Şenbe, Fewral 11, 2012 Aşgabat wagty 23:20

Jemgyýet

Okuw we iş

Maglumatlara görä, her ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryny 4000-e golaý student tamamlaýar. Şol ýaşlaryň işlejek ýerleri öňünden belli edilýärmi? Täze uçurumlar üçin işe ýerleşmek şertleri we düzgünleri, täze spesialistleriň öz karýeralaryny gurmak mümkinçilikleri nähili?

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň studentleri, 2008-nji ýyl.

Multimedia

Audio
Tekstiň ululygy - +
Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň uçurumlary, 2010-ny ýyl
Türkmenistanly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew ýurduň ýokary okuw jaýlaryny tamalaýan ýaşlaryň diňe tanyş-bilişlik we garyndaşparazlyk esasynda işe ýerleşip bilýändiklerini, daşary ýurt kompaniýalaryna işe ýerleşjek bolsalar, şol kompaniýalaryň türkmen ýaşlarynyň bilim derejesine we dil bilşine üns berýändiklerini aýdýar.

“Şeýle-de ençeme edaralara işe ýerleşmekçi bolanlarynda Türkmenistanyň ýörite gulluklaryndan ýaşlar barada hasiýetnama soralýar. Eger-de olaryň üç arkasynda ýurduň gara sanawyna düşenler bar bolsa, olara ynamly adamlar däl diýilen maglumat berilýär. Bu ýagdaý ýaşlaryň işe ýerleşmegine böwet bolýar” diýip, Bugaýew aýdýar.

Soňky döwürde Türkmenistanda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy barada alada edilip, ýokary okuw jaýlarynyň döwrebap tehnika bilen üpjün edilen taze binalar gurlup, ulanylmaga berildi. Ýaşlaryň daşary ýurtlarda okap, bilim almagy barada hem belli bir derejede alada edilýar.

Emma ýazyjy Bugaýew şol ýaşlaryň Türkmenistana öwrülip gelmeginiň sorag astynda galýandygyny aýdýar: “Öz ylym-bilimi, öz güýji bilen daşary ýurtlara okuwa giden ýaşlar, adatça, yzyna öwrülmeýärler. Sebäbi ýokary wezipelerde işleýän hossarlary bolmasa, olar işe ýerleşip bilmeýärler. Şonuň üçin hem Türkmenistana suw we howa ýaly zerur spesialsitler ýurda dolanyp gelmeýärler”.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Merkezi Aziýa regiondaky bilimli-ylymly spesialistleriň uly bölegi işlemäge daşary ýurtlara gitdiler. Daşary ýurtlara işlemäge giden spesialistleriň Türkmenistanda hem az däldigi aýdylýar.

Emma Bugaýew olaryň-da daşary ýurtlara ogryn ýol bilen gidýändiklerini aýdýar. «Sebäbi migrasiýa gulluklary olaryň gitmegine mümkinçilik bermeýärler. Häzir ýurtda daşary ýurt pasportlaryny 2013-nji ýyla çenli almak hakynda ýörite perman bar. Emma ol belli bir şertlerde berilýär. Mysal üçin, okamaga gidýän bolsa we onuň okajak ýurdunyň Daşary işler ministrliginden ýörite haty bolsa ýa-da ýaşlar Turkmenistanyň raýatlygyndan ýüz öwrüp, başga ýurduň raýatlygyny alýan bolsa».

Ýaş uçurymlar hakda alada barmy?

Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy Ak Welsaparyň aýtmagyna görä, Sowet döwründe ýokary okuw jaýlaryny tamamlaýan studentler üçin öňünden girizilen düzgün bardy. “Ýaşlar okuwy gutarmankalar, olaryň baryp işlemeli ýeri belli edilýärdi. Hatda okuw jaýyny bitiren ýaşlar iki ýyl hökman bir ýerde işlemelidi. Şol döwürde okuw jaýynyň studente eden çykdajylary ödelýär diýlip hasap edilýärdi. Iki ýyldan soň ol islän ýerinde öz hünäri boýunça işlap bilýärdi. Başga hünäre geçmek halanmazdy”.

Türkmen döwlet politehniki institutynyň uçurymlary, 2010-njy ýyl.
Emma häzir beýle ýagdaýlar bolmansoň, ýaşlar işe ýerleşmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga mejbur bolýarlar diýip, ýazyjy sözüni dowam etdirdi: “Häzir Türkmenistanda önki Sowet döwründe bolan aladalar hem edilenok. Şol sebäpli ýaşlar islendik ýol bilen özlerine iş ýerlerini tapynmaly bolýarlar. Şondan kadrlaryň zaýalanmasy başlanýar. Olar ilkibaşdan nädogry ýola düşýärler. Şonun üçin hem Türkmenistan iň bolmanda Sowet döwründäki düzgüni dikeltse, ýaşlara uly kömek bolardy».

A.Welsapar ýaşlary iş bilen üpjün etmekde hökümetiň öňünde anyk wezipeleriň durýandygyny aýdýar: “Bir ýyl öňünden ýokary okuw jaýlaryny bitirýän ýaşlaryň nirä işe iberiljekdiginiň aladasyny etmeli. Ýaşlaryň baryp işlejek ýeri bilen ylalaşyp, olar üçin iş ýerlerini taýýarlamaly. Bu işlere döwletiň özi gözegçilik etmeli”.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, şu ýyl Halkara türkmen-türk uniwersitetini 216 student, Türkmen Döwlet Pedagogik institutyny 170 student tamamlaýar.

