Ýekşenbe, Fewral 12, 2012 Aşgabat wagty 00:05

Türkmenistan

Berdimuhamedow reformalara täzeden ünsi çekdi

1-nji martda Türkmenistanyň prezidenti, ýurduň harby güýçleriniň Baş Serkerdebaşy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirdi.

x

Multimedia

Tekstiň ululygy - +
Maslahatda «türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratizasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan» hukuk goraýjy organlaryň işi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu maslahatynda prezident Berdimuhamedowyň ýurduň sosial-ykdysady durmuşyndan başlap, bilim, saglygy saklaýyş we medeni pudaklaryna çenli ähli pudaklarynda düýpli reformalaryň amala aşyrylýandygyny nygtamagy aýratyň ünsi çekdi.

Berdimuhamedow, hususan-da, türkmen halkynyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen özgerişlikler prosesiniň uzak obalara çenli tutuş ýurdy gurşap alandygyny nygtady. Emma, prezidentiň bu sözlerine garamazdan, köp ýerli synçylar «tutuş ýurdy gurşap aldy» diýilýän özgerişlikler prosesiniň anyk netijeleriniň kän bir göze ilmeýändigini belleýärler.

Ýöne prezident Berdimuhamedow bu ugurda heniz edilmeli işleriň hem az däldigine ünsi çekip, «reformalaryň täze etapynda» ynsan hukuklary boýunça halkara talaplaryna laýyklykda hukuk goraýjy organlaryň işi baradaky kanunçylyklary ösdürmekligiň, jenaýat-prosessual kanunçylygyny liberallaşdyrmaklygyň, türmelerdäki ýagdaýlara jemgyýetçilik gözegçiligini artdyrmaklygyň, agyr jenaýatlar üçin berilýän tussaglyk möhletlerini azaltmaklygyň, sud proseslerinde adwokaturanyň roluny we ähmiýetini güýçlendirmekligiň, bu prosesler boýunça gözegçilik geňeşlerini döretmekligiň we köpsanly beýleki reformalaryň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Döwlet lideriniň bu nygtan meseleleri belli bir derejede halkara guramalarynyň we ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň öňe sürüp gelýän meselelerini hem öz içine alýar.

Türkmenistanda häkimiýeti dolandyrýan partiýadan başga-da syýasy partiýalaryň döredilmegine rugsat ediljekdigi barada 18-nji fewralda prezident Berdimuhamedow tarapyndan orta atylan pikir hem ýurduň içinde we daşynda uly seslenmeleri döredipdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynyň dowamynda düýn harby we hukuk goraýjy organlaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlary hem diňlenildi.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Türkmen Ogly
02.03.2010 14:35
+0 / -0
Hemmesi boş sözler.Nadip galkynyş Yurdun hemmesini gurşap aldyka? Ya Yaşulynyn Yurt Sözünden düşünyan zady Aşgaabt bilen Gökdepeden ybaratmyka? Gelsen meselem Yurdun ullakan Mary welayatyna gelip görsün. Açylyş üçin dal, yagdayy yerinde görmek üçin. Türkmenistanyn senagat we oba -hojalyk taydan uly potensiyala eye bolan Murgap etrabyna gelip görsün. İşsizligi, halkyn yagdayyny görsün. bu işler yazylan zatlary okap boş sözler berip aram-aram açylyş edip özüni öwdürer yaly ansat dal. Gelsin öz gözi bilen halkyn yagdayyny, kynçylyklary yerinde görsün. Onsonam meselani çözmek üçin gije-gündüz alada etsin! Eger tutuş Yurdun yolbaşçysy bolyan bolsa... Türkmen Ogly Maru-Şahu-Jahan Murgap.
Muňa jogap

kimden: Begenç Lebaply nireden: Türkiye
05.03.2010 15:38
+0 / -0
Dogry aydyan türkmen ogly!Bu yagday dine bir Maryda dal Asgabatdan başga hemme yerde 5 welayatyn 5isinde de sol bir waka... İşsizlik, pulsyzlyk, para almaklyk türkmenistanda eyyam adaty zat hökmünde garalya

kimden: Ayhan
03.03.2010 17:45
+0 / -0
Reformalara ünsi hemişe çekmeli. Sebabi başy başlanan we tutuş Türkmen halky tarapyndan dowamyna garaşylyan Taze Galkynyşlar we Reformalar Zamanasynda halk yolbaşçylardan halkyn hal-yagdayy, durmuş derejesi we umumy ösüşi bilen bagly meselelere çynlakay çemeşeleşmegini isleyar. Hayal-yagal ya-da göwünsiz dal-de, göwnejay, çynlakay we dogumly çemeleşilmegini isleyar. Bu babatda DEMOKRASİYA babatynda 3 yyl mundan ozal Prezident wezipesine oturan wagty beren sözlerinde durmagyny isieyar. Çünki demokrasiya Türkmen halkynyn Garaşsyzlygynyn we Millet hökmünde dünyadaki abrayynyn hem baş kepili hem ynamly gararntiyasy bolup duryar. Halkynyn erk-islegine sarpa goyyan we ösen demokrasiyany baş yörelge edinen Milletlerin Garaşsyzlygam Geljegem has ygtybarly hem umytdan doly bolyar. Millet hökmünde önümüzde goyan maksatlarymyza dine şeylekin ynsanperwer yollar bilen çyn yürekden Watanymyza hyzmat edip yetip bileris...
Muňa jogap

kimden: Hakykatçy nireden: Türkiye
05.03.2010 15:47
+0 / -0
ayhan!Birinjidena Demokrasiya dal demokratiya diyilya ikinjidenem Türkmenistanda hakyky demokratiya entek dasary yurtlarda okan taze nesiller tarapyndan amala asyrylaymasa su yagdayda Türkmenistanda demokratiyanyn sözüni etmek bolgusyz zat we gülkünç... Sebabi Sowet soyuzynda yetişen syyasatçylaryn hazirki zaman politikasyna an-dusunjesi yetmeya.Neslin tazelenmesi gerek

kimden: Watansöyer
03.03.2010 19:15
+0 / -0
Eyse Türkmenistanda welayatlara we ayratynlykda her bir adama Döwlet derejesindde den derejede gaarlmayandygyny bilmeyan barmy. Bu bir fakt, ap-açyk hakykat. Esasan Aşgabada we töregine üns berilyar, Yurdun beyleki sebitleri üns merkezinde sonky orunlarda duryar. Bulam Yurdy dolandyryanlaryn İQ-lerinin pesgigini we Döwlet işgari hökmünde yeterlik akyla eye daldigini görkezyar. Akylly Hökümet, Akylly Döwlet, Akylly Hakimlik Yurdun ahli sebitlerinin potensiyal taydan öndürijilik we iş ukubyny ayry-ayry degerlendirip, ayry-ayry göz önüne tutup olar üçin has kamil we peydaly strategiyalar döredip, ony doly durmuşa geçirer. Hatda her bir adamy gyzyldan gymmat hazyna hökmünde görüp Onyn an-düşünje, ukyp we başarnygyny doly ulanmasy üçin serişde sarp eder we adamlary döredijilik we zahmet yolunda ruhlandyrar. Boş sözler ya biderek öwgüler bilen dal-de, durmuşdaky real hakykatlara esaslanyan hakyky Watançylyk ruhy bilen ruhlandyrar. İne, Türkmenistan Yurdumyza şu günki gün şular yaly gözel ideyalar we akylly adamlar gerek.

kimden: Hakykatçy nireden: Türkiye
05.03.2010 15:53
+0 / -0
türkmenistanda taze partiya açylsa gowy boljak öza... Menin yaşym yetenson şol partiya goşularyn.Adalatly döwletin fundamenti bolar taze partiya we elbetde reforma gerek bolar.
'Döwlet adam üçindir' diyyar berdimuhammedow emma göryas welin döwletin şu bolşy 'Döwlet hut bize-çinowniklere hyzmat edyar' diyen yaly.....

kimden: merdan nireden: turkiye
10.03.2010 00:32
+0 / -0
bilemok...aklyma bir shubhe geldi.name ucin dine ashgabat shaherine uns berilyar?name ucin onki oba gypjak,gokdepe shuwagt welayat shaherlerinden has owadan?turkmenistany hamala dine bir tire yada bir mashgala dolandyryan yaly.monarhiya...belki dine shubhedir cyn daldirda herna....