Şenbe, Fewral 11, 2012 Aşgabat wagty 22:40

Türkmenistan

«Altyn asyryň» interneti welaýatlara elýetersiz

Türkmenistanyň «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 1-nji martdan 3G internet hyzmatlaryny müşderilerine paýlap başlamagy bilen, ýerli ýaşaýjylaryň arasynda internete bolan höwes barha artyp başlady.

Multimedia

Tekstiň ululygy - +
Ozal Orsýetiň MTS kompaniýasynyň internet hyzmatlaryndan peýdalanýan köp raýatlar bolsa «Altyn asyryň» 3G internet hyzmatyna geçip başladylar.

Ýurduň ýaşaýjylarynyň MTS-iň internet hyzmatyndan ýüz öwrüp, «Altyn asyryň» 3G internet hyzmatyna geçmeginiň öz sebäpleri bar. «Altyn asyryň» internet hyzmaty MTS-iňkä garanyňda kän elýeterli bolmagynda galýar. Onuň bahasy hem arzan, internetiniň tizligi hem MTS-iňki bilen deňeşdireniňde kän ýokary.

Ýöne «Altyn asyryň» 3G internetine birikmeklik üçin ýurduň raýatlary käbir kynçylyklara duş gelýärler. Paýtagtlylar «Altyn asyryň» islendik nokadyna baryp, 3G internetine birigip bilmeýärler. Munuň üçin olar bu aragatnaşyk ulgamynyň düýbüne barmaly bolýarlar. Ol ýerde bolsa nobatyň köplügi zerarly, birneme kösençlik çekilýär.

Ýurduň welaýatlarynda ýaşaýan raýatlar bilen deňeşdireniňde paýtagtlylaryň ýagdaýy gowy. «Altyn asyryň» 3G internet hyzmaty heniz welaýatlaryň ýaşaýjylary üçin elýeterli däl.

«Altyn asyryň» ýerli wekillikleriniň 3G internetiniň tizara welaýatlara-da paýlanylyp beriljekdigini müşderilerine wada berýändiklerine garamazdan, kanagatsyz ýaşlar isleglerini tiz amala aşyrmak üçin paýtagta sary gidýärler. Ýöne ýaşlaryň paýtagta barybam arzuwlary hasyl bolubermeýär. Aşgabatdaky «Altyn asyryň» işgärleri propiskalarynyň paýtagta degişli däldikleri üçin olary yzlaryna gaýtarýarlar.

Emma şeýle ýagdaýda-da çykalga tapýan ýaşlaram bar. Olar paýtagtda ýaşaýan dogan-garyndaşlarynyň atlaryna «Altyn asyryň» 3G internetini açdyrýarlar we onuň hyzmatyndan peýdalanýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Atsyz
29.03.2010 17:25
+0 / -0
Салам Форума гатнашжаклар!Пайтагтдан 3g сим карт алып болаян ягдайында ол велаята баранда 3g интернет хокмунде ишлармика(Умуман шол сим картда велаятларда интернет ишлармика,себаби велаятларда 2g стандартда GPRS интернет ишлеяр).
Билян адамлар болса айтмагынызы хайыш эдярис.
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzaniya
03.04.2010 19:20
+0 / -0
Sen Googl'da gozlap gor, elbettde birzatlar taparsyn.

kimden: Ayhan nireden: Mary
29.03.2010 17:56
+0 / -0
İne size Taze Galkynyşlar we Beyik Özgertmeler Zamanasy Eden zatlarynam onarman ellerine-gözlerine bulaşdyryalar Sonam Yurdumyz Galkynya diyip bolmajyn bolup yörler. Welayatlary internet hyzmaty, 3G hyzmaty ya başga tehnologiya hyzmaty bilen üpjün etmek kyn zadam dal aslynda Onaranoklar we gaty hayal işleyaler Döwürden gaty yza galyalar Ay name diyip name aytjak Men-a telpek goyyan dogrusy bara...
Muňa jogap

kimden: Robinson nireden: Ada
29.03.2010 20:34
+0 / -0
Aýhan şunyňa biderek gürriň dost. Şu bolmasa näme ederdiň. Bu görünýänler tehniki ýetmezçilikler. Ýakynda çäre görerlerle beýle zatlara. Gowy zady MTS bilen Altyn Asyr ýaryşmaga başlady. Öň beýle zat ýokdy. Özüňem bilýänsiň.