Geljek programmalar


Walýuta

USD / 
EUR
1,3049
EUR / 
RUB
0,0253
RUB / 
USD
30,285

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Türkmenistan

Türkmenistan: Arassaçylyk we suw üpjünçiligi

16.03.2010

15-nji martda BMG-niň Dünýä saglyk guramasynyň we UNICEF-iň bilelikde taýýarlan “Arassaçylyk we agyz suwy taýdan ösüş – 2010” hasabaty ýaýradyldy.

“Arassaçylyk we agyz suwy taýdan ösüş – 2010” hasabatynda dünýäniň 209 ýurdundaky ýagdaýa baha berilýär. Şu günki gün dünýä ilatynyň 87 %, ýagny çak bilen 5,9 milliard adamynyň howpsuz agyz suw çeşmelerini ulanýanlygy aýdylýar.

Hasabatda soňky ýyllarda dünýäde arassaçylyk-sanitariýa taýdan, şol sanda amatsyz hajathana şertlerini düzetmekde belli bir ösüşiň bardygy bellenilýär. Muňa garamazdan, arassaçylyk we agyz suwunyň elýeterligini üpjün etmekde ösüş üçin ýene has köp tagallalaryň talap edilýänligi we dünýä ýurtlarynyň has uly maksatlary öz öňünde goýmalydygy bellenilýär.

Şu günki gün dünýäde 2,6 milliard adama, ýagny dünýäniň ilatynyň 39 prosentine kadaly sanitariýa şertlerinden peýdalanmak elýeterli däl.

Dünýä saglyk guramasy we UNICEF tarapyndan ýaýradylan resmi maglumatda arassaçylyk we agyz suwy babatynda dünýädäki ýagdaýa baha berýän hasabatyň ýurt ýolbaşçylary, maliýe ýardamçylary, hökümete degişli we degişli däl guramalar tarapyndan problemalary çözmekde ulanyp boljak maksatlary göz öňünde tutýanlygy bellenilýär.

Türkmenistana berilen baha


Dünýä saglyk guramasyndan Rifat Hossainiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hasabata laýykda Türkmenistana arassaçylyk-sanitaraiýa taýdan 98 % we agyz suwy bilen üpjünçilik taýdan 97 % ybarat ýokary baha berilýär. Emma bu görkezijileriň esasan ýurduň şäher ýerlerine degişli bolup, oba ýerleri barada maglumatlaryň çäklidigini Dünýa saglyk guramasynyň wekili belledi.

Rifat Hossainiň sözlerine görä, Türkmenistana baha berlende 1990, 2000 we 2008-nji ýyllar boýunça maglumatlara esaslanyldy.

Türkmenistanda suw üpjünçiligi şol sanda agyz suwy üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň arasynda yglan edilýär.

Türkmen metbugatyna görä, paýtagtda we ýurduň welaýatlarynda suwy arassalaýjy gurallar işleýär. Döwlet ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek meselesine uly ähmiýet berýär. Suw üpjünçilik sistemalary döwre laýyk täzelenýär. Agyz suwuny çykarýan zawodlar işleýär. Agyz suwunyň hilini gowulandyrmak üçin her bir şäherde hem obada suwy arassalaýjy gurallaryň guruljakdygy hem habar berilýär.

Türkmenistanly žurnalist Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, şu günki gün Türkmenistanda köneden galan kärizleriň, dagdan inýän çeşmeleriň suwuny ulanmak boýunça käbir işler geçirilýär. Hususan-da, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir yolunyň ugrundaky Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda suw sistemalarynyň täzelenýänligini we ilatyň agyz suwuny dagdan inýän çeşmeleriň hasabyna üpjün etmek çäresiniň göz öňünde tutulýanlygyny A.Bugaýew aýtdy.

“Suw damjasy - altyn dänesi”

Türkmenistanly žurnalistiň sözlerine görä, Aşgabadyň agyz suwy bilen üpjünçiligi-de ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende belli bir derejede gowulandy. Emma şu günki günem paýtagtyň ýaşaýjylarynyň agyz suwy bilen özlerini üpjün etmek aladalary dowam edýär: “Özüni oňarýan adamlar gidip, öz hususy eýeçiligindäki maşynlary bilen ýa suw çekýän maşynlar bilen gapysyna suw getirip goýýarlar”.

A.Bugaýew paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynyň suw üpjünçiligindäki kemçilikleriň sebäbini suwuň köp sanly fontanlara sarp edilmeginde görýär.

Türkmenistanda suw üpjünçiligine we ekologiýanyň gowulandyrylmagyna degişli maksatlar bilen baglylykda Türkmen kölüniň ähmiýeti-de resmi taýdan nygtalýar.

Garagumda döredilen emeli kolüň ýer asty suwlaryň ýygnalmagyna gönükdirilip, onuň Amyderýadan ýa beýleki suw çeşmelerinden suw almagynyň göz öňünde tutulmaýanlygy, bu ýerde ýygnalýan zeý suwlarynyň arassalanyp, gaýtadan ulanylmak üçin elýeterli boljakdygy Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatlarynda aýdylýar.

Türkmenistanda 1995-nji ýyldan bäri aprel aýynyň her ilkinji bazar güni “Suw damjasy – altyn dänesi” atly milli baýramçylyk bellenilýär.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: TÜRKMEN
17.03.2010 14:04
Hakykatdanam Suw damjasy - Altyn danesi diyileni. Türkmenistanda suw gaty uly gymmata eye. Yurdumyz suwa bay dal. Şon üçin suwy isrip etman, suwy gaty rejeli peydalanyp, alternatiw suw çeşmeleri oylap tapmagynyz gaty zerur. Yurtda ilaty arassa agyz suwy we sanatariya hyzmatlary bilen üpjün etmek Döwletin baş maksady bolmaly Şaherlerden başlap ta obalara we posyoloklara çenli hemmesini arassa agyz suwy bilen üpjün etmeli Döwlet. Eger Türkmenistanda hakykatdanam Döwlet adam üçin we Türkmen halkynyn eşretli durmuşy üçin bolyan bolsa... Taze gurulyan Altyn Asyr Türkmen Kölem gyssanyp, derrew etjek bolup, oylanşyksyz dal-de, alymlaryn bilermenlerin, spesalistlerin we hünarmenlerin maslahaty alynyp, çykdajy edenine göra peydasy-zyyany, ekologiya şertleri, pilyusy-minusy zadyny doly ara alyp maslahatlaşylyp, proyekti onson durmuşa geçirmeli... Yogsam bar eden çykdajyn biderek bolaymagam ahmal...
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS