Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Türkmenistan

“Nabukko” proýekti näme üçin uzaga çekdi?

05.03.2010

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ýewraziýa energiýa syýasaty boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar Aşgabada sapar etdi.

3-nji martda Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşygynda amerikan resmisi ýangyç- energiýa pudagy boýunça hyzmatdaşlyk temasyny maslahat etdi. Energiýa hyzmatdaşlygy meselesi Türkmen prezidentiniň 2-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörte wekili Pýer Morel bilen gepleşiklerinde hem maslahat edilipdi.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow we ABŞ-nyň Ýewraziýa energiýa syýasty boýunça ýörite wekili Riçard Morningstaryň arasynda Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde taraplar konstruktiw dialogy güýçlendirmäge we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Riçard Morningstar dünýäniň iri kompaniýalarynyň, şol sanda ABŞ-nyň kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen ýangyç-energiýa pudagynda gatnaşyklary güýçlendirmäge uly gyzyklanma bildirýänligini aýtdy.

Ýewropa kompaniýalarynyň Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky proýektlere gatnaşmaga uly islegini Türkmen tarapy bilen 2-nji martda duşuşan Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Pýer Morel hem mälim edipdi.

Gözler ýene “Nabukkoda”

Merkezi Aziýa boýunça syýasy bilermen Artýom Ulunýan Günbatar döwletleriň Türkmenistan bilen gepleşik prosesiniň täze tapgyryna girişmeginiň sebabini Orsýet bilen gatnaşyklaryň kesgitsizliginden barha güýçli aladalanýan Ýewropa Bileleşiginiň “Nabukko” proýektine esasy ugur hökmünde çemeleşip başlamagynda görýär.

Bilermenler Türkmenistanyň Günbatar döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň öňünde dürli päsgelçilikleriň bardygyny aýdýarlar.

Energiýa meseleler boýunça Rumyniýaly bilermen Dan Susionyň sözlerine görä, päsgelçilikleriň biri zerur infrastrukturanyň ýoklugyna bagly. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara energiýa hyzmatdaşlygy esasan “Nabukko” proýektiniň geljegine garaşly.

Türkmenistan “Nabukko” proýektine gatnaşmaga taýýarlygyny açyk yglan etmedik hem bolsa, ýurduň öz tebigy baýlyklaryny dünýä bazarlaryna, şol sanda Ýewropanyň energiýa bazaryna çykarmak boýunça proýektlere goşulmaga taýýarlygyny mälim edip, Ýewropa tarapy bilen dialogyny güýçlendirmegine, şeýle-de soňky döwürde Aşgabadyň “Nabukko” proýektini aktiw goldaýan Baku bilen özara dawalaryny çözmäge isleg bildirmegine synçylar Türkmenistanyň “Nabukko” boýunça oňyn karara gelmeginiň alamaty hökmünde garaýarlar.

2008-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energia ugrunda birek-birege düşünişmek we hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol goýdy.

“Sazlaşyksyz hereket”

Dan Susio regionyň energiýa serişdeleriniň potensial hyrydary bolan Ýewropa Bileleşigi we “Nabukko” proýektine syýasy goldaw berip gelýän Birleşen Ştatlaryň arasynda Merkezi Aziýa regiony bilen energiýa gatnaşyklary meselesinde sazlaşykly hereketleriň kemçilik etmeginiň-de Türkmenistanyň Günbatar döwletleri bilen gatnaşyklarynyň ösüşine päsgelçilik berýän ýene bir mesele bolup durýanlygyny belledi.

“Biz täsin bir ýagdaýy görýäris, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda tagalla edip, esasy
Ýewropa tarapynyň bu ugurdan görýän çäreleri, hereket etmekden däl-de, meýilnamalardan ybarat bolýar.
goldaw berip gelýän tarap regionyň energiýa serişdeleriniň potensial hyrydary hasaplanýan Ýewropa Bilelşiginiň özi däl-de, ABŞ bolup durýar. Ýewropa tarapynyň bu ugurdan görýän çäreleri, hereket etmekden däl-de, meýilnamalardan ybarat bolýar” diýip, Dan Susio aýtdy.

