Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: "Itiň dört, meniň iki aýagym bar"


Türkmen iti
Türkmen iti
Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň degişmelerinden

"Ýüz gram içeýin"

Gum obasynda ýaşaýan dostum 50 ýaşy dolanda tutýan toý dabarasyna çagyrdy. Ýeke ozüm somalyp barmagy gelşiksiz görüp, ýazyjy Täçmämmet Jürdekowa ýoldaş bolmagy haýyş etdim.

Oba bardyk. Meni ozaldan tanaýan gumlylar “Ýoldaşyň bilen tanyşdyrmadyň, ol kim?” diýip, sowal berdiler.

Täçmämmedi tanyşdyrmakçy boldum. Ýöne ol menden öňürtiledi:

"Adamlar, azajyk tagapyl ediň, ine, häzir toý saçagynyň başyna geçeris. Ýüz gram arak içeýin, soň kimdimi özüňizem tanarsyňyz" diýdi.

Tapmaça

XX asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda ýazyjy, rus dilinde çap edilýän “Aşhabad” edebi žurnalynyň baş redaktory Wladimir Pu bilen ýazyjylaryň Nowosibirskiý şäherinde geçirilýän maslahatyna gitdik.

Maslahatyň 1-nji güni tamamlanandan soňra ýerli ýazyjylaryň biri meni, Wolodýany, ýene-de 5-6 ýazyjyny öýüne myhmançylyga çagyrdy. Üsti naz-nygmatly stol başyna geçen dessimize Wolodýa:

- Dostlar, bir stoluň başynda jem bolduk. Ýöne birek-biregi tanamaýarys. Men tanyşmagyň täze usulyny teklip edýärin - diýdi. - Her kim öz adyny doly aýdýar. Familiýasynyň bolsa yzyna goşulýan "ow"-y, "ýew"-i aýryp, başky hem-de soňky harpyny aýdýar. Teklip meniňki, şonuň üçinem ilki menden başlalyň! Men Türkmenistandan, adym Wladimir-Wolodýa, familýamyň başky harpy “P”, soňkysy ”u”. Familiýamy bilmäge ildeşim Amanmyrat “B”-“A” hemem öý eýesi gatnaşmasyn - diýdi.

Wolodýanyň milleti koreýdi. Ýüzi bugdaýreňk bolany üçin türkmene-de az-kem meňzeýärdi. Tapmaçany çözýänler başy “P” harpy bilen başlanyp, soňy “u”
bilen tamamlanýan türkmen sözüni tapjak bolup kelle döwdüler.

Şeýle sözi tapmadylar. Soňra başga dillerden şeýle sözi tapmaga synanyşdylar. Kimdir biri “Pompidu” diýdi. Başga adam atlaryny-da tutdylar. Barybir, tapmaçanyň jogaby tapylmady.

Olar “Wolodýa, ilkinji tosty seň saglygyň içeli. Utuldyk, familýaňy özüň aýt!”- diýdiler. Wolodýa gülmän--ýyryşman: "Pu" diýdi.

Çykalga

Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ulkesiniň Türkmen raýonynda türkmenleriň arasynda doglan geljekki ýazyjy Nikolaý Zolatarýow ýokary bilmi Türkmenistanda aldy. Ol Türkmenistanda hemişelik ýaşamaga galdy.

Degşip--gülüşmegi oňat görýän Kolýa degene degip, degmedige-de kesek atýardy. Günlerde bir gün ol “bu tejribesini” itde-de synap gördi.

Myhmançylykdan öwrülp gellýärdik.Ýolumyz jaýyň kölegesinde garysyna ýassanyp ýatan köpegiň üstünden düşdi. Keýpiçag Kolýa ony kesekläp ugrady. It birbada çydady. Kolýa goýar ýerde goýmady. It “itlik edýän” Kolýa topuldy.

Kolýa gaçyp ugrady. It onuň yzyndan ýetip, injiginden azy urdy. Kolýa azy uran it onuň jalbaryny ýyrtan eken.Tenine şikes ýetmändir.

Biz “Iki metrdenem uzyn boýuň bar. Ýöne ylgawyň, ýyndamlygyň boýy garyş--sere itçe-de ýok eken” diýip, onuň çetine degdik.

Ol: "Itiň dört, meniň iki aýagym bar. It şonuň üçin menden ýyndam" diýip, çamanlygyny sülä getirdi.

Toplan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG