Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Analitik Smith Türkmenistandaky internet barada


Halkara proýektler boýunça menejer, konsultant hem bu ugurdan analizleriň awtory Myles Smith 2007-2009-njy ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) çäginde Türkmenistanda interneti ösdürmek boýunça programmanyň ýolbaşçysy bolup, iş alyp bardy.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda internet erkinligi, internetiň ilata elýeterli bolmagy ugrunda edilmeli işler barada Myles Smith bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Smith, Türkmenistanda işlän adam hökmünde internetiň ilata elýeterliligi barada näme aýdyp bilersiňiz?

Myles Smith: Men Türkmenistanda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň çäginde interneti ösdürmek boýunça programmanyň ýolbaşçysy bolup işledim. Meniň işlap başlan döwrüm, 2007-nji ýylda internet ilata has elýeterli edildi.

Ýöne internetiň kabir saýtlary Türkmenistanda petiklendi, hususan-da oppozision saýtlar. Maňa gowuşýan maglumatlara görä, häzir hem Türkmenistanyň mekdeplerinde internet köp çagalara elýeterli dal. Hatda Aşgabadyň özündäki mekdeplerde internet bolaýanda-da, okuwçylar ondan diňe Türkmenistanyň resmi saýtlaryna çykyp bilýärler.

Azatlyk Radiosy: Jenap Smith, Türkmenistanda internetden peýdalanýan adamlaryň kompýuterleriniň IP adreslerini anyklap, türkmen resmileri olaryň hökümeti azda-kände tankytlaýan saýtlary okaýandyklaryny bilen halatynda, yzarlaýandyklary habar berilýär. Ýaşlar petiklenen saýtlara köplenç proksi saýtlary arkaly girýärler. Emma proksi arkaly girmek üçin internetiň tizliginiň ýokary bolmagy zerur. Türkmenistanyň köp ýerlerinde, hususan-da regionlarda, bize internetiň tizligi pes diýen maglumatlar gowuşýar. Internet senzurasy bilen bagly ýagdaý Türkmenistanda özgerdimi?

Myles Smith: Meniň işlän döwrümde biziň guramamyz tarapyndan açylan internet merkezlerinde hemme saýtlar diýen ýaly internetden peýdalanýanlara elýeterlidi. Ýöne häkimiýetler başgaça basyş görkezýärdiler. Ýagny, regionlarda ýerleşýän internet merkezlerimize gatnaýan ýaşlara basyş edilýärdi. Şeýle basyşdan soň, olar gorkup, gatnamagyny bes edýärdiler. Internet bolsa ilatyň aglabasyna elýeterli däldi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan ýaly ýurtda internetiň ilat köpçüligine elýeterli bolmagy üçin näme etmeli?

Myles Smith: Meniň Türkmenistanda işlän döwrümde MTS kompaniýasy GPRS programmasy bilen ilata interneti mobil telefonlar arkaly elýeterli edipdi. Dogrusy, häzirem ilat köpçüligine interneti elýeterli etmek kyn däl. Häkimiýetler şeýle maksady öz öňlerinde goýýan bolsalar, oňa ýetmek üçin telekommunikasiýa ugrundan dürli kompaniýalary ýurda çagyryp, olara işlemäge şert döretmeli. Şeýle edilse, edil ýarym ýylyň dowamynda internet halkyň aglabasyna elýeterli bolardy. Bu meseläniň çözgüdini tapmak gaty aňsat.
XS
SM
MD
LG