Şenbe, Fewral 11, 2012 Aşgabat wagty 23:50

Türkmenistan

Daşary ýurt ýokary okuw diplomlary barada

Multimedia

Audio
Podcast
Ýazyl"Google" okaýjy
Tekstiň ululygy - +
Daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alan Türkmenistanyň raýatlary ýokary bilim baradaky diplomlaryny Türkmenistanda tassyklatmak üçin Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrabynyň Häkimliginiň ýanynda ýerleşýän Bilim baradaky instituta aşakdaky sanawda görkezilen dokumentleri tabşyrmaly:

1. Raýaty daşary ýurda okamaga iberen edaranyň ýa-da ministrligiň ýokary bilim hakyndaky diplomy ykrar etmek barada towakganamsy;

2. Raýatyň ýokary bilim baradaky diplomyny ykrar etmek barada bilim ministriniň adyna ýazan arzasy;

3. Ýokary bilim baradaky diplomyň Türkmen diline terjime edilen hem-de notariýus tarapyndan tassyklanan 2 sany göçürme nusgasy;

4. Raýatyň daşary ýurt ýokary okuw jaýynda okan döwrüni, onuň okan döwründäki okuwynyň görnüşini, hünäri boýunça okuwyň gündizki görnüşiniň normatiw möhletini, diplomyň seriýasyny we belgisini görkezýän ýokary okuw jaýynyň güwänamasy;

5. Diplomyň goşundysy (baha goýlan) we goşundynyň Türkmen diline terjime edilen hem-de notariýus tarapyndan tassyklanan 2 sany göçürme nusgasy;

6. Şahsyýetiň maşgalasynyň üç arkasy barada maglumat;

7. 3x4 surat ýelmenen şahsy maglumatnama;

8. Pasport nusgasy;

9. Eger raýat işleýän bolsa, iş ýerinden kepilnama we zähmet depderçesiniň nusgasy;

10. Diplom beren ýokary okuw jaýynyň döwlete degişlidigine güwä geçýän resminama we resminamanyň Türkmen diline terjime edilen hem-de notariýus tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasy.

Ýokardaky dokumentler barlagdan geçensoň, diplomyny ykrar etmek isleýän raýat ekzamene goýberilýär. Ekzamenler Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň gutardyş ekzamenleri üçin bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Ekzamenler iki predmet boýunça tabşyrylýar. Olaryň biri raýatyň öz hünärine degişli predmetden, beýlekisi Ruhnamadan. Ekzamenden ýykylan raýat bir ýyldan soň täzeden tabşyryp bilýär, emma ekzamen diňe iki gezek tabşyrylyp bilinýär.

Bellik: Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň diplomlarynyň ykrar edilmegi barada 2009-njy ýylda döwletara ylalaşyga gol çekildi.

Bulara barada doly maglumaty diňlemek isleseňiz sag tarapdaky audio düwmäni basyň.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: abdylkadyr gunogly nireden: Minsk
03.06.2010 21:06
+0 / -0
beh shu wagta chenli Ruhnamadan exam tabshyryalarmyka?
talyplar okayan yerlerinde Ruhnama owrenenoklara.?!
gechen yyl dashary yurda okuwa chykmak uchin Bilim institudyndan kepilnama gerekdi . Bu yylam shonun yaly bir hokga chykararlarmyka diyen pikirde.

halkyn arasynda myshlar kop. kimse okuwy gutaranlar dashary yurda goyberilmejekmish, kimler diyyar gulluk etmedikler goyberilmejekmish )
koplench bu myshlaram dogry bolup chykyar.

kimden: nabelli nireden: istanbul
03.06.2010 21:11
+0 / -0
Maglumat üçin minnetdar.
Ep-esli dokument tabşyrmaly eken. Yene ruhnama sömelip dur !

kimden: nabelli nireden: istanbul
03.06.2010 21:24
+0 / -0
Aslynda hemme kişi hem bilyar , daşary yurdun , esasan hem Yewropa tarapynyn okuwy Türkmenistanynkydan 10000000 esse yokary. Onson ekzamen tabşyrdyp durman diplomy tassyklasalaram boljag-a.
Ekzamen tabşyrayanda-da öz ugrun boyunça soraralar-da , Ruhnamany yok edip ayyr-da.

kimden: Nikolay nireden: Ashgabat
04.06.2010 00:37
+0 / -0
shu yylam tomusda studentlery dashary yurda goyvermejek bolyp bizar etseler, men we hemme student tanyshlarym tribuna chykyp gykylyk turuzmakchy!

kimden: Nikolay nireden: Ashgabat
04.06.2010 00:38
+0 / -0
zat diyilmese, vopshe dagap baryarlay yokardakylar. halk ayaga galaysa-ha diriligine gomeris welin...

kimden: Sorag
04.06.2010 04:38
+0 / -0
Bir dostum Ruhnamadan ekzamen tabshyrypdyr. Soraglaryn arasynda sheyle sorag bar diyipdi:

Turkmenin kalbynda name ornashan bolmaly?

a) Mahir we soygi

b) Watancylyk duygusy

c) Alada we pikir

d) Hemmesi

Shu soragy Garvardda okan bolsanam bilmeyan. Ruhnamany okamadyk bolsan.
Muňa jogap

kimden: Rayat
04.06.2010 16:20
+0 / -0
Yoo-yoo bular adam bolmayar-ay bara. Haysy akylly düzdika-ray ol soragy. İndi şol sorag bir okuwçynyn 'bilim derejesini' ölçeyarmi name? Türkmenin kalbyna name ornaşmaly diyyar? Güljekmi-aglajakmy? Türkmenin kalbyna name ornaşmalydygyny-ha biljek dal welin, önürti Bilim Minisrtlikde oturan tenteklerin kellesine 'akyl' ornaşmaly.

kimden: Mert
04.06.2010 12:31
+0 / -0
Menden bu şertlere ullakan silkme Türkmen telpegi goyyan Toba-tagsyr Okuwy gutaransonam arkayynlyk yok-da 10-njy klasdan bari Ruhnama diyilyan zadyn yüzüni açmadyk, Daşary Yurtda okan oglana Ruhnama soramak akylly adamyn etjek işi dal Samsyk bolaymasa şu Bilim Minisrtliginin işgarleri Birem 3 arka meselesi Olar dal-a men işlemel-a Olaryn name dahyly bar menin iş durmuşumda Yene bir telpek...

kimden: men nireden: russiya
05.06.2010 12:28
+0 / -0
Ruhnamadan ekzamen tabsyryp tassyklatmaly bolsa, tassykladylman gecsin))) Specialistler gerek dal bulara))) nace samsyk bolsan sonca gowy))) sol cuyruk sisteme henizem dowam edyar))) Вместо того поддерживать, опеспечивать таких специалистов работой))) ай ладно, начинаешь нервничать))) Janlary sag bolsun))) nahili etselerem bir yoluny taparys))) dine ozune ynamlylyk, kop okamaklyk))) Hemmanize ustunlikler!!!

kimden: dont... nireden: hytay
05.06.2010 20:02
+0 / -0
yaman gyzykly:)
oxfordda okasan,sonam oxforda baryp Turkmenistan sana ozuni tanat diyyar,yogsam men diplomymy kabul etmeyarler diysen,Oxfordyn berjek jogaby ``f`` harp bilen baslar.yokary okuw jayinin sol dowlede degisli ya da daldigini dowletin yagny Turkmenistanyn ozi bilmeli,beyle hayist bilen barsan ustunden guldurersin:)