Gaz geçirijileriniň gurluşygynyň köp wagty we uly maýa goýumlaryny talap edýän prosesdigini bilermenler aýdýarlar. Munuň hem “Nabukko” ýaly iri proýektleriň durmuşa geçirilmegini kynlaşdyrýanlygyny belleýärler.

Şol bir wagtda-da Türkemenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça 2006-njy ýylda ylalaşyk baglaşylyp, 2009-njy ýylyň aýagynda-da ol işe girizilipdi.

Dan Susio muny Merkezi Aziýanyň energiýa serişdelerine uly gyzyklanma bildirýän Hytaýyň türkmen gazyny satyn almaga we maýa goýumlaryny ýatyrmaga uly islegi bilen düşündirýär. Emma munuň Ýewropa Bileleşiginde şeýle islegiň ýokdugyny aňlatmaýanlygyny, esasy kynçylygyň proýekte ýeterlik syýasy goldawyň berilmeýänligi bilen baglydygyny Dan Susio belledi.

Bilermeniň pikirine görä, Ýewropa Bileleşiginiň ençeme ýürtlary “Günorta akym”, “Demirgazyk akym” ýaly proýektlere gatnaşmak bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşýarlar we öz bähbitleri ugrunda hereket edýärler. Bu bolsa Ýewropa Bileleşiginiň möhüm halkara proýektlerine syýasy goldawyny gowşadýar.

“Demirgazyk akym” we “Günorta akym” proýektleri Orsýete degişli. Baltika we Gara deňziniň düýbünden geçýän geçirijiler arkaly “Gazprom” öz gazyny Germaniýa we Bolgariýanyň üstünden Italiýa akdyrmagy göz öňünde tutýar.

“Nabukko” proýektiniň perspektiwalary


"Nabukko" boýunça Ankaradaky gol çekişlik dabarasy, 13-nji iýul, 2009-njy ýyl.

Rumyniýaly bilermen Dan Sucio “Nabukko” proýektiniň şowly bolmagyna ähli mümkinçilikler bar diýip pikir edýär, onuň gurluşygyny uzaga çekdirmek bilen Ýewropa Bileleşiginiň wagty boş ýitirýänligini belleýär.

Türkmenistanyň Günbatar döwletleri bilen geçirýän gepleşikleri barada, adatça, çäkli maglumat berilýär. Artýom Ulunýan häzirki wagtda taraplaryň özara gepleşiklerinde has takyk meseleleriň maslahat edilip başlanjagyny çak edýär.

Analitigiň sözlerine görä, şeýle meseleler gaz önümçiligine degişli proýektleriň Ýewropa tarapyndan maliýeleşdirilmegine, önümiň we gaz söwdasynyň girdejileriniň bölünişigine, şeýle hem proýektiň çykdajylarynyň ödelmegine degişli bolup biler.

Merkezi Aziýadan Ýewropa Bileleşigine tarap Orsýetiň daşyndan geçýän “Nabukko” gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak boýunça 2009-njy ýylda gol çekilen ylalaşygy bilermenler öňe tarap ädim hökmünde kabul edipdiler.

