Ýekşenbe, Maý 20, 2012 Aşgabat wagty 06:10

Halkara

Günbatar liwiýaly gozgalaňçylary näme üçin goldanok?

Liwiýanyň ýolbaşçysy Muammar Kaddafini saýgylamaly bolanda günbatarly liderleriň elleri hemişe gamçyly.

Libya -- A rebel fighter fires his anti-aircraft gun as he flees together with other rebel fighters from Ajdabiyah, outside Ajdabiyah on the road to Benghazi, 15Mar2011

Multimedia

Audio
  • Günbatar liwiýaly gozgalaňçylary näme üçin goldanok?

Tekstiň ululygy - +
“Kaddafi gün saýyn öz halkyna zulum edýär. Ýitirere wagt ýok. Bu režime görkezilýän gysyş gowşamaly däl” diýip, Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron 14-nji martda Parižde geçirilen G-8-iň duşuşygynda aýtdy.

Ýöne günbatar ýurtlarynyň arasynda Kaddafä garşy söweşýän gozgalaňçylaryň ýolbaşçylaryny ykrar eden diňe Fransiýa. Beýlekiler hem bu işi eden bolsady, onda Liwiýanyň daşary ýurtlardaky pullary, nebitden gelýän girdejiler we tabşyrylýan ýaraglar gozgalaňçylaryň erkinde bolardy.

Beýlekileriň bu işden yza tesmeginiň nähili sebäpleri bar? Munuň sebäbi Günbataryň gozgalaňçylar barada bilýän zatlarynyň az bolmagy ýaly görünýär. 7-nji martda Ak Tamyň sözçüsi Jeý Karneý: “Gündogar Liwiýadaky bir poçta gutusyna bir daňy ýarag ibererden ir” diýdi.

Bu gün bolsa, gozgalaňçylaryň kimlerdigi belli bir derejä çenli bilinmän duranok. Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton ýakynda olaryň bir delegasiýasy bilen duşuşdy. Obamanyň administrasiýasy hem Liwiýanyň gozgalaňçy toparlary bilen diplomatik gatnaşygy ýola goýdy.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton hem gozgalaňçylaryň elindäki şäher bolan Bengazä Bileleşigiň diplomatik missiýa iberjekdigini bildirdi.

Tobruk şäherindäki demonstrantlar häkimligiň ýakylan binasynyň ýokarsynda, 15-nji mart.



Bulara garamazdan, gozgalaňçylaryň ykrar edilmegini çaklara göze ilip duran esas köp däl. Munuň sebäbini Londonda ýerlşeýän “Royal United Services” institutynyň ylmy işgäri we region boýunça ekspert Şahşank Joşi şeýle düşündirýär: “Biz ýolbaşçylygyň ýokary hataryndaky möhüm şahsyýetleriň käbiriniň kimlerdigini bilýäris. Mysal üçin, öňki içeri işler ministri gaty ýokary derejede. Ol belki müň adamdan durýan ýörite güýçlere serkerdelik edýäne meňzeýär. Bu işde öňki adalat minstriniň-de eliniň bardygyny bilýäris. Ýöne gozgalaň hereketiniň içindäki toparlary bilemzok. Mysal üçin, olaryň bölünişi nähili, tire-taýpalar bilen hyzmatdaşlygy nähili?”

Wagtlaýyn Milli geňeşde gaty gowy tanalýan adam - bu Geňeşiň başlygy, öňki adalat minstri Mustafa Abdel-Jalil. Ol Liwiýa gozgalaňlary başlanyndan bäş gün soň, 21-nji fewralda, demonstrantlaryň garşysyna zorluk ulanylmagyna protest bildirip, wezipesinden çekildi. Soň hem geçiş hökümetini gurmak üçin Bengazä gitdi.

Ýöne Günbataryň Liwiýa rewolýusiýasyna tankydy garamagyna sebäp bolýan zat - ol ýerde halkara derejesinde liberal diýlip ynanylýan ýolbaşçylaryň ýokdugy.

“Gozgalaňçy ýolbaşçylar Kaddafiniň režiminden ýüz öwrüp, onuň garşysyna harby kampaniýany ýola goýdular. Olaryň bu howpy öz üstlerine almagy demokratik isleg-arzuwlaryny ýa iň bolmanda Kaddafä garşydyklaryny görkeýär” diýip, Joşi aýdýar. “Beýleki tarapdan bolsa, mysal üçin, Müsürde režime garşy köp wagtlap kampaniýa alyp baran Muhammed El-Baradeý ýaly liberal şahsyýet hökmünde tanalýan şahsyýetler bardy. Liwiýada bolsa şular ýaly şahsyýetler ýok”.

Kaddafiniň harbylary Ajdabiýah şäherine golaýlaýar, 16-njy mart.



