Şenbe, Fewral 11, 2012 Aşgabat wagty 23:33

Medeniýet

Bal süýji, baldan – bala

Üstümizdäki hepdede, 1-nji iýunda dünýde Çagalary goramagyň Halkara güni bellendi.

Multimedia

Audio
Tekstiň ululygy - +

Bu çäre arkaly dünýä jemgyýetçiligi çagalaryň hak-hukugy hem terbiýesi meselesine hökümetleriň ünsüni çekdiler. Sebäbi dünýäde bolýan her bir kynçylyk hem dürli çaknyşyk owaly bilen çaga ykbalyna zarba urýar.

Her bir agyr durmuş owaly bilen ynsanyň ömür güli bolan çagalygyny soldurýar. Şol aladalardan ugur alýan dünýä jemgyýetçiligi her ýylda 1-nji iýunda, tomsuň başlanýan gününde Halkara çagalar gününi belläp geçýär.

Şol güne gabatlanyp, dürli medeni çäreler hem geçirilýär. Meselem Çehiýa Respublikasynda Çagalar kino festiwaly geçirildi.

Dünýäde ägirt uly tebigy baýlyga eýe bolan Türkmenistan ýaşlaryň hem çagalaryň ýurdy saýylýar.

28-nji maýdan 2-nji iýun aralygynda Türkmenistanda hem «Awaza—dostluk mekany» diýen at bilen halkara çagalar festiwaly geçirildi.

Çagalaryň arasyndaky bu halkara festiwal Türkmenistanda indi üçünji gezek geçirildi.

2006-njy ýylda ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň inisiatiwasy bilen «Altyn asyryň altyn nesilleri» ady bilen ilkinji sapar geçirilen bu festiwalyň maksady dünýä jemgyýetçiligini ünsüni Türkmenistana çekmekden ybarat bolupdy.

2006-njy ýylda çagalaryň bu halkara festiwaly Türkmenbaşy şäherinde, Hazar deňziniň kenarynda geçirilipdi. Emma 2008-nji ýylda ikinji gezek geçirilen bu festiwal diňe Aşgabat şäherinde geçirildi.

Festiwala gatnaşmaga gelen çagalar şol ýyl Gökderedäki täze gurlan çagalar dynç alyş merkezlerinde dynç alypdylar.

Çagalar babatda edilýän käbir aladalara garamazdan çagalara niýetlenen dürli gazetleriň, suratly žurnallaryň, gyzykly kitaplaryň çykarylmaýandygyny ýerli habarçylarymyz aýdyp gelýärler.

Şu babatda türkmen çagalary entegem S. Nyýazow döwründe gadagan edilen dürli gazet-žurnallardan entegem mahrum bolmagynda galýar.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: nabelli nireden: istanbul
06.06.2010 19:37
+0 / -0
Çagalara bagyşlanyp çykarylyan dine Güneş jurnaly bar. Onunam içinde kabir yazylan makalalar çaga düşünerden agyr. Meselem : Tehnologiya hakda yazylyan sahypasynda , www.wikipedia.org hakda yazypdyrlar. Interneti görmedik , bilmeyan çaga beyle zada nadip düşünsin ?!
Muňa jogap

kimden: Gadyr
07.06.2010 11:50
+0 / -0
Yene gürletsen Döwlet adam üçin diyerler Yurdun geljegi bolan çagalar hakda 'Güneş' jurnalyndan başga neşiri bolmadyk Yurt öwünmekde dünya birinjisi. Geçirilyan medeni çarelerem 'Yurdun alyp baryan syyasatyny propoganda etmage gönükdirlyar', çagalar bilen uzakdan-yakyndan baglanyşygy yok. Ay bolya-da...
Muňa jogap

kimden: Ayhan
07.06.2010 16:14
+0 / -0
Gaty gowy söz Ejem janam köp aydardy bu sözi. Bal süyji baldanam bala süyji diyip bizi - çagalaryny bir-bir söyerdi Duygulandym...