Ýekşenbe, Fewral 12, 2012 Aşgabat wagty 00:05

Türkmenistan

«Ak pamyk» ýagy halkyň islegini gazandy

Baýramalynyň ýag kombinaty gaty ir döwürlerde gurlan. Öňki döwürde-de özüniň pagta çigidinden alýan ýagy bilen belli bolan bu ýag zawody häzirki wagtda Türkmenistanyň azyk senagaty assosiasiýasyna degişli kombinata öwrüldi.

Multimedia

Tekstiň ululygy - +
Kombinatda iş prosesleri ýyl-ýyldan kämilleşýär. Kombinatyň «Ak pamyk» ady bilen çykarýan, bir litrlik hem bäş litrlik plastmassa çüýşelerdäki ýagy uly iliň islegini gazandy. Doly arassa hem tagamly ýag hasaplanýar.

Türkmenistanyň daşarky dünýä bilen gatnaşyp başlamagynyň netijesinde, her hili görnüşdäki, plastmassa çüýşe gaplarda dürli hilli ýaglaryň ýurda getirilmegi türkmenistanly, şol sanda baýramalyly ýag öndürijileriň-de işlerine gowy täsirini ýetirdi.

Baýramalynyň ýag kombinatynyň ýag gaplaýan çüýşeleriniň gapagyny açmak öňler örän kyndy. Olar Sowet soýuzynyň ähli zawodlarynyň goýberýän çüýşeli önümleriniň gapagy ýalydy - olary diňe pyçak bilen kesip açyp bolýardy. Indi bolsa kombinatyň ýag gaplaýan çüýşeleriniň gapagyny towlap, örän aňsatlyk bilen açyp bolýar hem-de şol gapaklary ýene çüýşä geýdirip bolýar. Hut daşary ýurtlardan gelýän günebakar ýaglarynyň tipinde.

Daşarky dünýä bilen gatnaşyklaryň kämilleşmegi türkmenlere köp zatlary öwredýär. Bir sapar ulanylyp taşlanýan çüýşeleriň önümçilige ornaşdyrylmagy, zawod-fabrikleriň içiniň arassaçylygyny dünýä standartyna laýyklamagy öwredýär.

Gigiýena meselesi ýok däl

Hökümete degişli zawod-fabriklerde, iýmit öndürilýän ýerlerde arassaçylyk dünýä standartyna laýyk ýola goýulýar. Ýöne şahsy ýag öndürijilerde welin bir problema bar. Olar öz öndürýän ýaglaryny agyz suwy zawodlarynyň öndürýän suwlaryndan boşan plastmassa çüýşelere guýup satýarlar. Her kim «Coca-Cola», «Pepsi-Cola», «Tarhun» we ş.m. suwlary içensoň, suwdan boşan çüýşesini çem gelen ýere oklap goýberýär.

Ullakan ganarlary eginlerine göterip ýören aýallardyr erkek kişiler aram-aram halkyň içine aýlanyp, dürli içimlik suwlardan boşan plastmassa çüýşeleri çöpläp çykýarlar. Olara beýle çüýşeleri zir-zibil taşlanýan ýerlerden çöpläp berýänler-de bar. Beýle, zyňlan çüýşeleri ýene iýmite degişli meselede ulanmagyň ýokanç keselleriň döremegine sebäp bolýandygyna köpler düşünmeýärler.

Ikinji gezek ulanmaga degişli bolmasa-da, halk ol çüýşeleri ulanýar. Çüýşe çöpleýjiler ol tapyndy çüýşeleri halkdan dört teňňä satyn alyp, şahsy ýag öndürijilere ýigrimi teňňä satýarlar. Şahsy ýag öndürijiler bolsa, ol çüýşelere öz öndürýän çigit ýaglaryny (pagta çigidinden öndürilen) guýup satýarlar.

Şeýle çüýşelere guýlup satylýan ýaglar Marynyň bazarlarynda-da örän köp. Şahsy eýeçilige ýol açylyp, şahsy hojalyklarynda ýagdyr beýleki iýmit önümlerini öndürýän işewür adamlaryň köpelmeginden, hökümetiň-de olaryň işine giň ýol açmagyndan halk hoşal. Ýöne adamlar şahsy hojalyklarda öndürilýän önümleriň-de gigiýena tarapyna - arassaçylygyna üns berilmegini isleýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Myrat nireden: Mary
11.03.2010 19:29
+0 / -0
Türkmenistanda Şahsy hojalgyn, hususyyetçiligin ösmesi gaty gowy zat. Yöne barde asyl möhüm zat adamlaryn saglygy. Şon üçin arassaçylyga we hijyene (azykda steril we göwnejay şertlere) gaty üns bermeli. Sebap saglyk gaty möhüm. Bu zatlary asyl döwlet kontrol etmeli. Türkmenistanyn azyk senagaty Ministrligi bolyamy ya bu ugurda yörüte aylanyp gözegçilk edyan edara bolyamy bu zatlary hökman Döwlet kontrol etmeli.. Onsonam halk Bayramalydaky Ak Pamyk yagy yaly hili gowy we arasa önümleri almaly. Her önüne gelen harydyny almaly dal Saglykdan möhüm name bar?! Azajyk köpürak pul berayenin bilen name bolyar? İn sony hemme puly o dünya akidip bolanog-a?! Myrat Mary.