Käbir analitikler Kaddafiniň güýçleriniň köp etraplary yzyna alyp, Bengazä golaýlap gelýänine salgylanyp: “Günbatar hökümetleri indi öz ugruny üýtgedip, gozgalaňçylary ykrar etmez” diýýärler. Köp ýurtlar bolsa Kaddafä gysyş görkezmek gozgalaňçylary goldamakdan gowy strategiýa diýen pikirde.

Ýöne basyş etmek alan etraplaryny gün-günden elden berýän gozgalaňçylary halas edip bilermi? Bu soraga belli bir jogap bermek aňsat däl. Sebäbi, bu gozgalaňçylaryň Bengazidäki söweşde nädereje garşylyk görkezip biljekdigine bagly. Ýöne bir zat welin belli, ol hem daşardan edilýän basyşyň netije bermegi üçin wagtyň gerekdigi. Bu hem häzir ýetmezçilik edýän zatlaryň biri.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Mergen
18.03.2011 05:58
+0 / -0
Siz hey bir pikir etdinizmi? name uchin gunbatar dowletler beyle garshylyk bildiryar. Azatlyk Radio, siz bu zatlary govy bilyaniz, yagny bularyn barysy provokasiyadygyny we goz yumyanyz. Gunbatar dowletlerin agentleri provakasiyany planlashtyryp we sonuna chenli berjay edyarler, we gunbatar we shona bagly bolan MEDIAlar komek edyar. We in sonunda Kadafi yalylar gunakar bolyar. Men Kadafinin tarapyny kop tutamoktym, yone bu waka uytgeshik waka, yagny menin Kadafiden kop umidim bar we ol duzeler. Herkim oz yurdyny haramzadalara beresi gelmez.
Muňa jogap

kimden: Ayjemanl
18.03.2011 13:30
+0 / -0
Mergen, sizin pikirnizce 40 yylap hokum suren diktator oz halkyny gyrybermelida? Siz pikir edyarsinizmi? Tanry tarapyndan adam ynsanyna berilen erkinligi hic bir diktator caklendirmeli daldir. Yolbascylar halkyn erkin, adal zahmetine dayanyp yasamagyna yardam bermelidir. Basga bir adam ya-da rezim tarapyndan girizilen caklendirme hic bir adamy ruhy taydan osdurip bilmez. Her ynsana adam yaly azat, erkin yashamaga, okajak yerini ozinin saylamagyna, gitjek yerine gidip, etjek zadyny etmage Huday tarapyn hak hukuk berilendir. Sonun ucin hem hakimiet basyna gelip, wezipesinden hyyanatcylykly peydalanyp, halkyny caklendirmage, halka zulum-sutem etmege synansyan diktatorlara yol bermelidaldir!
Muňa jogap

kimden: Mergen
19.03.2011 02:35
+0 / -0
Bor Ayjemal, taze hokumet gechti diyelida, hany hemmezat uytgarmika. Meselem Owganistan, Yrak we yene Amerika bilen kanflikt bolan dowletler duzelimi? YOK. Shol onki bolushy, yada hasam beter. Gozuni achda seret Liwiyanyn Geografiki yerleshi. Olardada Nebit bar, we shol sebap bilen prowakasiya bashladyp hokumede garshy goreshjek bolyarlar. Hemme eyyam dushundi namanin ustunde dava gidyanini, sen bolsa halam shol pikirde.

Duyn Televizordan goni effirde UN dowletleri oydyan, sholaryn ses berishligi boldy, yagny sanksiya girizmelimi ya yok Liwiya. Shonda bolek dowletlerden yolbashchylar bardy, olaryn dunya politikasynda uly orny yok, dine goz uchin chagyrylan: meselem Lebanon we Bosniya G.

Gunbatar mediyanyn nahilidigini aydyp durmayin, ony hemme bilyar. Agentleri iberip provokasiya bashlayarlar we media bolsa hasam ustuni goshup aydyp ulaldyar.

aytmana zat kop, yone sen yaly dushunmejek adamlara wagt yitirenine degmeyar.
Muňa jogap

kimden: Bayram
19.03.2011 10:09
+0 / -0
Mergen, birinjidena Libya goshun surjek bolup duran yok, neit gaz diyip yykdynay, goshun surjek bolsa Hytay bilen Russiyada gorman duranok. O yerde ucushlary yatyryalar, onuni cekyanem Fransiya bilen Britaniya. Ikinjidenem ses berishlikde pes dowletler bar diyipsin. Bagyshla welin Russiya bilen Hytayda WETO hukugy bar, yekejesi islemese resolutiony yatyryp bilyadiler, yone olaram garshy cykmadylar. Name Qaddafi halky gyryp oturmaly, dashyndakylaram seredip oturmalymy? Name, nebit bar diyip Kaddafinin goshunlaryny bombalamaly dalmi indi? Eger shuna goz gorkezmeseler, hemme diktatorlar shundan sapak alya!!! Yene bir zat: Arab Ligi isleyar esasanam shonun duruzulmagyny, tak cto kinolarda goryan zatlaryna kan bil baglama. Obyektiw bol, sho halkyn yerine ozuni goy...birem UN-in duzgunlerini, Security Council duzgunlerini okap, teswir yazsan hasam manyly bolar...:)
Muňa jogap

