Şenbe, Fewral 11, 2012 Aşgabat wagty 23:10

Türkmenistan

Baýraga ýetiren batyrlyk

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň Aşgabatdaky žurnalisti Aşyrguly Baýryýew 2010-njy ýyl boýunça Deýwid Börk (David Burke Distinguished Journalism Award) baýragyna mynasyp boldy. Bu barada şu gün Azat Ýewropa we Azatlyk Radiostansiýalarynyň prezidenti Jefri Gedmin Waşingtondan habar berdi.

Multimedia

Audio
Podcast
Ýazyl"Google" okaýjy
Tekstiň ululygy - +
Deýwid Börk baýragy žurnalistik işi üçin uly şahsy töwekgelçilik eden žurnalistlere berilýär.

Gedmin öz kärdeşlerine iberen hatynda žurnalistiň adatdan daşary kyn we howply şertlerde işleýänligini, jenap Baýryýewiň öz işi üçin ýanamalara we tussag edilmä sezewar bolandygyny ýazýar. Prezident Gedmin bu batyr žurnalistiň howp-hatara garaman, öz işlerini dowam etdirendigini hem belleýär.

Terjimehaly

Aşyrguly Baýryýew 1949-njy ýylyň 1-nji maýynda Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabyna degişli Güwleme obasynda dünýä inýär. Aşyrguly dört ýaşyndaka, ejesi aradan çykyp, ýetim galýar. Kyn günleri başdan geçirýän Aşyrgulynyň maşgalasy 1950-nji ýylyň ortalarynda Gyzylarbada göçüp gaýdýar.

Aşyrguly Baýryýew 1956-njy ýylda Gyzylarbat şäherindäki Haýytguly Geldiýew adyndaky 1-nji orta mekdepde okuwa başlaýar. 10 ýyllyk orta bilimi kümüş medal bilen tamamlan A.Baýryýew öz žähmet ýoluna Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäheriniň telestudiýasynda öwrenje diktor bolup, gadam basýar. Soňra ol Gyzylarbada gaýdyp baryp, şol ýerde harby bölümlere hyzmat edýän edarada işleýär.

Aşyrguly Baýryýew 1968-1970-nji ýyllarda sowet goşunynyň hatarynda harby gullukda bolýar. Ol harby gullugy tamamlanyndan soňra, Nebitdaga gaýdyp baryp, şol ýerdäki orta mekdepde matematika mugallymy bolup işleýär.

Mugallymçylykda az wagt işlänsoň, Baýryýew Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherindäki Mugallymçylyk institutynyň Matematika fakultetine gaýybana okuwa girýär. Bu institutda bir ýyl okansoň, ol Nebitdagyň telestudiýasynda redaktor bolup işe başlaýar.

1973-njy ýylda Aşgabatda ýerleşýän Maksim Gorkiý adyndaky uniwersitetiň (häzirki Magtymguly adyndaky uniwersitet) Filologiýa fakultetine gaýybana okuwa girýär, okuwyny 1979-njy ýylda tamamlýar.

A.Baýryýew 1974-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Kransowodsk oblastynyň (häzirki Balkan welaýaty) “Zähmet baýdagy” gazetinde üç ýylyň dowamynda dürli wezipelerde işleýär.

Ol 1977-nji ýylda Krasnowodsk şäherindäki ýerli telestudiýanyň baş redaktory hökmünde işe başlaýar we ol ýerde dört ýyldan gowrak žähmet çekýär. A.Baýryýew soňra Türkmenistan Kompartiýasynyň düzüminde metbugat meseleleri boýunça dürli jogapkär wezipeleri eýeleýär.

Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny alansoň, Aşyrguly Baýryýew “Edebiýat we sungat” gazetinde, “Saglyk” žurnalynda, “Diýar” žurnalynda dürli wezipelerde işleýär. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda bolsa, ol Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň Aşgabatdaky habarçysy bolup, işe başlaýar.

Žurnalist Baýryýew öz professional işi bilen bagly 2004-njy ýylda 10 günläp Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň deslapky tussaghanasynda saklanylýar. Ýerli resmileriň žurnalist A.Baýryýewi resmi edaralara yzygiderli çagyryp, oňa basyş edendikleri habar berilýär.

