Amerikaly ýaş zenan Traseý Goldner Birleşen Ştatlaryň “Parahatçylyk korpusy” boýunça Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäherine baryp, şol ýerde ilat bilen dürli çäreleri geçirdi, şol sanda saglyk we iňlis dili boýunça ýörite okuw sapaklaryny okatdy.
Amerikanyň Missouri uniwersitetinde žurnalistika boýunça ýokary bilim alan Traseý häzirki wagt “Kolumbiya Missourian” neşirinde habarçy bolup işleýär.
Azatlyk Radiosynyň Traseýniň Türkmenistanda başdan geçiren tejribeleri bilen gyzyklanyp, onuň bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.