kimden: Mergen
21.03.2011 05:25
+0 / -0
Ayjemal, nahili yagday bolsun bolmasyn, Liwiyanyn halky kosensede kosenmesede Gunbatarlylar oz maksadyna yetmese ursh dowam eder. Eger demokratiya bolsady amerikanlar yenillik bilen yurdy eline gechirip alarda. Demokratiya diyen sozi umuman yatdan chykaryn. Gunbatar demokratiyasyny men govy bilyan we yashap gordum shol yerlerde.
In yonekey mysal, neshe diyen zady turkmenistanda kyn yone tapdyryar neshekeshlere. Emma Amerikan yada Britanyaly neshekeshler bir kochede yada chunkde duryan satyjylara baryp ach-achan satyn alyarlar. yash oglan gyzlar yolda chekiship yorler shol haram zady. Onson ayt mana TM bilen USA yada UK'in name tapawydy bar demokratiyanyn bolany.
Ondan bashgada mysal kop. Gep demokratiyada dal, oz yurdyny ata-watanyny goramakda we Liwiyadaky hokumedinin shu gunki maksady shol. Eger olar hokumetden chekilseler shu gunkidenem beter yagdaya dusherler. Name bolsadam shu gunune kayil yashamaly.

Kadafi erbet diktator, men ony hichem goldamoktym, yone shu bolyan wakalar umuman bashga yagday. Halkyn azatlygy uchin dalde, bir bashga dowletin yurdy basyp almak we resurslaryna eye bolmak sebap bilen edilyan prowokasiyalar.

BAR diyyan biri aranyzda, sana yuzlenyan. Name ozunche gownun yetmedik bolyamy yazyanlaryma? Hany ayt namesi yalnysh?
Muňa jogap

kimden: Mergen
21.03.2011 05:31
+0 / -0
EY Bayram, Russia Hytay'in goshulmayanynyn sebabi olar 3nji jahan urshunyn bashlanmagyny islemeyarler. Olaram hereket edyarler, yone resmi yagdayda dal, buny kopler bilyar, yagny orslar Lukashenkanyn usti bilen yaraglary we strategiya barada oz agentlerini iberyar, sheydip Kadafi Bengaza yetmekde ustunlik gazandy. Bashga dowletler komek edyar yone gizli yollar bilen.
Men premoy efirde ses berishligi gordum, Hytay we Orsyet we yene 3 dowlet ne kabul etdi nede red etdi, yagny bu diymek olar ikisinin arasynda, yone aslynda Kadafinin tarapynda.
Muňa jogap

kimden: jurnalist nireden: gayraky obadan
20.03.2011 03:02
+0 / -0
Mergen bagyshla welin sende adamyn janyna rehim yokmy? Liwiyadaky sol adamlar oynamaga olyandirler oydyanmi? 40 yyl how 40 yyl!!!

Gunbatar mediasynyn ikiyuzluligi sol adamlaryn Gaddafi tarapyndan oldurilmegine goz yummalydygymyza sebap bolmalymy indi?

Men akmakdan gorkyan. Okan akmakdan iki esse gorkyan. Yazyan akmakdan uc esse gorkyan.
Muňa jogap

