Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ sanksiýalaryň gerimini artdyrýar


ABŞ sanksiýalaryň gerimini artdyrýar.
ABŞ sanksiýalaryň gerimini artdyrýar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Moskwanyň gündogar Ukrainadaky separatistlere goldaw bermegini dowam edýänligi üçin 29-njy iýulda Russiýanyň garşysyna girizilen sanksiýalary has-da güýçlendirdi.

Ak tamda eden çykyşynda Barak Obama “Şu günki gün munuň Birleşen Ştatlaryň halkara jemgyýetçiligini jebisleşdirip, bütin dünýäniň halklarynyň hukuklaryny goramak pozisiýasynda durýandygynyň ýene-de bir ýatlatmasydygyny” nygtady.

Birleşen Ştatlar bu karara Ýewropa Bileleşigi 29-njy iýulda irden rus şahslaryna we kompaniýalaryna garşy has giň gerimli ykdysady sanksiýalary girizmek barada karara gelenden soň geldi.

Obama ýewropalylar bilen bilelikde hereket etmegiň sanksiýalaryň täsirini “has-da güýçlendirjekdigini” belläp, şeýle diýdi: “Munuň şeýle bolmagyna esas ýokdy. Bu beýle bolmaly hem däldi. Muňa zerurlygam ýokdy. Bu Russiýanyň, hususan-da prezident [Wladimir] Putiniň saýlap alan ýolunyň getiren netijesi”.

Birleşen Ştatlaryň Maliýe ministrligi 29-njy iýulda Russiýanyň Ukrainadaky hereketlerine jogap hökmünde üç bankyň adyny sektoral sanksiýalaryň sanawyna goşdy we bir gämi gurujy kompaniýa garşy sanksiýa girizdi.

“Moskwa banky”, “Russiýanyň oba-hojalyk banky” we “VTB” ýaly banklaryň atlary amerikalylar we amerikan firmalary üçin maliýe hyzmatlaryndan 90 günden artyk peýdalanmak ýa-da olar bilen täze maliýe gatnaşyklaryny ýola goýmak gadagan edilen kompaniýalaryň sanawyna goşuldy.

Gürrüňi gidýän departamentiň ýokary derejeli administrasiýa resmisi Waşington Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki iň esasy alty bankynyň bäşisine garşy sanksiýalary girizdi diýdi. Bu bäş bank Russiýanyň bank ulgamynyň 30%-ni öz içine alýar.

Muňa garamazdan, amerikalylaryň bu banklar bilen iş salyşmagy doly gadagan edilmedi.

Gürrüňi gidýän banklaryň müşderilerine pul dolanyşyklaryny dollarda amala aşyrmaga rugsat berler. Şeýle-de, bu banklar tarapyndan çykarylan debet we kredit kartoçkalary hem sanksiýalara tabyn edilmez.

Sank-Peterburgyň “Birleşen gämi gurujy korporasiýasy” Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan döredilipdi we ol 100% döwlet eýeçiligindedir. Agzalan bu gämi gurujy korporasiýa hem amerikan graždanlary üçin bilelikdäki biznes işlerini alyp barmak gadagan edilen kärhanalaryň sanawyna goşuldy.

Birleşen Ştatlaryň Söwda departamenti hem Russiýada çuň suwda ýa-da Arktikadaky burawlaýyş işleri üçin niýetlenen täze tehnologiýalaryň eksport lisenziýasyna, ýagny ygtyýarnamasyna çäklendirmeleri güýje girizjekdigini yglan etdi.

Ýewropa Bileleşigi 29-njy iýulda, sanksiýa girizilen 87 adamyň we 20 edaranyň sanawyna ýene-de sekiz adamyň we üç edaranyň adyny goşýandygyny yglan edipdi. Sanawa ady goşulan şol adamlaryň arasynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň dört sany ýakyn biznes ýaranlary hem bar.

Ýewropa Bileleşigi hem Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki banklarynyň Ýewropanyň kapital bazarlaryna girmegini we iki hili ulanylýan harytlaryň we tehnologiýalaryň, şol sanda nebit pudagynyň eksportyny çäklendirmek üçin Moskwanyň garşysyna ýarag embargosyny girizmek kararyny kabul etdi.

XS
SM
MD
LG