Türkmenistanyň Bilim minstrliginiň maglumatyna görä, Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryny bitirýän ýaşlara institutyň özünden işe ýerleşmäge ýollanma berilýär. Şol ýollanma arkaly ýaşlar işe ýerleşýärler.

Goňşularda ýagdaý elhal...

Gyrgyzystanyň Bilim ministrliginiň professional bilim boýunça bölüminiň başlygy Abdumannop Joldaşewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, döwletiň kararyna laýyklykda ýokary okuw jaýlarynda döwlet býujeti esasynda bilim alan ýaşlar hökman öz hünäri boýunça işe ýerleşdirilýärler. Beýlekilerine öz islän ýerinde işlemäge mümkinçilik berilýär. Olar konkurs, ýagny bäsdeşlik esasynda işe ýerleşýärler.

Joldaşewiň sözlerine görä, her ýyl Gyrgyzystanda 20-25 müň çemesi student ýokary okuw jaýyny tamamlaýar. Şolaryň bäşden bir bölegi hökman işe ýerleşdirilýär we olar iki ýyl işlänlerinden soň, diplom alýarlar.

Gyrgyzystanda ýaşlardan bäsdeşlik esasynda daşary ýurtlara gidip işleýänleri-de az dal. Gyrgyzystanda kontrakt esasynda okamak üçin okuw jaýyna, haýsy okuw jaýynda okaýandygyňa baglylykda, ýylyna 300 amerikan dollaryndan bir ýarym müň amerikan dollaryna çenli töleg tölemeli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: enwer nireden: Çanakkale Türküye
03.07.2010 20:26
+0 / -0
habarlardan netije çykarsam,eger T-tan yokary okuw jaylaryny gutaranlar
iş tapmakda kynçylyk çekyan bolsa,men yaly daşary yurtda okayan
hem-de kakasyz yetym hosarlarynyn barysy gara işlerde işleyanler
hiç hem-de hiç iş tapmazlar.

kimden: Erkinlik we Hakykat
05.07.2010 05:06
+0 / -0
Hormatly Watandaslar! Biz hazirki wagtda Turkmenistanda yilda 4000-e golay ucurymyn hunar we blim derejesini, basda sol ucurymlaryn ozi bolmak bilen, hemmamiz oran onat bilyaris. Damardan sanjym edip bilmeyanin hem bellenen mohletde Lukman adyny alyany hemma malim. Yokary okuw jaylaryna giris yagdayi bolsa gurlesilmese-de bolyar. Giryanlerin 90-95%-i para bilen giryar. Sol puly berip giryan(25-30 mun dol) işem tapyar. Gyrgyzystanda okuw azragam bolsa sistema giren yone hili o diyen onat dal. Yone dowletin ozunde sistema bolmasa, yokardakylarda ynsap bolmasa okuw bolmagy bizde mumkin dal. Yolbascylar, yurtda halkyn payina dusyan coregi az bersin, energiyany az bersin emma okamaga haky, islegi we kellesi bolan yaslarymyzyn okamak hakyny elinden almasyn. Dowlet yokardaky adamlaryn mulki dal-a, olar dowletin pudaklaryndan oz kiselerine pul gazansyn. Hemme zat bilimden baslanyany ucin in bolmanda gaty cakli bolan okuw jaylarynda kim layik bolsa sol okasyn. Ozleri layik bolmadyk stollarynda otyr diyip basga yerlere-de nalayiklary oturtmaga mejbur dal. Yazyjy dasary yurtdaky spesialistlerimiz meselesine oran yerlikli degnipdir. Solaryn hemmesini jemlesen, yurdumyz gor nahili oserdi her pudakda. Emma yokardakylar bir zady gozden gacyryalar. Eger kabir dowletler 25 yil son tagtyny biduzguncilik ucin ulananlardan hasap sorap bilyan bolsa, bizem Magtymgulynyn dowamaty bolup hazirki gunde haky ceynelyan halkymyz bolup haram iyyanlerden hasap sorarys. Icinde Watan soygusi bolan herkim, Magtymguly atamyza hak beryan her kim omrunin manysyny icimizdaki donuklere, yurt dusmanlaryan garsy sowesmek diyip bilmeli. Agzymyzy birlesek ykbalymyz goteriler. Eger Hakyn sylan milleti bolup bir topar yolsuzlar tarapyndan dolandyrylyan bolsak bizin bir kemciligimiz bar diymek. Hacana cenli dymmaly biz bulara?!

kimden: Gollag nireden: >>>>
06.07.2010 12:56
+0 / -0
Hak AytYan Dostjan Turkmenistanda Sheyle bir uly Kynchylyk bar O kynchylygada Dine Turkmenistandan Dashara chykanlar bilya(Studentler). Dogry Her bir Adamyn Haky bar olan soralyjakdyr Yagny Turkmenistanda Adalat Yok Yok Yok. Bu Adalatam Geljekde dine biz gowlap bileris Bu Hakykaty Tananlar. Turkmen Studentler barada Dogry AytYanyz Olar okayalar emma Yenede bosh chykYalar 80-90%. Men ozin 1 we 2 Kurs Turkmen Studentler barada gurrundeshlik gechiripdin HATTA olaram Tassyklapdy Okuw Yok diyip. Biz dine Turkmenistan ATA-WATANYMYZY One surmek yagny Geljege Yol Achmalydyrys Bizden Bashga Hich kim bulary oylamaz. Dahary Yurtdaky Turkmen Studentler...