Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Adamlaryň sosial ulgamlaryndaky işjeňligini alamatlandyrýan surat.
Adamlaryň sosial ulgamlaryndaky işjeňligini alamatlandyrýan surat.

Tomus kanikuly döwründe böwşeňlik aralaşsa-da, awgustyň aýaklamagy bilen türkmen ýaşlarynyň sosial ulgamlardaky işjeňligi ýene-de kem-kemden öz adaty derejesine golaýlap başlady.

Mysal üçin, “VKontakte” sosial ulgamynda “Türkmen sungat älemi” atly topar tarapyndan paýlaşylan wideoýazgy ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Bu wideoýazgy aýdymçylar Eldar Ahmedow bilen Rahym Gurbanowyň “Näz etme” atly bilelikde aýdan aýdymyna düşürilen täze wideoklipdir.

16-njy awgustda paýlaşylan bu wideoklip 22-nji awgusta çenli 105 gezek halanyp, 10 sapar hem gaýtadan çap edilipdir we oňa jemi dokuz teswir ýazylypdyr.

Şol teswirleriň aglabasynda Ahmedow bilen Gurbanowyň bilelikde aýdan aýdymynyň hem-de bu aýdymyň wideoklibiniň örän gowudygy aýdylýar.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda bolsa, Janpena atly agzanyň gozgan “Siz näme üçin awataryňyza öz suratyňyzy goyaňyzok?” atly temasy ulgamyň aktiw agzalarynyň ünsüni çekip bilipdir. 18-nji awgustda gozgalan bu tema 22-nji awgusta çenli 2467 sapar okalyp, 56 gezek hem halanypdyr we oňa jemi 206 teswir ýazylypdyr.

Bu temada şeýle sorag goýulýar: “... Adamlar näme üçin öz awataryna öz suratlaryny däl-de, gülüň, haýwanyň, futbolistiň we şm [zatlaryň suratlaryny] goýýarkalar? “Ertir.com”-a seretsegem, [ulanyjylaryň] aglaba böleginiň şu yörelgeden gidýänini göryaris... Eýsem, munuň sebäbi näme bolup biler?...”
Bu tema Munchacha_bonita atly agza şeýle teswir ýazypdyr: “Herhilek pikirli adam bar, “Boýum ýaly boý tapsam-da, göwnüm ýaly göwün tapmadym” diýipdirler ata-babalarymyz”.

Selbi atly gyz özüniň näme sebäpden gürrüňi edilýän saýtda suratyny goýmaýandygyny gysgaça şeýle düşündiripdir: “Yöne goýasym gelenok. Her kimiň pikiri her hili”.

Türkmen ýigitleriniň biri bolsa agzalýan tema boýunça garaýşyny öz-özi bilen jedelleşýän görnüşde şeýle beýan edipdir: “Sizem XX-nji asyryň gürrüňini edýäňiz. Köp gyz “Ertir.com”-da [öz suratyny] akyllysyramak üçin goýanok. Näme şu taýdaky köp gyz “vk, line” girenokdyr öýdýäňizmi? Şo taýda surat goýanokdyr öýdýäňizmi? Şu taýdaky gyzlaryň 50%-i başga sosial saýtlarda suratlaryny goýýarlar. Bolýa, internetde hiç ýerde suratyny goýmaýan gyz bolsa, meniňem [olara] hormatym uly. Ýöne, gyzlar, goýuberiň, eýýäm döwür ösdi, surat goýanyňda-goýmanyňda kän bildirenok”.

XS
SM
MD
LG