:52
mening pikrime gore Turkmenistan osen yutlaryng uly shaherlerinde TURKMEN SHOP adynda dukanler achmaly. we zamana layyklikda, onderyan harytlarynyng 30-40 prosentini osen yutlaryng uly bazarlarinda satiwa chikarmaly. haly-halcha dan tut ta oba hojalik onimlerini dunya bazarlarynda satip bilmeli.


gowysy Halkara Sawda Guramsyna (WTO) agza bolup dunya derejesine osmek uchin olardan hem yardim almali bolar. geping gisgasy osen dunya bile alish-berishi osdurmek hazirki zamanamizing talablarining biri hasaplanyar.

Tünügök
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS