Şenbe, Fewral 11, 2012 Aşgabat wagty 22:12

Jemgyýet

Berdimuhamedow hakdaky kitap türk dilinde

Meşhur satiriki hekaýalaryň awtory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekowyň ýazan «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitaby ýaňy-ýakynda türk dilinde neşir edildi.

Tekstiň ululygy - +
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ömri we alyp barýan işi barada söhbet açýan bu kitap geçen ýylyň ahyrynda ilkinji gezek öz okyjylaryna türkmen dilinde gowşupdy. Şu ýylyň fewralynda bolsa bu eser iňlis, rus, nemes dillerinde neşir edildi.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» kitabynyň her gezekki neşirinde bolşy ýaly, onuň türk dilindäki neşiriniň çap bolmagy hem uly dabara ýugruldy.

Kitabyň ilkinji tanyşdyrylyşy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aktlar zalynda geçirildi. Bu ýerdäki bolan tanyşdyrylyş dabarasynynyň dowamyny bolsa ýurduň jemgyýetçilik guramalary alyp göterdiler.

Şu günler edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda bu kitabyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Duşuşyklarda kitabyň awtory barada gürrüň açylmaýar.


Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: nabelli nireden: istanbul
28.03.2010 14:20
+0 / -0
Ay Huday bulara akyl-pikir bersin. Birtopar chykdayjy edip , ish edinip kitap baryny terjime edip otyrlar. On-a Ruhnama hezil beryardi bulara , 30 dile dagy terjime edip, indi hem Gurbangulyn kitaplary. Yene bashladylar shol masgarachylyga. Asyl yone turkler we dunyadaki beyleki adamlar bizin prezidentimizi tanamak uchin kitap baryny okayandyrow.

kimden: Okayan
28.03.2010 19:44
+0 / -0
Memo in gynandyran zat Shul Ishi jurdekowyn etmegi. Sheyle adama beyle ish etmek Gaty utanch zat. Gynandym.

kimden: Invisible
29.03.2010 09:00
+0 / -0
"Which is totally obvious and not shocking!"
Yone Jurdekowyn yazmagy 100% shocking!

kimden: gena nireden: tanzaniya
29.03.2010 15:05
+0 / -0
Jurdekov yazan daldir, ony zorlap yazdyrdandyrlar. Kitabyn adyny sheyle goysan has govy bolar diyip pikir edyan; Ata Arzuwyny amala ashyran BABEK....

kimden: Payhas nireden: Türkiye
29.03.2010 17:41
+0 / -0
Bu krutoy Agtyk Atasynyn haysy arzuwyny amala aşyryakaray? Huday bilsin Dine masgaraçalyk Başga hiç bir ahmiyeti yok Türk doganlammyzam biya Önkinem Türkmenbaşynam ozdurdy diyip hezil edip gülaymeseler Bir iki sany diplomat bolaymasa şol kitaby okajag-a yok Türklerin arasynda Bütün dünya masgara bolup yörler-ay bara Adam bir utanara Beyleki milletlerem ine Türkmene şular yaly şöhratparaz bolmajyn bolup yörenlere seredip baha beryar Şolaryn deregine özümiz utanyas bara Ay bolya-da Name diyip name aytjak...

kimden: Robinson nireden: Ada
29.03.2010 21:27
+0 / -0
Türkmenistanda galdyrmaşak oýnaýalar. Kim köp göterip bilse şonça abraýy artýa hamala...

Eý türkmen seň milletiň kösenip otyrka näme etjek özüňi başgalaryna beýan etdirip. Goý halkyň seni hemişelik ýagşylykda ýatlasyn. Her kim iline-günine eden ýagşylygy bn ýatlanar çykardan kitaby bn däl.