Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Bäş aýak" sökülýär


turkmenistan. one of the symbols of Niyazov’s era - monument to Neutrality is being demolished for “reconstruction”
turkmenistan. one of the symbols of Niyazov’s era - monument to Neutrality is being demolished for “reconstruction”

Häzirki wagtda paýtagtyň “Altyn asyr” söwda merkezi ýa-da il içinde “Bäş aýak” diýip atlandyrylýan binanyň içi we daşy dolulygyna sökülýär. Bu binany söküp, rekonstruksiýa etmek işi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gurluşyk-abatlaýyş kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar.

Bu kärhananyň işgärleriniň biriniň aýtmagyna görä, “Altyn asyr” söwda merkeziniň binasy doly rekonstruksiýa edilmeli. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda gurlan daşy mermer bilen örtülen bu bina paýtagtyň turistik ýerleriniň biri hasaplanýar.

Bu bina paýtagtdaky beýleki binalardan özüniň özboluşly arhitekturasy bilen tapawutlanýar. Ýokarsynda uzyn şpili bolan bu bina piramida görnüşinde gurlup, onuň gapdallarynda bäş sütüni bar. Bäş welaýaty aňladýan bu sütünler il içinde oňa “bäş aýak” diýip at goýulmagyna sebäp bolupdy. Bu iki gatly binanyň içinde häzire çenli söwda nokatlary, işewürleriň ofisleri we restoran ýerleşýärdi.

Häzir bu binanyň daşyna örtülen mermerler we beýleki bezeg elementleri sökülipdir. Bu binada ýerleşen söwda nokatlarydyr, ofisler we restoran hem göçürilip, binanyň içi doly sökülip, diwarlary, ýagny diňe “skeleti” galypdyr.

Bu bina bilen bagly alnyp barylýan işleriň sebäpleri hakynda häkimiýetler tarapyndan halka hiç hili resmi maglumat berlenok. Emma bu ymaraty rekonstruksiýa edýän kärhananyň işgäriniň sözlerinden çen tutsaň, onda bu iş 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Aziada sport ýaryşlaryna çenli paýtagty täzeden gurmak işleriň çäginde alnyp barylýar. Efirde adynyň agzalmagyny islemedik gurluşykçy agzalan halkara oýunlara çenli, sport ýaryşlarynyň geçjek ýeriniň töweregindäki ähli binalaryň rekonstruksiýa edilmelidigini aýdýar.

Gepiň gerdişine görä ýatladyp geçsek, “Altyn asyr” binasy paýtagtyň günorta böleginde Garaşsyzlyk parkynyň çäginde, 2017-nji ýylda geçjek halkara Aziýa oýunlarynyň Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýerleşýär.

Häzirki wagt “Bäş aýakda” alnyp barylýan bu rekonstruksiýa işleri üçin döwlet gaznasyndan näçe pul serişdesiniň goýberilýändigi barada habar berilmeýär. Bu ymaratyň nähili rekonstruksiýa ediljekdigi, ondan soň nähili boljakdygy barada hem anyk maglumat ýok.

Ozaly prezident S.Nyýazow döwründe “Altyn asyr” söwda merkeziniň binasyna garaşsyzlygyň simwollarynyň biri hökmünde garalýardy. Bu ýerde dürli köpçülikleýin çäreler geçirilýärdi. Emma soňky ýyllarda bu binanyň töwereginde köpçülikleýin çäreleriň geçirilmesi galdy.

XS
SM
MD
LG