Ýekşenbe, Fewral 12, 2012 Aşgabat wagty 00:08

Kommentariý

Orsýetiň jan çekmesi ýöne ýerden däl

Türkmenistan hem-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedow babatynda Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň göz üçin aýdan käbir sözlerinden daşgary köpmanyly bolup galýan zatlar hem az däl. Bu köpmanyly zatlar bolsa, tutuş Merkezi Aziýa regiony bilen bolşy ýaly, Moskwanyň Aşgabat bilen gatnaşyklarynda-da dartgynlylyga eýe.

Multimedia

Audio
Tekstiň ululygy - +
Bu regionda ýaňy-ýakynda Orsýet üçin ilkinji real bäsdeşler, hususan-da, Hytaý bilen Eýran peýda boldy. Merkezi Aziýa regiony babatynda Günbataryň, aýratynam Birleşen Ştatlaryň görkezýän aktiwligi hem Orsýetiň ýolbaşçylaryna ynjalyk bermeýän bolmaly. Şu babatda Sergeý Lawrowyň öz saparynda Orsýetiň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini nygtamagy hem şol bir meselä syrygýar.

Gysga görnüşde aýdylan bu diplomatik termin, adaty dile geçirilende, Moskwanyň bu regiony öz konkurentlerine bermek islemeýändigini anladýar we Gurbanguly Berdimuhamedowa bolsa Orsýetiň bu region babatyndaky bähbitleriniň üýtgewsiz bolmagynda galýandygyny ýatladýar.

Elbetde, Orsýetiň bu ugurda göz öňünde tutýan maksatlary türkmen prezidentini Nabukko proýektine gatnaşmakdan saklamaklygy hem öz içine alýar. Orsýet tarapynyň bu ugurdaky aladalaryna käbir halkara synçylary-da ünsi çekýärler.

Ýöne ýerden däl

Orsýetiň bu jan çekmesi ýöne ýerden däl. Sebäbi, şu ýylyň aprelinde Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan ”Nabukko” proýekti boýunça ýörite ylalaşyga gol çekmekligi planlaşdyrýarlar. Şol gol çekiljek ylalaşygyň netijesinde Türkmenistanyň Orsýetden sowa Ýewropany gaz bilen üpjün etjek esasy çeşmelerden birine öwrülmegi-de mümkin.

Moskwa öz gezeginde Türkmenistanyň üstünden saklap gelen ozalky monopoliýasyny täze peýda bolan konkurentler bilen paýlaşmaklyga uýgunlaşyp bilenok. Sergeý Lawrowyň Türkmenistana saparynyň esasy maksatlaryndan birem hut şular ýaly konkurentleriň sanyny azaltmak synanyşygyndan ybarat boldy.

Eger-de häzirki wagtda Hytaý bilen Eýranyň bu regiona gelmegi eýýäm äşgär fakt bolsa, heniz amala aşmadak “Nabukko” proýektiniň öňünde Orsýetiň käbir päsgelçilikleri döredip biläýmegi-de ahmal. Bu meselede Kremliň ýumşak duýduryşlarynyň aňyrsynda nämäniň ýatandygyna we ol duýduryşlar alga alynmasa, Orsýetiň nähili ädimleri ädip biljekdigine kim düşünmese-de, Gurbanguly Berdimuhamedow düşünýän bolsa gerek.

Türkmenistanyň gaz geçirijisiniň ugrunda partlamanyň ýüze çykaly bäri heniz şeýle bir kän wagt geçenok. Şol wakadan soň türkmen gazynyň Orsýete akmasy ençeme aýlap kesilipdi. Türkmenistan bu wakanyň netijesinde milliardlarça dollar pul ýitirdi.

Aşgabat nämälere sezewar bolarka?

Eger-de Gurbanguly Berdimuhamedow ”Nabukko” proýekti boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyga gol çekäýse, Aşgabat indi nämälere sezewar bolarka?

Türkmen prezidenti geçenki konfliktde Orsýetiň öňünde ýaýaplap durmady. Ozalkylar bilen deňeşdirilende, şu günki gün Moskwanyň basyşlaryna döz gelmek oňa has hem ýenil bolaýjak ýaly. Sebäbi indi onuň arkasynda täze güýçli energiýa partnýorlary dur. Ol partnýorlar bilen bolsa Türkmenistanyň energiýa we syýasy hyzmatdaşlyklarynyň ümzügi diňe öňe.

Ýöne, beýleki tarapdan, Türkmenistan bilen dawalara girmek Orsýetiň özi üçinem bähbitsiz boljak. Sebäbi Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda täze dartgynlygyň ýüze çykmagy Hytaýyň bu regiondaky rolunyň has hem artmagyna getirmegi mümkin.

Iň perspektiw partnýorlardan biri bolan Ýewropa Bileleşigini elden gidermän, Gurbanguly Berdimuhamedowyň agyp-dönüp duran bu ýagdaýdan Türkmenistanyň bähbidini goramak üçin nähili peýdalanyp biljekdigi häzirlikçe sorag bolup galýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Atsyz
19.03.2010 01:44
+0 / -0
brawo prezidentimize. ine goze gorunmeyan kabir politikalar sular. nesip bolsa turkmenistanymyzda basgada ozgerisler bolar.

kimden: Galtaman nireden: Mary
19.03.2010 13:31
+0 / -0
Nabbuco proekti entek-entek bolmazmyka diyyan. Bir tarapdan kemem dal bolmany. Sebabi bizin ucin edil shu vagtlykcha orslara diyenimizi geciryaris. Yene bir zat avtor :Hytay bilen Eyran orslara konkurent: diyipdir. Menin pikirim boyunca beyle dal. Orslaryn islemeyan zady dine Evropa tarapyna gaz gitmese bolyar. Gundogara gideni bolsa orslara pasgel berenok. Orslaryn oz ylalashygam bar Hytay bilen yyllyk 30-40 milliard gaz bermek boyunca.

kimden: gena nireden: tanzaniya
19.03.2010 15:32
+0 / -0
Orsyet, hatay eyran we hindistan bilen partnor. Kavagtlar belki aralarynda dushunishmezlik bolyandyr, yone bul dine shol aragatnashygy gorkezmezlik uchindir.

kimden: ata nireden: swesiya
20.03.2010 11:29
+0 / -0
bar zat gowy bolyar ine galkynys zamanasy diyip suna diymeli biz nesip bolsa gowy durmusda yasars bir azajyk sabyr etmeli
Muňa jogap

kimden: Galtaman nireden: Mary
21.03.2010 01:07
+0 / -0
Ata gaty gorme velin yazan zatlaryna bir hili gulkim geldi. Turkmencilikde bir soz bara bilyansin. Sheyle :men name diyyan,dutarym name diyyar:. Yazanlaryny okap shu soz yadyma duship gitti:) Ayyplasma.