Şenbe, Fewral 11, 2012 Aşgabat wagty 23:01

Halkara

Gurhany ýakmak çäresine garşy çykylýar

ABŞ-nyň Owganystanda gulluk edýän harby generallary Floridada ýerleşýän bir ybadathana tarapyndan 11-nji sentýabrda geçiriljek Gurhany ýakyşlyk çäresini togtatmaga çagyrdylar. ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasyna hem bu çäräni yglan eden ybadathanany tankytlap, onuň bu hereketiniň amerikanlaryň köpüsiniň gaharyny getirendigini beýan etdi.

6-njy sentýabrda Kabulda birnäçe ýüz adamyň gatnaşmagynda amerika garşy protest demonstrasiýasy geçirildi.

Multimedia

Audio
Podcast
Ýazyl"Google" okaýjy
Tekstiň ululygy - +
ABŞ-nyň hem ýaranlyk güýçleriniň Owganystandaky goşunlarynyň serkerdebaşysy general Deýwid Petreus we NATO-nyň turgenleşik missiýasyna ýolbaşçylyk edýän general-leýtenant William Kaldwell Floridada ýerleşýän bir ybadathana tarapyndan 11-nji sentýabrda geçiriljek Gurhany ýakyşlyk çäresini togtatmaga çagyrdylar.

Bu çäre Florida ştatynda ýerleşýän Gaineswille şäherindäki 50 agzasy bolan bir kiçi ybadathana tarapyndan yglan edildi. Ýerli häkimiýetler bu ybadathananyň Gurhany ýakyşlyk ýöreýşini geçirmegine rugsat bermediler. Ýerli häkimiýetler rugsadyň berilmeýändigini bu çäräniň ýangynyň emele gelmeginiň öňüni almak baradaky düzgüni bozýandygy bilen düşündirdiler.

Muňa garamazdan, ybadathananyň pastory Terry Jones bu çäräniň geçirilmeginiň gün tertibinde galdyrylýandygyny mälim etdi.

General Deýwid Petreusyň pikiriçe, Gurhany ýakmak çäresi uly problemalary döredip biler.
Owganystandaky ýaranlyk güýçleriniň serkerdebaşysy general Deýwid Petreus we beýleki harby generallar prezident Barak Obamanyň dünýäde ýaşaýan bir ýarym milliard musulmanlar bilen gowy gatnaşyk gurnamak babatda edýän tagallalaryny Terri Jonsyň ybadathanasynyň ýoga çykaryp biljekdigini nygtadylar.

General Deýwid Petreus bu ybadathananyň yglan eden çäresiniň talyplar tarapyndan öz hereketlerini güýçlendirmek üçin doly ulanyljakdygyny aýtdy. Ýagny, ol hut şeýle çäreleriň ekstremistler üçin örän amatlydygyny belledi. Generalyň pikiriçe, Gurhany ýakmak çäresi diňe Owganystanda däl, eýse dünýäniň hemme künjeklerinde ýaşaýan musulmanlar bilen amerikanlylaryň arasynda uly problemalary döredip biler.

“Kemsidiji inisiatiwa”

NATO-nyň türgenleşik missiýasyna ýolbaşçylyk edýän general-leýtenant William Kaldwell 6-nji sentýabrda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda şeýle çäre üçin owgan ilatynyň Owganystanda gulluk edýän ýaş esgerlerden ar almaga synanyşmaklarynyň mümkindigini çaklady: “Bu hereket Owganystanda gulluk edýän ýaş oglan-gyzlarymyzyň howpsuzlygyna wehim salar we biziň şu ýerdäki missiýamyzy ýoga çykaryp biler”.

ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasy hem bu “adamlary kemsidip, olaryň göwnüne degip biljek” inisiatiwany öňe süren ybadathanany tankytlap, bu mesele bilen bagly ýörite beýanat ýaýratdy. Şol beýanatda “Hemme dini toparlara hem dürli milletlere degişli amerikanlylar bu Florida ştatynda adamlaryň kiçi topary tarapyndan öňe sürlen kemsidiji inisiatiwany ret edýärler. Amerikanlylaryň aglabasy bu köp adamyň dini duýgularyny ynjydyp biljek beýanata garşy çykyş edýärler” diýilýär.

Protest bildirilýär

Amerikanyň ýokary derejeli harbylarynyň we resmileriniň Floridadaky ybadathananyň yglan eden çäresini ýiti tankytlap çykyş edendigine garamazdan, 6-njy sentýabrda Kabulda birnäçe ýüz adamyň gatnaşmagynda amerika garşy protest demonstrasiýasy geçirildi.

“Amerikanlylara ölüm!” diýip, gygyrysýan protestçiler ABŞ-a garşy şygarlar ýazylan plakatlary ellerinde göterip, ýöriş etdiler. Bu proteste esasan dini mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Olardan biri Wahidullah Nuri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna şeýle diýidi: “Biz şu gün öz aladalarymyzy Amerika ýetirmek üçin ýygnandyk. Biz demonstrasiýalarymyzy dowam etdireris. Biz Amerikany mukkades Gurhanymyzy kemsitmegi bes etmäge çagyrýarys”.

7-nji sentýabrda Eýran hem öz garaýşyny beýan edip, bu mesele bilen bagly gapma-garşylygyň artmagyna goşandyny goşdy. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmanparast Günbatar ýurtlara ýüzlenip, “Söz azatlygyndan hyýanatçylykly peýdalanyp, adamlar üçin mukkades bolan dini duýgulara degmegiň öňüni almaga” çagyrdy. Şeýle edilmese “musulmanlaryň gahar-gazabyna gözegçilik etmek kyn bolar” diýip, Ramin Mehmanparast nygtady.

