Şenbe, Fewral 11, 2012 Aşgabat wagty 23:45

Syýasat

Hukuk goraýjylar Türkmenistana çagyryş edýär

Fransiýanyň adam hukuklary boýunça ilçisi Fransua Zimere şu gün üç günlük resmi sapar bilen Türkmenistana barýar.

Multimedia

Audio
Tekstiň ululygy - +
Fransiýanyň adam hukuklary boýunça ilçisi Fransua Zimere
Ilçiniň bu saparynyň dowamynda kimler bilen duşuşjakdygy we şol duşuşyklarda nähili meselelere garaljakdygy hakda takyk maglumat ýok. Emma düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy fransuz ilçisini türkmen ýolbaşçylary bilen duşuşanda metbugat we söz azatlygy ýaly meselelere-de üns bermäge çagyrýar.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy şu günki ýaýradan beýanatynda Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet başyna geçensoň käbir umytlaryň döränligini öňe sürüp, maglumatyny şeýle dowam etdirýär: “Fransuz ilçisiniň bu sapary halkara jemgyýetçiliginiň umytlaryny we isleglerini kanagatlandyrmak nukdaýnazaryndan türkmen ýolbaşçylary üçin hem möhüm bir pursat bolup durýar”.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy Aşgabadyň Günbatar bilen gatnaşygyny artdyrmak arkaly uly abraý gazanyp biljekdigini, emma munuň üçin ýurtda demokratiýalaşmak prosesiniň tizleşmeginiň zerurdygyny belleýär.

“Türkmenistanda henizem söz we metbugat azatlygyna ýol berilmeýär we adam hukuklaryna ýeterlik sarpa goýulmaýar” diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasy belleýär. Muňa mysal hökmünde agzalan gurama Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Allamyrat Rahymyň başdan geçiren wakasyny ýatladýar.

Türkmenistana barmak üçin wiza berlendigine garamazdan, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalisti Allamyrat Rahym 19-njy maýda Aşgabat aeroportuna baransoň, ýurda salynman, yzyna gaýtaryldy.

Allamyrat Rahym “Öz adynyň Türkmenistana barmagy gadagan edilen adamlaryň sanawynda duranlygy üçin” ýurda salynmanlygynyň aýdylanlygyny we onuň sebäbi barada özüne düşündiriş berilmänligini nygtaýar.

Žurnalisteriň ýanalmagy

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy ýurtda höküm sürýän syýasy ýagdaýlar zerarly Türkmenistanda işleýän garaşsyz žurnalistlere howpsuzlyk güýçleri tarapyndan yzygiderli haýbat atylýanlygyny belleýär.

“Serhetsiz reportýorlar” şu günki ýaýradan beýanatynda Türkmen hökümetini “dialog üçin gapylaryny” açmaga çagyrýar. Beýanatda aýratynam ýurtda wagtal-wagtal yglan edilýän günägeçişliklerde türmelerde saklanýan hukuk goraýjy aktiwistleriň, žurnalistleriň we syýasy tussaglaryň hem atlarynyň goşulmagy talap edilýär.

Şol beýanatda aýratynam Türkmenistan barada raport taýýarlamaga ýardam edenligi üçin tussag edilen aktiwistler Annagurban Amangylyjowyň we Sapardurdy Hajyýewiň henizem tussaglykda saklanýanlygy ýatladylýar.

“Serhetsiz reportýorlar” şol aktiwistlere sekiz ýyl iş kesilenligini we olara berlen tussaglyk möhletiniň ýarpysynyň geçenligini belleýär. Beýanatda aýratynam 2006-njy ýylda türmede aradan çykan žurnalist Ogulsapar Myradowa bilen bagly waka boýunça derňewleriň geçirilmegi talap edilýär.

Fransuz parlamenti
“Serhetsiz reportýorlar” guramasy ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk barada kabul eden dokumentini Fransiýanyň 7-nji aprelde gözden geçirip başlanlygyny habar berýär.

Fransuz hasabatçysy Gaýtan Gorsynyň inisiatiwasy bilen milli parlamentiň Daşary gatnaşyklar boýunça komissiýasy bu taslamanyň Fransiýa tarapyndan tassyklanmagyny şert edip goýupdy.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň maglumatyna görä, şol şertleriň arasynda türmede saklanylýan iki žurnalistiň boşadylmagy hem bar. Agzalýan topar muňa oňyn ädim hökmünde baha berýär.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: nabelli nireden: istanbul
26.05.2010 22:02
+0 / -0
Edilyan talap-teklip kan welin , hökümet erjel yapyşyp şol talaplary 50% hem bolsa yerine yetirse-da. Yogsam her gun yokary wezipeli myhmanlar gelip-gidip dur , bularam göz boyamak üçin Aşgabada aylayalar-da sonam yzlaryna ugradyalar. Halkyn habary hem yok name teklipler edilenliginden. Metbugatda yazylanok beyle teklipler.

kimden: Zamana Şayat
27.05.2010 16:54
+0 / -0
Adam haklary, hukugyn üstünligi, demokratiki reformalar yaly juda wajyp zatlar başgasy -et- diyip edilmeli mejbury iş-proses dal-de, hut Türkmen halkynyn öz hak-hukuklaryny talap etmesi bilen baglanyşykly ör boyuna galmaly tebigy-içerki waka bolsa, has peydaly we uzakmöhletleyin netijeli iş bolar. Adalat, adam haklary, söz azatlygy, aç-açanlyk, düşünje erkinligi, asudalyk, ekonomiyanyn durnukly ösmegi, senagatda potensiyallary doly ulanmak we korrupsiyadan doly halas bolmak Türkmenistanyn Real Ösüşi üçin gerekli bolan Belli-başly Esas Şertler. Galyberse-de, awtoritar-basgyjy rejimem wagtyn geçemegi bilen yumuşaamgy ahmal ahbetin, demokrasiyadan we oturan wezipelerinden gorksalaram, netijede Türkmen yolbaşçylaram bary adam-a, olaram wyjdanyn we Hukuk gorayjylaryn çagyryşyna positive jowap bermegi adamzadyn tebigatyna gaty dürs geljek bir iş bolar, Türkmen halkynynam milli bahbidine bap, göwnüne jay bolar