Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Serhetdäki çytyk ýüz döwletiň ýüzüdir"


Aeroportdaky ýolagçylar.
Aeroportdaky ýolagçylar.

Käbir syýahatçylar Türkmenistana sapar etmegiň o diýen aňsat däldigini aýdýarlar. Olar wiza almakda, bu prosesiň dowamynda birnäçe bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny belleýärler.

Azatlyk Radiosy Gyrgyzystanyň iň uly syýahatçylyk firmalarynyň biri “Gyrgyz konsepti” atly syýahatçylyk firmasynyň ýolbaşçysy Emil Umetaliýew bilen söhbetdeş bolup, daşary ýurtly raýatlaryň Türkmenistana bildirýän gyzyklanmasy we wiza prosessi dogrusynda gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: Emil Umetaliýew, Gyrgyzystandan Türkmenistana, has takygy Awaza syýahatçylyk zolagyna sapar etmek isleýänler köpmi?

Emil Umetaliýew: Gynansak-da, Türkmenistana sapar etmek isleýän gyrgyzystanlylaryň sany o diýen köp däl. Elbetde, Gyrgyzystandan Türkmenistana sapar etmäge gyzyklanýanlar hem bar, ýöne olar hem geografiki, medeni gyzyklanma sebäpli däl-de, iş, biznes etmek maksady bilen gidýärler.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň aglabasy has ösen kurort merkezlerine, ýagny Ýewropa ýurtlaryna, Türkiýe, Tailand ýaly döwletlere sapar etmegi halaýarlar. Ýöne Merkezi Aziýanyň ilatynda entek Merkezi Aziýanyň öz içinde, goňşy ýurtlara syýahat etmek endigi ýok.

Belkem, munuň sebäbi bu ýurtlara sapar edenlerinde, adamlaryň özlerini rahat duýmazlygy, ýurtlardaky käbir çäklendirmeler bilen bagly bolup biler. Mundan başga-da Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýetleri bir meňzeşräk bolany sebäpli, belkem, bu sebitiň adamlary ilki bilen özleriniňkiden has üýtgeşik, tapawutly medeniýetleri göresleri gelýändir. Munuň dürli sebäpleri bolup biler.

Ýöne Gyrgyzystana gelen daşary ýurtlular Türkmenistana, Özbegistana sapar etmegi halaýarlar. Biz hem türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen birlikde, olaryň Türkmenistana aşmagyna kömek edýäris.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurtlaryň raýatlary diýeniňizde, haýsy ýurtlaryň raýatlaryny göz öňünde tutýarsyňyz?

Emil Umetaliýew: “Ýüpek ýolunyň” ugrunda ýerleşýän beýleki ýurtlar ýaly Türkmenistana hem baryp görmek, sapar etmek bilen, esasan, Ýewropa ýurtlarynyň ýokary bilimli raýatlary gyzyklanýarlar. Umuman aýdanymda, Ýaponiýa, Amerika, Ýewropa ýaly demokratik ýurtlaryň raýatlary Türkmenistana sapar etmegi isleýärler. Olaryň aglabasy hem, ýokary bilimli we medeniýetli adamlardyr.

Azatlyk Radiosy: Umetaliýew, Türkmenistana wiza almak düzgünleri nähili?

Emil Umetaliýew: Dogrymy aýtsam, Türkmenistana wiza almak prosesi örän kyn. Men hatda bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, hatda tutuş dünýäde-de wiza almasy iň kyn bolan ýurt diýip bilerin. Türkmenistana sapar etmek isleýänler bu barada ençeme gün öňünden alada etmeli bolýarlar.Wizanyň bahasy hem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirer ýaly däl.

Gyrgyz raýatlary türkmen wizasyny almak üçin 200 amerikan dollaryndan gowrak tölemeli bolýarlar. Bu diňe wiza üçin tölemeli pul we bu örän gymmat. Biziň işleşýän ýurtlarymyzyň arasynda wizasy 200 amerikan dollaryna barabar bolan başga ýurt ýok. Hatda käbir ýurtlara, adaty däl-de, eýse tizleşdirilen wizany almak hem takmynan 100 amerikan dollaryna durýar.

