Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senatorlar Ukraina harby kömegi goldaýarlar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, 26-njy iýul, 2014.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, 26-njy iýul, 2014.

ABŞ-nyň täsirli demokrat senatory Karl Lewin Ukrainanyň harbylaryna “goranyş” üçin ýarag kömegini bermegi teklip etdi. Bu teklip prezident Barak Obama tarapyndan şu çaka çenli ret edilipdi.

Miçiganaly demokrat senator we Ýaragly gulluklar komitetiniň başlygy Lewiniň 30-njy iýulda Ukraina boýunça geçirilen ýapyk maslahatyň yz ýany aýtmagyna görä, kömegiň “prowokatiw” bolman, ýaragdan goranyş serişdeleri, harby eginbaşy we ýer-howa kysymly raketalary öz içine almalydygyny aýtdy.

Obama harby kömegi 29-njy iýulda ret etdi we “häzirki wagtda bu meseläniň Ukrainanyň separatistleri ýeňmegine degişli däldigini aýtdy”.

Obama “ukrainler separatistlerden has gowy ýaraglanan. Mesele häzir gündogar Ukrainada gandöküşikligiň nädip öňüni almakdan ybarat. Biz gandöküşiklikden gaça durmaga çalyşýarys” diýip Obama sözüniň üstüni ýetirdi.

Lewin öz administrasiýasynyň düşündirişlerini ret etdi.

Senatorlaryň delilleri

"Prezidentiň düýnki aýdanlary meniň üçin kanagatlandyryjy däl, ol “biz parahatçylykly çözgüde umyt edýäris diýdi, bu şeýle. Emma Orsýetiň goşunlary serhetde dur” diýip, Lewin aýtdy.

Lewin ýene şeýle diýdi: “Biziň berýän kömegimizi ýarag we ýaraga degişli däl diýip bölmäge esas görmeýärin”. Lewin “prowokatiw bolmadyk” we “prowokatiw” ýaraglaryň arasynda serhet çekilmeli diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Respublikan kanun çykaryjylaryň ençemesi-de, şol sanda senatorlar Jon Makkeýn (John McCain), Lindsey Graham (Lindsey Graham) we Kelly Aýotte (Kelly Ayotte) Ukraina ýarag kömegini ibermegiň tarapynda çykyş etdiler. Emma şeýle çagyryşlar demokratlaryň arasynda goldaw tapmady.

Graham Lewiniň aýdan sözlerine meňzeş äheňde çykyş etdi: “Biziň Ukraina babatyndaky garaýyşlarymyza iki partiýa tarapyndan bildirilen şeýle aladalanmalary öň görmändim”.

Ukrainanyň soraýan kömegi

Ol ukrainleriň F-16 kysymly harby uçarlardan başlap, Humvee harby maşynlaryna çenli soraýandyklaryny aýdyp, şeýle uçarlaryň tiz wagtda Ukraina barmajagyny belledi.

Makkeýn ukrainleriň ýeňil ýaraglary we ýaragdan goranyş gurallary soraýandyklaryny aýtdy.

ABŞ Ukraina 33 million dollarlyk ýarag bilen bagly bolmadyk kömek berdi.

Ukrainler şu ýylyň mart aýyndan bäri ýarag kömegini sorap gelýärler.

Pentagonyň maglumatyna görä, Ukrainanyň goranmak ministri Waleriý Heleteý öz ýurdunyň “goşmaça howpsuzlyk kömegine” bolan gyzyklanmasyny 28-nji iýulda ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagele (Chuck Hagel) mälim etdi.

XS
SM
MD
LG