Ýekşenbe, Fewral 12, 2012 Aşgabat wagty 00:04

Jemgyýet

Jenaýat-prosessual kanunlar liberallaşdyryljak

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 1-nji martda geçiren maslahatynda ýurduň kanuny goraýjy organlaryny reformirlemegiň maksatlary kesgitlendi. Hususan-da kanuny gorýajy edaralaryň ynsan hukuklary boýunça halkara kanunlaryna laýyklykda işini kesgitleýän kanunlaryň kämilleşdirilmeginiň zerurulygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi

Multimedia

Audio
Tekstiň ululygy - +
Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda mälim edilişine görä, ýurduň kanuny goraýjy edaralarynyň işiniň ynsan hukuklary boýunça halkara kanunlaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini kesgitleýän kanunlary kämilleşdirmek ugrundaky reformalaryň täze tapgyrynda jenaýat-prosessual kanunlary liberallaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Prezident G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, türmelerde we koloniýalarda tussaglaryň saklanyşyna jemgyýetiň has giňden gözegçilik etmegi, agyr jenaýatçylyklar üçin maksimal jeza möhletini gysgaldyp, 25 ýyldan 15 ýyla getirmek, jeza hökmünde pul jerimesini girizmek, sud işlerine garalanda aklawçylaryň roluny we ähmiýetini güýçlendirmek, gözegçilik geňeşlerini döretmek we tussaglar üçin zähmet terbiýesini girizmek hem munuň üçin koloniýalarda dürli kärhanalary döretmek ýaly özgerişlikleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Türme sistemasyndaky ýagdaýy özgerdip bilermi?

Türkmenistanda milli kanunlary reformirlemek ugrunda göz öňünde tutulýan çäreler, hususan-da, tussaglaryň saklanýan şertlerine jemgyýet tarapyndan gözegçiligi güýçlendirmek çäresi ýurduň agyr we eden-etdilikli türme sistemasyndaky ýagdaýy özgerdip bilermi?

Ynsan hukuklary boýunça “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýow Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň berýän wadalary ýerine ýetirilse, munuň makullanmaga mynasyp ädim boljagyny belläp, emma tussaglaryň saklanýan şertlerine jemgyýetçiligiň gözegçilik etmegi üçin şu günki gün Türkmenistanda şert ýok diýip, pikir edýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjynyň sözlerine görä, jemgyýetçilik gözegçiligi üçin şertleriň ýokdugy tussaghanalardan daşgary ýurtdaky beýleki möhüm prosesslere hem degişli.

“Ýurduň içinde ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň ýokdugy, olary döretmäge mümkinçiligiň-de berilmeýänligi hakykaty doly suratlandyrýar. Halkara guramalaryna gezek gelende-de, olar Türkmenistana goýberilmeýär” diýip, Witaliý Ponomarýow aýtdy.

Türme sistemasynda aç-açanlygy üpjün etmek üçin garaşsyz halkara synçylaryny ýurda goýbermek, olaryň türmelere baryp görmegine rugsat bermek çagyryşlary halkara guramalary tarapyndan ýyllar boýy türkmen häkimiýetleriniň adyna edilip gelýän esasy çagyryşlaryň biri.

Dünýä ýurtlarynyň syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady we sosial ýagdaýlaryna baha berýän iri halkara guramalarynyň hasabatarynda hem raýatlaryň hak-hukuklarynyň berjaý edilişi, kanunlaryň işleýşi we ýustisiýa-adalat sistemasynyň işleýşi esasy kriteriýalaryň biri bolup durýar. Şeýle hasabatlarda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistana dünýä ýüzünde iň ýapyk ýurtlaryň biri diýen baha berlip gelinýär.

Türkmenistan halkara guramalary bilen ýakynlaşýar

Türkmenistanyň awtoritar režimli Merkezi Aziýada hatda “Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý” guramasyny hem öz türmelerine goýbermeýän ýeke-täk ýurt bolup durýanlygyny ynsan hukuklaryny goraýjylar belläp gelýärler.

Şol bir wagtada-da 22-nji fewralda “Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý” halkara komitetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň resmi wekilleriniň Aşgabada sapary boldy.

Guramanyň türkmen tarapy bilen geçiren gepleşiklerinde, hususan-da, halkara gumanitar kadalaryny Türkmenistanyň milli kanunlaryna girizmek we “Gyzyl ýarymaý” milli jemgyýetiniň statusy boýunça kanunyň proýektini taýýarlarmak meselesi maslahat edildi.

Türkmenistanyň adalat sistemasynyň işiniň we türmelerdäki ýagdaýlaryň özgermegi üçin ýagdaýa halkara we garaşsyz derejede syn edilmeginiň we bar bolan problemalaryň paş edilmeginiň zerurlygyna synçylar ünsi çekýärler.

Türkmenistanyň türmelerindäki ýagdaý boýunça ýakynda ýaýradylan hasabatyň awtorlarynyň biri “Türkmen inisiatiwasy” gurmasynyň müdiri Farid Tuhbatullin, türkmen häkimiýetleri tarapyndan ünsüň artdyrylmagynyň ýagdaýyň özgerjegine umyt döredýänligini aýtdy.

Tuhbatullin hakyky özgerişlikleriň peýda bolup başlamagy üçin bar bolan pasgelçilikleri çynlakaý öwrenip, döwlet tarapyndan gözegçilik edýan organlaryň derňew geçirmeginiň ähmiýetini hem belledi.

Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, ýurduň adalat sistemasynda aç-açanlygyň emele gelmegi we türmelerdäki şertleriň gowulanmagynyň öňünde duran päsgelçilikleriň biri korrupsiýa bolup durýar.

Tussaglary zähmet we terbiýe prosesine çekmek

Howpsuzlyk Geňeşiniň 1-nji martda geçirilen maslahatynda tussaglary zähmet we jemgyýetçilik terbiýe prosesine çekmegiň ähmiýeti hem bellenildi.

Prezident G.Berdimuhamedowyň pikirine görä, kanundan çykan raýatlaryň kadaly durmuşa dolanyp gelmegine ýardam bermekde jemgyýet hem çetde durmaly däl.

1-nji martda Türkmenistanda neşä garaşly tussaglar üçin reabilitasion ýardam beriji merkez açyldy. Tejen şäherinde açylan we Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine tabşyrylan bu merkeziň gurluşygy Ýewropa Bileleşigi hem BMG-niň Ösüş programmasy tarapyndan Merkezi Aziýada neşä garşy programmanyň çäginde amala aşyryldy.

Proýektiň esasy maksadynyň neşä garşy göreş boýunça Ýewropa tejribelerini dowamly ýaýratmakdan ybaratdygy BMG-niň resmi maglumatlarynda aýdyldy.

Maglumata görä, Tejende açylan täze merkeziň gurluşygyna we abzallaşdyrylmagyna 203 müň ýewro sarp edilipdir.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Witaliý Ponomarýow Türkmenistanyň gumanitar ugrundan halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça ädýän ädimlerini ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek ymtylmalary bilen baglanyşdyrýar.

Ponomarýow ýurduň hakyky hem düýpli özgerişlikler ýolundan gadam basmagyna syýasy sistemanyň öňküligine dolandyrylmagynyň päsgel berýänligini belledi.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň Mejlisine we Adalat ministrligine ýurduň täze “Jenaýat” we “Düzediş-zähmet” kodekslerini taýýarlamak tabşyrygy berildi.

Täze kanunlarda, hususan-da, günä geçiş boýunça komissiýa günä geçiş sanawlaryna neşe söwdagärlerini goşmazlyk ygtyýarlygyny bermek göz öňünde tutulýar.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: MERT
03.03.2010 14:33
+0 / -0
Bular gowy başlangyçlar, yöne eger Türkmenistanda edil hazir kagyz yüzünde dowam edyan kanunlar hem iş yüzünde doly durmuşa geçirilse köp meseleler doly çözgüde gowuşardy. Öni bilen Türkmenistanda parahorlyk doly yatyrylmaly. Türkmen halkynyn ADALATA hem DÖWLETE bolan ynamyny gazanmak üçin hakyky Hukuk Döwletinde bolşy yaly - Zalymlaryn we Diydimzorlaryn dal-de, Adalatyn we Kanunlaryn güyçli bolan Taze Türkmen Hukuk Sistemasyny döretmeli. Yurtda Kanun doly işlemeli. Ondan sonam Yurtda aç-açanlygy or-naşdyryp, haramlyk edenlerin Kanunyn önünde hasap bermegi amala aşyrylmaly.Umuman entek aydara köp zat bar, yöne wagt az.

kimden: MERT
03.03.2010 14:37
+0 / -0
Arzuwymymyz Yurdumyzda hemme zat gowy bolsun nesip bolsa. Allajanyn özi gowusyny etsin! Türkmen halkyny öz penasynda aman saklasyn, Hudayym!

kimden: aman nireden: ewropa
03.03.2010 18:01
+0 / -0
Gynansagam Türkmenistandaky Minstrlikler bilen olaryn atlary bir birine gelishmeyär.Meselem Adalat minsterligi adalat yok ol yerde.Dine parahorluk.Bilim minsterligi-Haysi bilim bar?Näche sany patent alyndy Türkmenistanymyzda?Ya da Goranysh minsterligi,kimden kimi gorayarlar? Barmy Türkmenistanyn özüne degishli bir yaragi?Nämemish Bitaraplykmysh.Shwezaria bitarap dälmi?Bütin dünya yarag satyar Shwezaria.Hachan Türkmenistanymyzy dünyä standartynda bir döwlet diyip hasaplarys?Ya-da elmydama diktatorlaryn yurdy diyilp taryha yazylarmyka?

kimden: Türkmen Ogly nireden: Türkmenistan
03.03.2010 18:58
+0 / -0
Gaty dogry. Gynansagam Türkmenistanda Ministrlikler bilen edyan işleri düybünden gabat gelmeyar. Adalat M-inde ADALATDAN başga hemme haram düzgünler bar. Goranmak Ministrligi namanin gorayar, onam Huday bilyar. Bilim we Saglyk Ministriligi-ha bizin eramyzdan ön 15-nji asyrlary başdan geçiryar. Olar-a şol döwürlerde gezip yör, yolbaşçylarynyn bary parahor, o tayda-hi adyny tutan haramlygyn bar. Aslynda bu ysnat we haramzadalara we olaryn yolbaşçylyk edyan pudaklaryna Ministrligem diymek dogry dal welin. Resmi ady şon yaly-da. Yogsa haramlykdan başga göze görünip duran hiç bir funksiyasy yok welin.... Haysy yurtda okayan oglanlara sorap görayin. Yönekey rayatlardan mollumlara çenli Türkmenistanda korrupsiyanyn- haramlyk we parahorlygyn ösendigini eşitdik Dogrumy? - diyip sorayalar. Yaranjan we yallaky (.......) göteryan bir topar haramzadalar sebapli Dünyade Türkmenin yüzi gyzaryar.....