Şenbe, Fewral 11, 2012 Aşgabat wagty 22:46

Jemgyýet

Mugallymlar hem bäsleşýärler

Geçen hepdede ýurduň orta mekdepleriniň ýokary klas okuwçylarynyň arasynda döwlet derejesinde olimpiadalar geçirildi. Döwlet derejesindäki olimpiadalar predmetler boýunça bölünip, ýurduň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde geçirildi.

Tekstiň ululygy - +
«Altyn asyryň altyn zehinleri» diýen at bilen her ýylda guralýan mekdep okuwçylarynyň arasyndaky olimpiadalar jemi dört tapgyrda geçirilýär. Birinji tapgyrda okuwçylar mekdebiň içinde özara bäsleşýärler. Mekdepde öz klasynyň arasynda degişli predmetde tapawutlanmagy başaran okuwçylar etrap bäsleşigine gatnaşmaga ygtyýar alýarlar. Etrap bäsleşiginde ýeňiji bolanlar welaýat bäsleşigine gatnaşýarlar. Welaýat bäsleşiginde ýeňiji bolanlar bolsa, döwlet derejesindäki bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.

Okuwçylaryň arasynda geçirilýän olimpiadalary, umuman alanyňda, bäsleşigiň içindäki bäsleşik diýip atlandyrsaň-da bolýar. Bu bäsleşikde diňe bir okuwçylar däl, eýsem mekdep mugallymlary hem özara bäsleşýärler. Mekdep okuwçylarynyň olimpiadasynda okuwçysynyň baýrakly orunlary eýelemegi mugallymlaryň klassifikasiýasyna poližitel täsir edýär. Öz okadýan okuwçysynyň etrap, welaýat, döwlet derejesindäki bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelemegi mugallymlaryň her bäş ýyldan geçirilýän attestasiýasynda dereje almaga ýardam edýär.

Mugallymlara bilim müdirlikleri tarapyndan berilýän dereje olaryň iş haklarynyň üstüne belli bir derejede goşant bolýar. Şonuň üçin mugallymlar olimpiadalaryň geçýän döwründe tanyş-bilişlige ýüz urýarlar. Olar olimpiadada synag alýan kärdeşlerine öz okuwçylaryna ýardam etmeklerini haýyş edýärler.

Ýeňiji bolmak

Eger etrap, welaýat derejesinde geçýän olimpiadalarda zehinli okuwçylara birinji orunlary eýelemegä mümkinçilik azda-kände bar hem bolsa, döwlet derejesindäki olimpiadalarda ýeňiji bolmalyk diňe tanyş-bilişlige bagly bolýar. Sebäbi döwlet derejesinde geçirilýän olimpiadada birinji orny alan okuwça ýurduň ýokary okuw mekdebine girmäge artykmaçlyklar döredilýär.

Döwlet derejesindäki olimpiadalarda ýeňiji bolan okuwçylaryň ählisi häzirki döwürde ýokary okuw jaýlaryna aňsatlyk bilen kabul edilip hem barlanok. Mundan on bäş-ýigrimi ýyl ozal şeýle derejedäki olimpiadada ýeňiji bolan okuwçylar üstünlik gazanan predmeti boýunça ýurduň ýokary okuw jaýyna gürrüňsiz kabul edilerdi. Emma häzirki wagtda olara şeýle mümkinçilikler ýok. Hatda, olara indi gymmat bahaly sowgatlar hem gowşurylmaýar.

Ýedi-sekiz ýyl mundan öň döwlet derejesinde geçirilýän olimpiadada birinji orny eýelän okuwça kompýuter, ikinji ýeri eýeläne bolsa saz merkezi ýaly sowgatlar berlerdi. Özem bu gymmat bahaly sowgatlar ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyndan gowşurylardy.

Olimpiadalaryň geçirilmeginiň maksady okuwçylaryň zehinlerini açyp, olaryň haýsy predmete has ukyplydygyny ýüze çykarmakdan ybarat bolup durýar. Emma mekdep okuwçylarynyň arasyndaky olimpiadalarda gözboýagçylyklara ýol berilmegi oňa gatnaşýan okuwçylarda bu bäsleşige bolan höwesiň ýitmegine getirýär. Şonuň üçin şeýle bäsleşikleriň gurnalyşyndan göwni galan okuwçylaryň indiki ýylda olimpiada gatnaşmakdan ýüz öwürýänleri-de tapylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Ayhan
30.03.2010 12:57
+0 / -0
Haramlyk, korrupsiya hemme yeri gurşap alypdyr-da Bilim-ylym Yurdun ösmegi Çagalaryn sowatly, gin dünyagarayyşly we arassa yaşlar bolup yetişmegini alada edyan yok Ay bolya-da nesip bolsa wagt gerek-da Bulam düzeler-da...

kimden: Shamshir
30.03.2010 17:52
+0 / -0
Men orta mekdebi dinge 5-lik bahalara gutardym; alty gezek Turmenistanda (shol bir fakultete) dalashgar boldum. Nesibam (PULUM) bolmady. Sheydip dashary yurda okuwa gaytdym. Hachan-da Universitete Attestatymy tabshyranymda, kabul edyan topar: "Sen 5-lige (100%) tamamlapsyng, hany sening 'Altyn Medalyng' ya-da 'Tapawutlanan' diyip sertifikatyng" diyip soradylar. Men bolsa ol zatlaryng berilyandigini hem bilemok. Kabul edish topar: "Sening Attestatyng falshiwi" diyip almajak boldular. Songra men okan mekdebimden we bilim boluminden sprawka iberdip, kynlyk bilen kabul etdirdim. Mekdep dowrunde gowy okandygym hakykat. Yone, name uchindir Turkmenistanyng Orta Bilim hakyndaky Attestatyna dashary yurtlarda ynamsyzlyk doreyarka? Bu yagday dinge mende dal, bashga-da birnache talyplarda gaytalanypdyr. Bu namaning alamaty?
Muňa jogap

kimden: Invisible
31.03.2010 22:11
+0 / -0
Gowy point-n ustunden basdyn. Mendede shu problema yuzi chykypdy yone men {almost} unudayypdyryn bu bashdan gechiren kynchylygymy. Bizde Attestatymyzda elde yazylan sap bashlige gutaranam bolsan (manlayyna bir pocherk'i gowy dal biri dushaysa ishin gaytdygy) Dashary yurdyn kop orta mekdeplerinde sistema bashgacha. Hemmesini 5lige gutarsan "top ten" diyip yorite sertifikatlar berilya sebabi hemmesini 5lige gutarmak ansat dal, {impossible} kabir yerlerde,
A bizde bolsa Tuweleme, "dashary yurda okamana gitjek, gayrat et" diyip direktoryn yanyna palancha $$ bilen baraysan, 3likchi bolsanam Attestat'ny sap bashlige gutardyp berayya :) sheyle etdiryanler az dal, azyndan men az dush gelmedim...Ishine "serious" bilen yapyshyan adam sanalgyja bizin dowletde, kopusinin kellesine 'para almak yaly dushunjeler' gowwwwy edip sinipdir..!