Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Dollar nobatlary döredi, täzeden


Aşgabatlylar dollar satyn almak üçin nobata durlar. 25-nji ýanwar, 2015 ý.
Aşgabatlylar dollar satyn almak üçin nobata durlar. 25-nji ýanwar, 2015 ý.

Paýtagtyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda iki aýdan hem gowrak wagtdan soň ýene-de nobatlar döräp başlady. Geçen hepdäniň ahyrlarynda paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky bazaryndaky, "Owadan" hyzmat öýündäki we "Ors bazardaky" "Aşgabat" söwda merkezindäki walýuta alyş-çalyş nokatlarynda 15-20 adamly nobatlar döräp başlady.

ABŞ-nyň dollaryny satyn almak üçin nobata duran adamlaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, häzirki walýuta ažiotažy, ýagny göçgüni türkmen manadynyň ABŞ-nyň dollaryna bolan kursunyň ýakyn wagtda ýene üýtgejekdigi baradaky gürrüňler bilen bagly.

Aýdylşyna görä, 1-nji fewraldan ABŞ-nyň bir dollarynyň bahasy 5 manat bolar. Il içinde 4 manat 20 teňňe boljakdygy baradaky gürrüňler hem ýok däl.

Mundan owal...

Ýatlap geçsek, geçen ýylyň oktýabr aýynda hem paýtagtyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda häzirkiden has köp adamly nobatlar döräpdi. Şol nobatlar hem dollaryň kursunyň ýokary galjakdygy baradaky gürrüňler bilen baglydy.

Häkimiýetleriň, manadyň ABŞ-nyň dollaryna bolan hereket edýän hümmetiniň üýtgewsiz, ozalkylygyna galýandygy baradaky habaryna garamazdan, edil täze ýyl gijesi ABŞ-nyň bir dollarynyň bahasy 3 manat 51 teňňe boldy. Mälim bolşy ýaly geçen ýyl her bir walýuta alyş-çalyş nokatlarynda dollaryň nyrhy 2.85 manatdy.

Geçen gezekki bolşy ýaly, manadyň dollara görä hümmetiniň gaçmagy bilen bagly il arasyndaky gürrüňleri degşli resmilere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Türkmen häkimiýetleri bu barada halka metbugat arkaly hem hiç hili maglumatdyr düşündiriş bermeýärler.

Häzir nobata duranlaryň ählisi paýtagtyň ýaşaýjylary. Sebäbi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň geçen ýylyň 11-nji noýabrynda girizen düzgüni boýunça, paýtagtdaky walýuta alyş-çalyş nokatlarynda diňe paýtagtyň ýaşaýjylaryna walýuta satylýar. Şol düzgün boýunça welaýatlarda ýaşaýan türkmenistanlylar walýutany öz ýaşaýan ýerlerindäki alyş-çalyş nokatlaryndan satyn almaly.

Garaz, dollar satyn aljak bolýan adamlaryň propiskasyna ýa-da ýaşaýan ýerleriniň ýazgysyna seredilýär. Şol sebäpden walýuta satyn almaga barýan adamyň ýanynda pasporty hem bolmaly. Bir adam bir walýuta alyş-çalyş nokadynda günüň dowamynda diňe bir gezek walýuta satyn alyp bilýär.

Mundan başga-da her adama çalşyp berilýän walýutanyň möçberi hem kesgitlenen. Her kim müň dollar satyn alyp bilýär. Şol sebäpden walýuta alyş-çalyş nokatlaryna ýakynlaryny, garyndaşlaryny we tanyşlaryny alyp barýanlar hem az däl.

Welaýatlardan gelenleriň ýerli ýaşaýjylara pul töläp, dollar satyn aldyrdýandyklary hem aýdylýar. “Nobata durup berýän ýörite adamlaram bar. Olara, 10-15 manat töleseň, dollary satyn alyp berýärler” diýip, maryly ildeşimiz Annaoraz aýdýar.

XS
SM
MD
LG