Şenbe, Fewral 11, 2012 Aşgabat wagty 23:19

Syýasat

Türkmenistanda oppozision partiýalar döredilip bilner

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda oppozision partiýalaryň döredilmegine resmi taýdan rugsat beriljekdigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi habar berýär.

x
Tekstiň ululygy - +

18-nji fewraldaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş eden prezident Berdimuhamedow, türkmen jemgyýetiniň demokratiýalaşdyrylmagynyň ähmiýetine degip geçip, şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda islendik adama syýasy partiýa gurmaga rugsat beriljekdigini aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşarky dünýä açylmagy babatda demokratiýanyň möhümdigini aýdyp, döwlet bähbitlerini göz öňünde tutjak oppozision partiýalaryň hasaba alynjakdygyny mälim etdi.

Türkmen prezidenti oppozision partiýalaryň döredilmeginiň ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşy üçin möhüm waka boljakdygyny belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda resmi taýdan hasaba alnan ýeketäk partiýa bolan Türkmenistanyň demokratiki partiýasy (TDP) hereket edýär.

TDP 1991-njy ýylda Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň ýurduň Kommunistik partiýasynyň ýerine döredildi we oňa ilki başda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýolbaşçylyk etdi.

Nyýazowyň 2006-njy ýylyň dekabr aýynda aradan çykmagy bilen 2007-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedow bu partiýanyň täze ýolbaşçysy boldy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: gurban
19.02.2010 10:25
+0 / -0
Bu karar Turkmenistan ucin gaty mohum waka. Yone gapyny acyp cagyrmak basga zat, gapydan girenden sonam gumuni cekmek basga zat. Yokary dowlet isgarlerinden basga hic kime syyasat temasyna girmage rugsat berilmeyan yerinde Oppozisiya nadip rugsat berilsin. Ne bir syyasy gurama, ne pikir azatlygy ne-de metbugat azatlygy bolmadyk yerde beyle zat hekaya. Dine oppozisiya cykyp, 'Hormatly Prezidentim, Uzak yasan!'-diyer yorer. Internetde giryan saytyna cenli yzarlanyan, hat-da kabir saytlaryn bloglanyan yerinde oppozisiya we demokratiya azrak uzagrakda galyar.

kimden: Adalat nireden: Asgabat
19.02.2010 14:02
+0 / -0
Gowy habar, yone ilki bilen metbugat, soz azatlygyna yol berilmeli. Sonda Berdimuhamedowyn aydanlarynyn gury soz daldigine ynanyp bolar. Garassyz zurnalistlerin isine bowet doredilmese, erkin, basga pikirlere yol berilse, yurtda oppozision partiyalary doredip biljek gosmaca guyc hem gaty calt emele gelerdi.

kimden: Atsyz nireden: Stambul
19.02.2010 17:59
+0 / -0
Aý onyň "oppozisiyon" partiýa döretmeginiň nähili boljagyny göz öňüne getirmek kyn däl. Uzaga gitse, häzirki DemPartiyanyn wepaly bir goly bolar. Hakyky oppozisiya bolsa öňkisi ýaly ýol berilmez. Emma men şoňada ýetjegine ynanamok dogrusy. Boş gürrüň. Öňki yolbaşçyda şeýle gürrüňleri etmegi halardy.

kimden: Watansöyer nireden: Türkmen Diyary
20.02.2010 19:34
+0 / -0
Bu Türkmenistanda gowy başlangyç bolar. Yöne entek çakdanaşa begenmek üçin gaty ir. Sebabi Türkmenistanda Yewropa standartlarynda Syyasy Partiyalar Kanuny barmy, söz we metbugat azatlygyna rugsat beriljekmi, aç-açanlyk boljakmy? Şular yaly ençeme soraglar anyk jowaplar garaşyar. Yogsa göz üçin Hökümete bagly emeli partiyalar boljak bolsa partiyanyn we demokrasiyanyn hiç hili ahmiyeti bolmaz. Berdimuhammedow Yygnakda özüne yazylyp berilen zatlary yalnyşman okady. aydan zatlary öz pikiri dal, sahnanyn arkasyndaky esas oyunçylaryn pikiri. Kabir zatlary üstüne basyp, nygtap aytdy. Milli bahbitlere we Kanunlara ters gelmese isleyan hemme kişi TDP partiyasyna basdeş taze partiyany gurup biler diydi. Emma bu partiyalara kanun bilen doly garantiya beriljekdigi hakda kelam agyz aytmady. Gynansak-da bu pikirin eyesi Türkmenistanyn hazirki Prezidenti dal. İdeyany öne sürenler Hramow, Zadan, Umnow we Garryyew dagylar. Awtoritar-totelitar pikirli, Yurdy esas dolandyryan adamlar. Prezidentem şol wezipa getiren şol adamlar. Onson olaryn orta atan pikirinden nadip sözün doly manysynda DEMOKRASİYA garaşjak?! Dörejek taze partiyalara-da indiki saylawlarda biragyzdan Berdimuhammedowa ses beryas diydirerler. Berdimuhammedowam göterip, gowy edip ulanyalar. Yogsa aladalary, Yurtda demokrasiya, adam haklary ya-da söz-metbugat azatlygy dal. Hemmesi oyun. Halkara jemgyyetinin we Türkmen halkynyn gözüni boyamakdan başga işe yaramajak içi boş sözler hemmesi...