Mundan başga-da, gyrgyz raýatlary wizany almak üçin Gazagystanyň Almaty şäherine gitmeli bolýarlar. Ýagny, olar başga ýurda gitmeli bolýarlar. Emma meniň öz tejribämde bolup geçen başga-da bir gözçykgynç bir ýagdaý hem bar. Men şu wagta çenli takmynan 50 ýurda 500-den gowrak gezek sapar etdim. Ýöne maňa ömrümde ilkinji gezek bir ýurt wiza bermedi, ol hem Türkmenistan boldy.

Azatlyk Radiosy: Size näme üçin wiza bermediler?

Amil Umetaliýew: Mundan birnäçe ýyl ozal Britaniýadan gelen myhmanlar bilen birlikde Türkmenistanda örän uly ralli ýaryşyny geçirmek üçin uly tur taýýarladym. Biz şol turuň ugry boýunça Özbegistanyň üstünden geçip, Türkmenistanyň serhedine baranymyzda, gynansak-da, türkmen resmileri maňa we meniň gyrgyzystanly kärdeşlerime wiza bermediler. Bu waka 2008-nji ýylda bolupdy. Munuň sebäbini hem düşündirmediler.

Azatlyk Radiosy: Siz häli Türkmenistana sapar etmek, wiza almak üçin käbir çäklendirmeler hem bar diýdiňiz. Şol çäklendirmeler näme?

Emil Umetaliýew: Biz çäklendirmeler diýenimizde, Türkmenistana sapar edýän syýahatçylaryň türkmen serhedinden geçen wagty, bu prosesiň dostlukly amala aşmagy barada gürrüň edýäris. Bu proses ilkinji nobatda serhet gullukçylarynyň hyzmat edişine, gümrük işgärleriniň dokumentleri gözden geçirişine bagly. Dürli ýurtlara sapar eden syýahatçylar özlerine gysga wagtyň dowamynda, hiç hili garaşdyrylmazdan hyzmat edilmegine öwrenişýärler.

Meniň pikirimçe, Türkmenistana sapar edýän syýahatçylara serhetde edilýän hyzmatlar ýerlikli edilmese, olar köp garaşdyrylsa, şol bir wagtyň özünde-de olara ýüzüni kürşerdip seretseler, şol çytyk ýüz hem tutuş ýurduň ýüzüni aňladýar. Şol sebäpden aňyrdan gelene ýüzüni kürşerdip seredýän ýurduň ilkinji wekili tarapyndan garşy alnan syýahatçy, ýurda gireninden soň hem, ýagny tutuş saparynyň dowamynda şol çytyk ýüzüň täsirinden çykyp bilmeýär, şol ýüzi ýadyndan çykaryp bilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Umetaliýew, agzap geçen şeýle wakalaryňyza şaýat bolduňyzmy? Ýagny kimdir biri Türkmenistana sapar edip şeýle waka şaýat bolupdyrmy?

Emil Umetaliýew: Hawa. Gynansak-da, syýahatçylary garşy almak bilen bagly prosedura Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinde birmeňzeşräk. Men şeýle waka mundan ençeme ýyl öň Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana sapar edenimde-de duş geldim. Şuňa meňzeş waka men 2008-nji ýylda-da gabat geldim, ýaňky aýdyşym ýaly şonda türkmen hökümeti maňa wiza bermedi.

Şol wagt biz türkmen-özbek araçäginiň golaýyndadyk. Şonda türkmen serhetçileriniň hatda öz raýatlaryna hem nähili daraşýandygyna, olary birnäçe sagatlap araçäkde garaşdyrýandyklaryna şaýat boldum. Şaýat bolan şol kemsidiji wakalarym hem munuň Türkmenistanyň Serhet we Gümrük gulluklarynyň adaty iş tertibidigine şübhelenmäge hiç hili mümkinçilik goýanok. Şeýle wakalara kimiň duş gelýändigi wajyp däl, ýöne bu wakalaryň bolmagy eýýäm adamda ýaramaz täsir galdyrýar.

XS
SM
MD
LG