Şenbe, Fewral 11, 2012 Aşgabat wagty 23:20

Kommentariý

Köp garaşylan ajap eýýam gelmedi

Üç ýyl prezidentlik – demokratik döwletlerde ýolbaşçynyň bitiren işlerine baha bermek üçin ýeterlik wagt hasaplanýar. Ýewropanyň, Demirgazyk Amerikanyň hökümetleri gep-gürrüňsiz öz saýlawçylaryna hasabat bermeli.

Multimedia

Audio
Tekstiň ululygy - +
Eger Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň ýa-da ABŞ-nyň prezidenti bolan bolsady, şu geçen üç ýyl içinde ol diňe bir žurnalistleriň önünde däl, ýurduň parlamentiniň öňünde-de gazanylan ähli üstünlikler hem goýberlen ýalňyşlyklar, bitirip ýetişmedik işleri barada ençeme gezek hasabat bermeli bolardy.

Meselem, oňa geçen üç ýylyň içinde S.Nyýazowyň hökümdarlyk eden ýyllary Türkmenistanda bolup geçen wakalar barasynda öz halky bilen örän jogapkärçilikli hem agyr gürrüňe başlap bilmändigini düşündirmek ýeňil bolmazdy.

Iki parallel dünýä

Gurbanguly Berdimuhamedow Nyýazowyň eden hatalarynyň diňe käbirini düzetmäge çalyşýar, ýöne diktaturany açyk tankyt etmek häzire çenlem ýola goýulmady, ol şu günki günem ýok. Düzedilýän hatalaram hiç kimiň göwnüne degmez ýaly ýumşaklyk bilen amala aşyrylýar.

Şol düzedişler üzlem-saplam häsiýetli. Operany, sirki dikeltdiler. “Türkmenbaşy” atlandyrylan tutgaýly adam tarapyndan dargadylan bilim, saglygy saklaýyş sistemasyny aýak üstüne galdyrýarlar. Ýöne öňki režimiň adresine ýekeje tankydy söz aýdylmaýar.

Nyýazow döwründe “halk duşmany” atlandyrylyp, köpçülikleýin repressiýa sezewar edilen adamlar bilen bagly tema doly ýapyklygyna galýar. Onuň golaýyna baryp bilýän ýok.

Şeýlelikde türkmen jemgyýeti iki parallel dünýäde ýaşaýan ýaly bolup görünýär. Bir tarapdan, ýurduň “Täze galkynyşlar eýýamyna” aýak basandygyny, kanunlaryň we hukuklaryň agalygynyň döwlet syýasatynyň esasydygyny ynandyrýarlar. Hukuklar, kanunlar aldygyna öwülýär, “Döwlet – halk üçindir” diýen şygar baş şygar hökmünde ileri tutulýar.

Hut şol bir pursatyň özünde-de ýüz münlerçe adama bu aýdylýanlaryň täsiri ýok. Nyýazowyň ölüminden soňky geçen üç ýylyň dowamynda onuň pidasy bolan adamlar türmelerde jebir çekip ýatyrlar.

Näme üçin şu wagta çenli öňki çykarylan hökümleriň näderejede adalatlydygy, şol hökümleriň halkara standartlaryna näderejede gabat gelýändigi boýunça tutuş bolmasa-da, bölekleýin barlaglar, derňewler geçirilmedi?

Sogrulan dişi bejerip bolmaýar

ABŞ-nyň prezidentligine saýlawlaryň öň ýanyndaky kampaniýada Barak Obama Guantanamodaky terrorizmde güman edilýän adamlaryň saklanýan türmesini ýapmagy wada berdi. Şol türme köp sanly halkara gumanitar guramalaryň tankyt ýassygyna öwrülipdi. Ähli kynçylyklary yzda galdyryp, prezident bolandan soň, Obama şol türmäni mümkin boldugyndan tizräk ýapmaga çalyşýar.

Bu iş üçin halkara jemgyýetçiliginiň üç ýyl garaşmagyny göz öňüne getirmegem kyn. Her bir amatly pursatda bu barada oňa ýatladyp durlar. Indi onuň sypjak ýeri ýok. Onuň beren bu sözünde näme üçin tapylyp bilmändigi barasyndaky düşündirişine gulak asjak ýok.

Barak Obamanyň özi wagtal-wagtal syýasatçy, lider hökmünde saklanmagynda bu meseläniň möhümdigini ýatladýar. Şonuň ýaly jogapkärçilik Berdimuhamedowda barmy? Ýok, ol Nyýazow döwrüniň bendilerini azatlyga çykarmagy çürt-kesik wada bermändi. Ýöne ol watandaşlaryna adalatly hem kanun esasynda garamagy wada beripdi.

Nyýazowyň diriligine ýuwutmak ýa-da türmelerde çüýretmek islän adamlary häzir prezidentiň elinde. Olary diri tapmak üçin howlukmak gerek. Köneleriň bir dana sözüni G.Berdimuhamedowdan başga kim jaýdar ýatladyp biler: sogrulan dişi bejerip bolmaýar ahyryn!

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: gurban
11.02.2010 22:38
+0 / -0
Aleksandr!
-Sogrulan disi hazirki wagtda 1200 euro bilen bejerip beryarler.
-Gurbangulynyn beren sozlerinin biri hem Turkmenbasynyn yzyny yoretmekdi. Onun adyny gara cykarmak daldi. Cunnur oylansaki halk ona Turkmenbasynyn oz adamy diyen ynam bilen ses berdi. Halk maslahatynda bir yasuly'Bu adam Turkmenbasyn adamy, gelin saylaw edip oturman suny prezident edelin' diyipdi. Onsonam Gurbanguly Turkmenbasy barada'Beyik adamdy' diyip gurledi iki yil mumdan ozal. Indem sozuni yzyna alp 'Ol diktatordy, halky gyrdy, bigunaleri tussag etdi' diysinmi?!(Sizin isleyaniz yalnismasam). Bize on yaly iki sozi hokumdar gerek dal hormatly ekspert.
-Beyle tankydyn yoklugynyn yene bir sebabi, ol tankydy Gurbanguly etse, ondan son gelen Gurbbanguly hem tankyt etmage munlerce fakt tapar. Onsonam ol hakykatdanam onki yoldan baryar. Yeke tapawudy WATAN da yignaklaryny doly gorkezmeyar. Gynansakda bu beyle.
-goy biz bu reformalary indika goyaly, ona garasaly. Yokary okuw jaylarymyz su yagdayda dowam etse olam idili bolar diyip bolmaz weli dileg edaymek galyar...

kimden: baherdenli
12.02.2010 16:30
+0 / -0
Onu munu bilemok vlin Berdimuhhammdeva pridentligine 3 yil boldu. Azatlyk radiosynyn we opsitsiya agzalarinin daşari yurtda gezip yorenine nache yil boldu onu sorali? bu opzisiyadki adamalar name ishler bitiryaler pilanlari name onun hakinda hich zat bilemzok. olar dovletin başinda bolsadi nameler ederdiler düzelerdimi okuycular muna inanyami ? mena inanamok
Muňa jogap

kimden: Azatlyk Radiosy nireden: Praga
12.02.2010 17:02
+0 / -0
RFE/RL-niň žurnalistleri erkin metbugat gadagan edilen ýa-da erkin metbugata päsgelçilik döredilýäň 20 döwletiň ilatyna habar berýär. RFE/RL Pragada ýerleşýär. Munuň bilen birlikde, RFE/RL özüniň radio ýa-da telewideniýe arkaly efire berýän ýurtlarynyň (Efir meýdançasy) içindäki ýa-da daşyndaky islendik syýasy partiýadan, häkimiýetdäki ýa-da oppozisiýadaky toparlardan, bosgunlykdaky guramalardan, kommersiýa ya-da aýratyn bähbilti guramalardan we dini guramalardan garaşsyz; şeýle hem belli bir syýasy, ykdysady, ýa-da dini pikir-garaýyşlaryň tarapyny tutmakdan ýa-da ýaýratmakdan üzňe bolmalydyr.

RFE/RL aşakdaky ýörelgelerden ugur alýar:

1. RFE/RL obýektiw habarlary, analizleri hem-de demokratiýa we erkin bazara geçiş döwri üçin zerur bolan ýerli we regional meseleler boýunça çekeleşikleri halk köpçüligine ýetirýär.

2. RFE/RL demokratiki gymmatlyklary nazara alyp raýat jemgyýetçiligini güýçlendirýär.

3. RFE/RL etniki we dini çydamsyzlyklara garşy göreşýär.

4. RFE/RL ýerli media üçin nusga bolýar, media professionallygygny we garaşsyzlygyny güýçlendirmek boýunça türgenleşdiriş arkaly ýardam berýär hem-de ýerli habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.

5. RFE/RL regiondaky ýurtlar bilen dünýäniň ösen demokratiki jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär.

kimden: Watansöyer
16.02.2010 13:50
+0 / -0
Türkmenbaşyn yzyny dowam etdirer yaly, Ol Huday dal-a? Onyn goyweren yalnyşlaryny gaytalap oturmagyn ne hajaty bar?! Türkmenistanda adam haklary, demokrasiya, adalat we hukuk sistemasy gözgyny yagdayda. Şolary düzeltmeli, Türkmenistany kanunyn önünde hemmelerin denhukukly we demokrasiyanyn ösen Yurdyna öwürmeli. Gynansagam hazir bu yok. Gaytam ayagaldygyna şol Gurbangulyny öwüp gidip otyrlar. İkinji bir şahsyyet kulty hiç kime gerek dal-a?! Özüni öwdürip halkyn söygüsini gazanyp bolmaya...
Muňa jogap

kimden: gurban
17.02.2010 20:35
+0 / -0
Wah, birinjisem gerek daldi aslynda. Yone kabir, hat-da koprak zatlar bizin islegimizde ya-da elimizde dal-da. Yone yolbascylary gunaleyanlerin her biri yeri gelende, eger ene-atasynyn arasynda yolsuzlyk edyanleri bolsa, solaram gunalemeli!!! Sebab, bizem sol yolbascylaryn cagalary. Yeke tapawudy, yolbascy nace uly bolsa gunasem sonca uly bolyar

kimden: MEN nireden: WATANYM YOK
16.02.2010 18:09
+0 / -0
Hakyky prezidentin sachyny kraslamaga wagty bolmaz yada sachynyn renkini alada etmez hakyky prezident oz wezipesini halkyny alada eder onki kadyrlary yashuly adamlary ishleder arssa ishlejekleri ishleder kirli ishleyanleri yok eder basmaz oldurmez yoneje yok eder boldy degme haram iyen puly burnundan gelsin diyip orscha CHAYNIK diyyaler hakyky chaynik!!!