Ýekşenbe, Fewral 12, 2012 Aşgabat wagty 00:11

Jemgyýet

Ählihalk ýowary geçirildi

13-nji martda Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasata öz goşantlaryny goşmak üçin ýurduň ýaşaýjylarynyň ýüz müňlerçesi ählihalk ýowar çäresine gatnaşdylar.

x
Tekstiň ululygy - +
Esasan býujet edaralarynda zähmet çekýän adamlaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen agaç nahallaryny oturtmak çäresi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan başlap, welaýatlaryň ähli etraplarynda, şäherlerinde geçirildi.

Paýtagtda agaç nahallaryny oturtmak çäresine gatnaşanlar ýurduň awtotransport edarasy tarapyndan awtobuslar bilen üpjün edildiler. Awtobuslaryň esasy böleginiň ýowara gatnaşýanlara hyzmat edenligi sebäpli, 13-nji martda sagat günortan 12-ä çenli paýtagtyň ýowara gatnaşmadyk ýaşaýjylary duralgalarda öz münýän marşrutlaryna adatdakydan köp garaşmaly boldular.

Ählihalk ýowaryna gatnaşanlar öz edaralaryna degişli ýerlerde täze nahallary oturtdylar, ozal bar bolan agaçlary suwaryp, olaryň düýplerini ýumşatdylar, olaryň daş-töweregini hapa-haşal otlardan arassaladylar.

Ählihalk ýowary tamamlanansoň, bu dabara mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň baş saglygyna hem-de ýurduň abadançylygy üçin ähli ýerde sadakalar berildi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Akylly Oglan
15.03.2010 18:54
+0 / -0
Gözün aydyn il-günüm, Gözün aydyn Diyarym pelpellayar asmanda arzuwlarym-hyyalym Mollumlara, doktorlar we okuwçylar çenli dine yowar, gije-gündüz şol bir samsyk zatlar. türkmenistanda ne bili bar, ne doktor, ne-de okuwçylaryn ösen bilim derjesi bar. Hemmesi nol. Dine yowar et, agaç ek, bag ek, Yurdy güllük gülistanlyga öwür. sonam ayagaldygyna Prezidenti öw, O bolman Türkmenistanda şondan başka adam yog-a?! Adamlaryn Hiç hili problemasy yok, hemem zat gül yaly. Ne günlere düşdün Eziz Türkmenim, kim sana kömek eder, kim düzelder bulary mahriban Türkmen halkym?! Watanyny ,Milletini söyyan, akylly, arassa, halal hakyky Türkmenler nirede, adamlar, nirede?!