Şenbe, Fewral 11, 2012 Aşgabat wagty 23:33

Jemgyýet

Prezident hakdaky kitap üç dilde

Şu günler ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň rus, iňlis we nemes dillerindäki nusgalarynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.

Tekstiň ululygy - +
Bu kitabyň türkmen dilindäki nusgasy iki aý mundan öň çap bolupdy. Gysga wagtyň içinde Türkmendöwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary poligrafik usulda eýýäm üç dilde aýry-aýry nusgada neşir edilen bu eseriň şöhraty gaty belentlere aşýar.

Rus, iňlis we nemes dillerinde neşir edilen bu kitabyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy 18-nji fewralda Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň aktlar zalynda geçirildi. Bu dabara ýurduň hökümetiniň agzalary, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň birinji bölüminde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýew hakynda söhbet edilýän bolsa, onuň beýleki bölümlerinde ýurduň prezidentiniň alyp barýan daşary hem-de içeri syýasaty barada gürrüň berilýär.

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň aktlar zalynda geçirilen «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň üç dildäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamy indi ýurduň ähli edara-kärhanalarynda dowam etdirilýär.

Kitaby ýazan kimkä? Tanyşdyrylyş dabaralarynda ähli kişini hut şu sowal hem gyzyklandyrýar.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň awtory Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow. Awtor bu eseri üçin geçen ýyl Türkmenistanyň prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» baýragyna—bir müň amerikan dollaryna mynasyp hem boldy.

Muňa garamazdan, tanyşdyrylyş dabaralarynda kitabyň awtory hakda ýekeje agyz-da gürlenilmeýär. Munuň-da esasy sebäbi kitabyň awtoryna däl-de, eseriň gahrymanlaryna has köp ünsüň çekilmegini gazanmak üçin diýlip düşünilýär.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Ayhan
25.02.2010 19:33
+0 / -0
Haysy arzuwy amala aşyryaka Berdimuhamedow? Atalarynyn haysy arzuwy bilen onyn arzuwy gabat gelyarka? Yurtda adam haklaryny basgylamakmy, söz we metbugat azatlygyny nol edip goymakmy, dünyade demokrasiyasy in yzagalak yurt bolmakmy, bilimde we sungatda ösüşi nola barabar bolmakmy, işsizligin 60 prosent bolmagymy, kanun we hukugun işlemeyandigimi, adamlaryn hal-yagdayynyn yaramaz bolmagymy? Aytsana haysy arzuwy amala aşyryarka bu gaty çakdanaşa akylly hem şöhratparaz agtyk?