kimden: Mergen
20.03.2011 04:57
+0 / -0
Ay siz ikinizem MAL hooow. Bar televizory achda gor namelerin bolupyorenini. Nebitin ustunde dava gidipdur, yone siz yaly akmaklar buna dushunere kop vagt gerek. Name uchin bize (turkmenlere), Demirgazyk korea, ozbegistan yada bashga menzesh dowletlere beyle basysh etmeyarler? Gozunizi achyn, azyrak BBC seredin. Pikirlenip gorun name uchin bularyn bary hemishe Amerika we yewropanyn harby guchlerinin sokulmagy bilen gutaryar?
Siz azatlyk diyip butin omur oz etinizi iyip gechersiniz. Hich yerde 100 prosent azatlyk yok, daja amerikadada syyasy azatlyk yok.
Yene siz yalylar uchin wagtymy yitiryanda komment yazyp.
Hany bor diyeli Kadafi gider dowletden, son name bolar?! Hany Yegiptde uytgeshiklik boldumy, YOK. Shol hali-shindi etlerini iyiship yorler. Gunbatar mediyasyna azyrak syn edin.
Dogry 40 yillap halk kosenendir, yone hemme zadyn positive we negative tarapy bardyr. Bashtutanlar uchin etjek kararlary gaty kyn kararlar, ana aldym kanuny uytgetdim we halk AZAT diyip kakar hichkim berip bilmez.
Siz in beteri gorkmaly zadynyz, bizin dowletimiz bilen sheyle prowakasiyalaryn bolmazlygy, sebabi olar hemme yere oz agentlerini (PROWOKATOR) iberyarler, we yerli prowakatorlary hem organizavat edyarler.
Kimdir biri yokarda "NEBIT diyip aldynay" diyyar. Indi bolsa menin sana soragym; Bizin dowlet name uchin oz bujettini gizli saklayar we mundan bashgada name uchin halk gaty kosenyar? Name uchin shol haramzadalar gidenok, hali shindi SSSR'den bari otyrlar (yagny Hramov we Jadan). Name uchin eysem PREZIDENTIN ozi masgara bolup yor halkyn onunde? Bularyn bary bizin geografiki taydan baylyklara eye bolmagymyz. Nebit kan, GAZ dagy dunyade 4nji uly reservi bar bizde. Mundan bashgada (belki sen yaly akmaklar bilmeyandir), yone bizde bashga himiki hali ozleshdirilmedik baylyklar bar.

Karochi gepin gysgasy kellani agyrtman Gunbatar dowletlerin "DEMOKRATIYA" ertekisini aydyp. Adam oljek bolsa manlayina yazylandyrda, Hana yany premoy efirde gordum, Kadafi indi yarag atmasyny goydy diyip, yone Liwiyany Gunbatarlylar bombalap yorler. Olar halk kosenyar diyen bolyarlar, aslynda ozleri koseyar. Olara halky bashyna yapsynmy? Olara dine Syyasy we ykdysady kontrol gerek.
Muňa jogap

kimden: Ayjemal
20.03.2011 16:36
+0 / -0
Mergen, men yaly bisowatlylaryn gozlerini acyanyn ucin kop sag bol. Yone senem bir zada dusunjek bol. Eger Liwiyada demokratiya bolup, hakimiyet basyndakylar anry gidende 10 yyl oturan bolsa, halkyny basyp, adamlaryn hak hukugyny ayak asty etmedik bolsa Gunbatar nahili Liwiyanyn nebtine goz gyzdyrsa-da ol erin icerki syyasatyna gosulsmakdan saklanardy. Name nebte bay dowlet azmy, hayssysynyn yagaday BMG-yn Howpsuzlyk genesinde ara alnyp maslahatlasylyar. Menem sen yaly turkmen halkyny yagysy dal, beyleki bir dowletlerin yurdun icerki syyasatyna gosulmagyny isleyeyarin. Emma halky"duydansyz saparlary" bilen aldawda saklamak isleyan diktatorlara, turmede biguna cureyan adamlaryn ykbalyna biperway garayan, goz umyan zalymlara men garsy cykyaryn. Su menin grazdanlyk posiziyam. Turkmenin ummasyz baylygyny ozara paylasyp iyip yatyrlar, bularyn doyjak many yok. Sol baylygy gore akidip bolmayandygyny Saparmyradyn mysaly bulara sapak bolmadymyka? Sen yalyklar bolsa oz gowsaklygyn bilen diktaturany goldayarsyn. Her adama erkin yasamak Alla tarapyn berilendir. Hic bir ynsan sol Tanryn beren sol erkinligini caklendirip bilmez.
Muňa jogap

kimden: Bar
20.03.2011 18:09
+0 / -0
Mergen, manysyz zatlar yazyp bashladyn fashistler yaly...

Diktaturanyn tarapyny hicem calamok!! Ozunem bir gun sho cukura dushende bilersin, Liwyan 50% halkyny samsyk hasaplap bilmersin.
UN rezolution name diymekdigini owren, Security Council name diymekdigini owren. Onson menem sen bilen jedel etjek, ato sen aydyanlaryn bosh!!! Kino we TV kanal shykyrdysy diyilyar senin beynine, syyasay we fiolosofiya taydan manyly zat aydyp bilenok. :)))

kimden: bet nireden: ukr
18.03.2011 16:19
+0 / -0
akyl satmak ansat yerine yetirmek kyn ayjemanl liwyada yashap gelen yaly gurleyan
Muňa jogap

kimden: Ayjemal
20.03.2011 16:40
+0 / -0
Yashan bolsam name? Sol adamlaryn Kaddafinin elini opuslerinden, olaryn nahili yagadayda yasayandygyny, sen sol yerde yashamadyk bolsan hem goz onune getirmeli. Azat adam hic kimin elini opmez, oz elini hem opdurmez! Feadallyk zaman bir eyyam otip gitdi. Yone kabir akmaklar sona ya dushunmeyar, ya-da dushunmek islemeyar.