CNN telekanalyna beren interwýusynda pastor Jones özleriniň planlaşdyrýan Gurhany ýakmak çäresi sebäpli ýekeje adamyň ömri kesilse, munuň tragediýa boljakdygyny aýtdy. Şol bir wagtda-da ol özleriniň yslam arkaly ýaýradylýan gorka hem ýigrenje garşy iru-giç durmaly boljakdyklaryna düşünýändiklerini nygtady. Bu ybadathananyň internet sahypasynda yslamyň “zorlugyň hem zulumlygyň” dinidigi aýdylyp, onuň paş edilmeginiň zerurdygy ýazyldy. Bu internet sahypada yslam dininiň şeýtandan çykandygy ýazylýar.

Geçen ýyl bu ybadathana döşünde şeýle ýazgylar ýazylan köýnekleri ýaýradanda, bu waka dünýä metbugatynyň üns merkezinde boldy.

Iki tarap hem gaharly

Musulmanlaryň mukaddes kitaby Gurhanyň beýleki dini toparlara degişli bolan adamlar tarapyndan kemsidilmegi Owganystan ýaly konserwatiw ýurtlarda dürli demonstrasiýalaryň peýda bolamagyna getirýär. Geçen birnäçe ýylyň dowamynda amerikan esgerleriniň Gurhany kemsidendigi baradaky gep-gürrüňler hem protestleriň ýüze çykmagyna getiripdi.

Muhammet pygamberiň karikaturalarynyň günbatar ýurtlarynda çap edilmegi-de Owganystanda köp adamyň gaharyny getirdi. Ýöne ABŞ-da hem 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr wakalary bilen baglylykda musulmanlara garşy gaharyň artýandygy habar berilýär.

Pastor Jonsyň Gurhany ýakmak baradaky inisiatiwasy Nýu Ýorkda 11-nji sentýabr wakalarynda partladylan Bütindünýä söwda merkeziniň duran ýeriniň golaýynda metjidiň we musulmanlaryň medeni merkeziniň gurulmagy bilen bagly gapma-garyşylyklaryň ýitileşmegine gabat geldi. Bu plana garşy çykýanlar şeýle gurluşygyň 11-nji sentýabrdaky wakada heläk bolanlaryň dogan-garyndaşlarynyň göwnüne degip biljekdigini aýdýarlar.

Prezident Barak Obama bilen Nýu Ýork şäheriniň administrasiýasy bu terrorçylykly hüjümi ekstremistleriň gurnandygyny, şol az sanly adamlaryň bu hüjümi üçin hemme musulmanlaryň hak-hukugy kemsidilse, munuň nädogry boljakdygyny aýtdylar.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Daşoguz
09.09.2010 18:20
+0 / -0
Makalada Gurhany ýakmak "çäresi" diýilmegi nädogry. Ol çäre däl. Gurhany ýakmak "wakasy" diýilse -ana şonda dogry bolar.
Muňa jogap

kimden: Moderator nireden: Praga
09.09.2010 18:21
+0 / -0
Gadyrly okyjy, belligiňiz üçin minnetdar.

Ol waka däl, aksiýa, ýagny çäre geçirilýär.

Hormat bilen
Moderator
Muňa jogap

kimden: x nireden: y
09.09.2010 21:57
+0 / -0
Hormatly moderator aksiya diymek çäre diymek dal. çäre bu "solution" yada "remedy" diymek. Eger aksiya diyjek bolsany onda "hereket" diymeginiz gerek. "çäre" sozu umuman dogry gelmayar bu yere. Cunki mukaddes kitaby yakmaklyk bu provakatsiya (çäre bilen hic alakasy yok), bir wagtlar bulara menzes fanatikler alymlary (Kopernik, Galileo,...) yakipdy.
Muňa jogap

kimden: Dilçi
09.09.2010 23:28
+0 / -0
Moder, bagyşlarsyň. men jogap bereýinle ýeriňe.

X dost. Gije gundiz telewidenyamizde Medeni çäreler, Baýramçylyk çäreleri diýip gaýtalap bogaz etdiler. Näme onda seniň diýşiň ýaly Medeni remedy, ýa-da baýramçylyk solutiony bolýarmy? Çäre diýmegiň 3 manysy bar. Biri em-ýom, beýlekisi hem çözgüt, ýene bir hem gurlanýan haýsydyr bir üýşmeleň. Onsoňam hereket diýmegiň Syýasy maksatlar bilen toparlanşyk manysy bar. Türkiýaniň Watançylar hereketi mysal üçin. Waka diýlip haçan-da bir zat bolup geçenden soň aýdylýar. Bolmadyk zada waka diýlen ýerini eşitdiňmi? Dogry aýdýalar, aksiýa-çäre şol. Ýöne seniň sözlügiňdäki çäre däl. 3-nji manysy.

kimden: Daşoguz
09.09.2010 20:10
+0 / -0
Men gepi uzadyp oturjak däl, sizden aýýp gözlemek maksadymam ýok. Dil baradaky çekeleşmeleriň çeni çaky ýok. Emma ýaňyja makalanyň originalyna seretdim. Tochno "event" yagni - waka diýilipdir, Ikinji bir tarapdan- çäre diyilmegi bärde gabat gelenok, aýratynda Yslam dini barada. Yenede bir zat, çäre sözüniň мероприятие diýen manysam bar.
Hormat bilen Okyjy.