Päsgelçiliklere garamazdan, Baýryýew žurnalist hökmünde öz wezipesini diňe bir dowam etdirmek bilen çäklenmän, ony obýektiw we professionl derejede alyp bardy.

Türkmenistanly žurnalist Aşyrguly Baýryýew baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: nabelli nireden: istanbul
19.05.2010 22:52
+0 / -0
Aşyrguly agany işindaki üstünligi bilen gutlayan , Watanymyzdaky bolyan wakalary , habarlary bize yetiryanligi üçin minnetdarlyk bildiryan.

kimden: Халмырат nireden: Швеция
19.05.2010 23:52
+0 / -0
Гутлы мубэрек болсун!!!
Бу хорматлы байрак Ашыргулы-аганын Ватан ве Халк онунде битирен хызматларына гоюлан улы сарпа дийип айтмага долы эсас бар.
Бейле байракларын ховри коп болсун,яшулы!



kimden: Galtaman nireden: Mary
20.05.2010 00:41
+0 / -0
Asyrguly aga bayragynyz gutly bolsun! Edeyan hyzmatlarynyza menem oz adymdan size Alla yalkasyn aydyan. Yasulyny radioda dinlan wagtym,jurnalisti dalde oz bir obadasymy dinleyan yaly yakyn duyyan. Hic yerde adynyz cykmasada,ady cykyanlardan, sizin abrayynyz has ulydyr halkyn gozunde.

kimden: Yigit
20.05.2010 01:00
+0 / -0
Ashyrguly agany dashary yurtdaky ahli yash oglanlaryn adyndan gutlayan! Hemishe mert bolun agam, bir gun nesiller yatlar sizi.

kimden: Atsyz
20.05.2010 01:12
+0 / -0
Ashyrguly aga, biz edyan hyzmatlarynyzy basharmadyk. Utanyan hem welin. Gutly bolsun bayrak, yashuly. Sag aman gezin.

kimden: Ayhan
20.05.2010 13:06
+0 / -0
Aşyrguly aga yhlasyn we başarnygyn bilen alan bayragyn gutly bolsun! Aslynda siz bayraga hantama-da dalsiniz, sebabi Siz edyan işlerinizi il-gün, halkymyz üçin edyarsiniz. Halkyn söygüsini gazanmak we sagbolsun almak sizin üçin in uly bayrak bolmaly. Goy, yaş nesil sizin yaly gujur-gayratly halypalaryn yoluna eyerip, has uly üstünlikler gazansyn! Janynyz sag, işleriniz şowly bolsun!

kimden: abadan
20.05.2010 14:08
+0 / -0
Asyrguly aga, bayragynyz bilen gutlayaryn. Turkmen halky hem bir gun siz yaly gerceklere oz minnetdarlygyny acyk beyan edip biler. Cagakam Akys Saparyn yerine yetirmeginde sizin "Razy men bu dunyaden"atly aydymynyzy oz cunnur manysy ucin howes bilen dinleyardim. Indi bolsa su dunyaden razy bolmaga sizde yene bir sebabin peyda bolmagyna, sizi edyan islerinizin ykrar edilmegine tuys yurekden guwanyaryn.

kimden: mert nireden: Istanbul
22.05.2010 00:51
+0 / -0

Ashyrguly aga bayragynyz gutly bolsun. Siz hakykatdanam bu bayraga tuys mynasyp intelgensiya wekili. Size saglyk, doredijilik ustunliklerini arzuw edyarin. Sizin Turkmen halky ucin edyan ishlerinizin hic bir bahasy yokdur. Elbetde, onun gadryny Turkmenistanda entek bilenoklar. Emma, siz muna gynanman. Bizin taryhymyzda gor nace gerceklerin gadryny wagtynda bilen hokumet bolmady. Emma olar mydama halkyn yureginde yashadylae, Olar HALK bilen mydama yashadylar. Sizem oz edyan ishleriniz bilen taryhyn Altyn sahypasyna yazylarsiniz. Size halk,yurt ucin edyan gadyr gymmatynyn olcegi bolmadyk ishlerinizde mydama ystynlik hemra bolsun. Sizin yolunuz HAK YOLYDYR!