Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanyň 'bagtsyz' ýollary


Balkanyň içerki ýollarynyň ýaramazlygy ýerli ilata hem öz ýaramaz täsirini ýetirýär.
Balkanyň içerki ýollarynyň ýaramazlygy ýerli ilata hem öz ýaramaz täsirini ýetirýär.

Balkan welaýatynyň tebigaty baý. Bu ýerde syýahatçylary özüne çekip biljek diňe bir Awaza däl, eýse welaýatyň beýleki künjeklerinde-de dürli tebigy gözellikler näçe diýseň bar.

Ylaýta-da öz hususy awtoulagynda syýahat edýänleri bu welaýatda özüne çekip biljek gyzykly ýerler kän. Bu welaýata öz ulagynda syýahat edýänler häzirem ýok hem däl. Emma welaýatyň ýollarynyň awtoturizmiň ösmegine belli bir derejede böwet bolýandygy hem gizlin däl diýip, ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Dogry, häzirki wagtda Aşgabat-Balkanabat-Türkmenbaşy ýolundaky alnyp barylýan işlerden çen tutup aýdylsa, il içinde bu ýol baradaky giň ýaýran “Arçmandan aňyrda ýol ýok” diýen ýaňsy ýakyn wagtda öz aktuallygyny ýitirjege meňzeýär. Bu ýoluň eýýäm ep-esli bölegi täzeden gurlup, ikitaraplaýyn giň şosse öwrülip barýar.

Gurluşygy doly tamamlanmadyk bu ýoluň käbir ýerlerinde yşyklandyryjy sütünler hem goýlupdyr. Ýoluň ugrunda goýlan ýol görkezijiler hem sürüjiler üçin amatly. Birnäçe ýyllap dowam edýän bu ýoluň gurluşygynyň häzirki depgini geçen ýyllar bilen deňeşdireniňde has güýçli. Bu ýoluň gurluşygy şu ýyl tamamlanar diýlip garaşylýar.

Emma bu welaýatyň beýleki ýollarynyň ýagdaýy gözgyny. Welaýatyň içerki ýollarynyň ýaramazlygy diňe bir öz awtoulaglary bilen syýahat edýän syýahatçylara däl, eýse bu ýollaryň gyralaryndaky ilatly punktlarda ýaşaýan ilata hem öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu ilatly punktlaryň özara gatnaşyklaryny çäklendirýär.

Ylaýta-da Balkan welaýatynyň Gyzyletrek-Gudrolum-Esenguly ýolunyň ýagdaýy örän erbet. Gudrolumdan Esengula çenli asla ýol ýok. Bu töwerekleriň ilaty “Esengula tarap gitseň, ýoluňy tapmaýaň” diýip, ýolagçylara duýdurýarlar.

Gudroluma barýan ýol
Gudroluma barýan ýol

Dogrudanam, Gudrolumdan tä Ajyýap obasyna çenli ýoluň ne asfalty bar, ne-de onuň sudury galypdyr. Hatda awtoulag sürüjiler bu ýoldan awtoulaglaryny sürmän, ýoluň gapdalyndan takyrlykdan ýol “ýasanypdyrlar.” Hatda ýük awtoulaglarynyň sürüjileri hem bu ýoldan gitmän, onuň gapdalyndaky takyrlykdaky ýollardan awtoulaglaryny sürýärler. Emma bu “takyrlykdaky ýollardan” awtoulag sürmek hem ýeňil däl. Özi-de takyrlykdaky ýollar bu ýerlere näbelet islendik ýolagçyny azaşdyryp biljek.

Balkan welaýatynyň Esenguly şäherinden Ekereme barýan ýoluň ýagdaýy Gudrolum ýolundan ganymadrak bolsa-da, onuň hem asfaltynyň gopup, çagyl ýoluna öwrülen bölekleri köp. Mundan başga-da, ýoluň bütin dowamynda awtoulaglaryň tigirlerini ýarýan çukurlardyr, çukanaklar bar.

Ýoluň bütin dowamynda awtoulaglaryň tigirlerini ýarýan çukurlardyr, çukanaklar bar
Ýoluň bütin dowamynda awtoulaglaryň tigirlerini ýarýan çukurlardyr, çukanaklar bar

Soňky döwürde türkmenistanlylaryň köpüsi üçin “elýeterli” dynç almaga mümkinçilikleri bolan Çeleken, ýa-da häzirki ady Hazar, şäherine barýan ýol diňe bir çarkandakly bolman, eýse bu ýoluň Goturdepäniň töweregindäki we ondan Hazara çenli bolan ep-esli aralygynda ýygy-ýygydan gum syrgynlary basan ýerleri duşýar.

Goturdepe-Hazar ýolunyň gum syrgynlaryndan her gün diýen ýaly ýörite tehnika bilen arassalanýandygyna garamazdan, bu ýoldan kämahal ýeňil awtoulaglaryň geçip bilmeýändigini ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler. Munuň üstesine-de, bu ýoluň hem welaýatyň beýleki ýollarynda bolşy ýaly, asfalty gopan ýerleri we dürli ululykdaky çukanaklary bar.

Çelekeniň 'gumly' ýollary
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:47 0:00

Syýahatçylaryň ýene-de bir köp dynç almaga barýan ýerleri bolan Bekdaş ýa-da häzirki ady Garabogaza barýan ýoluň ýagdaýy hem öwerlik däl. Türkmenbaşydan Garabogaza barýan ýoluň ”Hundaý” kompaniýasynyň gurýan gaz zawodyna çenli takmynan 15-18 kilometrlik bölegine täze asfalt düşelen bolsa-da, bu ýoluň Garabogaza çenli uzap gidýän bölegi çarkandakly ýa-da asfalty owranyp, çagyl ýola öwrülipdir.

Belgileriň köpüsi gijelerine görünmeýär
Belgileriň köpüsi gijelerine görünmeýär

Balkan welaýatyna syýahat edýän syýahatçylaryň ýol kynçylyklary diňe bir şol ýollaryň ýaramazlygy bilen bagly bolman, bu ýollarda köplenç ýol belgileriniň, marşrut görkezijileriniň, kä ýerlerde bolsa ýoluň gyrasynda ýerleşýän ilatly punktlaryň atlarynyň görkezilmeýänligi. Eger-de şonuň ýaly ýol belgileri bar hem bolsa, olaryň köpüsi gijelerine görünmeýär. Şonuň üçin ýolagçylar köplenç ýerli ýaşaýjylardan ýol salgysyny almaly bolýarlar.

Mundan başga-da syýahatçylaryň dynç almaklary üçin ýollaryň gyralarynda kempinglerdir düşelgeler az. Bar bolan düşelgeleriňem köpüsinde satylýan harytlaryň bahasy adatdakydan iki esse gymmat. Düýedarçylygy bilen meşhur bolan bu welaýatyň ýol gyralaryndaky düşelgelerinde bir litr çalyň bahasy 4 manada, kä ýerlerde hatda 5 manada ýetýär. Ýogsa, welaýatyň obalarynda ýa-da şäherlerinde onuň bahasy 2 manatdan ýokary geçmeýär.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda öňki Krasnowodsk oblastynyň deregine döredilen Balkan welaýatynda 6 etrap, 7 şäher, 16 şäherçe, 40 sany geňeşlik we 128 sany oba bar. Balkan welaýaty ýurduň territoriýasynyň 28,5%-ini tutýar.

XS
SM
MD
LG