Türkiýäniň paýtagty Ankarada baglaşylan bu ylalaşyga Türkiýe we Ýewropa Bileleşiginiň agzalarynyň dördüsi, ýagny Bolgariýa, Rumyniýa, Wengriýa we Awstriýa gol goýupdy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Ayhan
05.03.2010 17:42
+0 / -0
YB bilen ABŞ arasynda sazlaşykly hereket yok. Bir maksda yetmek üçin bile hereket etmesen, hemme kişi öz bilenini okasa yene-de yetip bolmagy ahmal, yöne garaşylan netije alyp bolmayar. Çykaran çykdajynam alyp bolmaz. Şon üçin bir proyekt durmuşa geçiriljek bolyan bolsa, bulam hemme kişin bahbidine boljak bolsa, tagallalary birleşdirmeli we ol işe çynlakay yapyşmaly. Türkmenistan sonky yyllarda energiya transit yollaryny diwerfikasiyalaşdyrmak we milli we halkara kanunlaryna layyklykda yakyn we uzak parhy yok bütün dünya yurtlary bilen özara bahbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda hakykatdanam gaty akylly adimler adip ugrady. Eger Türkmenistan hakyny giderman bu aktiw syyasaty gelejek yyllarda-da dowam etdirse, onda yakyn gelejekde Türkmenistan dünyade has bay, has kuwwatly we güyçli döwletlerin biri bolar. diyip arzuw edyas. Şon üçinem hiç hili yitirere wagtymyz yok. Tizden-tiz Yurtda ylymly-bilimli, sowatly, gin dünyagarayyşly güyçli yaşlaryn kemala gelmegi - yetişmegi üçin taysyz tagalla etmeli. Ol Türkmenistanyn galkynmagy we çar paya galmagy üçin in möhüm binyat, in gerekli zat, öran wajyp faktor.

kimden: Türkmen
05.03.2010 19:26
+0 / -0
Türkmenistan üçin akylly daşary syyasat we akylly hem aktiw daşary politikanyn Yurda uly peyda getirjegineYolbaşçylar has gowy düşünip başladylar öydyan...
Muňa jogap

kimden: gurban
08.03.2010 11:45
+0 / -0
-Ya-da seyle gorkezjek bolyalar...

kimden: Watansöyer
05.03.2010 19:31
+0 / -0
Esasy zat gazdan we ş.m-den gelyan pul halkyn maddy-ruhy hem sosial-durmuş ösüşine we hal-yagdayynyn gowulanmagyna sarp edilyami ana şol.

kimden: Mollanepes
05.03.2010 19:33
+0 / -0
Her bir işde Milli bahbitlerimiz esas alynmaly. Galany hekaya. Baylygy daşary yurtlylara iydirip oturmaly dal.
Muňa jogap

kimden: gurban
08.03.2010 11:52
+0 / -0
Dasary yurtlara iydirmejek bolsan, senagatyny oz eline almaly, ozun ondurmeli. Jorapdan tutup cuye cenli dasary yurtdan import edilyan yurtda nadereje Milli puly elde tutup bolar?! Gurlusyk materiallary, miwe onumleri we takstil puly kanallar arkaly dasary cekyar. Bizinkiler dowlet gurmagy jemgiyet yetisdirmek dal-de, bina gurmak diyip dusunipdiler-a. Etjek alajymyz name?! 270 mln yewro bilime ayrilan fond bolanda Turkmenistandaky osusi goz onune getirip biljek barmy? Emma halk akyllansa we demokratik akymlar yola alyp ugrasa yolsuzlar coreksiz galar-da...

kimden: İl Ogly
05.03.2010 20:16
+0 / -0
Hemem Türkmen halkynyn eşretli hem arkayyn durmuşy üçin bolmaly edilyan her bir iş, her bir hereket, urulyan her bir gadam. AzajykWatan, il-gün söygüsi bar bolsa... Nabukko Türkmenistan we Türkmen halky üçin hayyrly hem ugruna bolsun inşallah! Dünya üçinem...

kimden: Yurt Baştutany
05.03.2010 20:56
+0 / -0
Hemme zat halk üçin. Döwlet adam üçin. Birem menin şanym-şöhratym üçin. Hoş sag bolun mahriban adamlar! Bu zatlary aydyan we görülüp-eşidilmedik uly iş bitiryan diyip Meni öwman adamlar! İl-güne, Yurdumuza hakyky hyzmat edyan zahmetsöyer adamlary, gözi yaşly, başy dertli, ruhy belent enelerimizi-atalarymyzy, çagalarymyzy, yigitlerimizi, zenanlarymyzy öwün... Yöne onam suwuny çykarman, adamlar!...
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil