Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

R.Aliýew Awstriýanyň türmesinde öli tapyldy


Rahat Aliýew
Rahat Aliýew

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazabaýewiň öňki giýewsi we soň onuň garşydaşy bolan Rahat Aliýew Wenanyň türmesinde öli tapyldy. Awstriýanyň häkimiýetleri onuň öz janyna kast edendigini aýdýarlar.

Aliýewiň aklawçysy müşderisiniň öz janyna kast edenligine şübhe bildirdi we bu meselede örän berk derňewiň geçirilmelidigini aýtdy.

24-nji fewralda Awstriýanyň sudunyň metbugat wekili adam öldürmekde aýyplanyp, tussag astyna alnan we özüne ýöňkelen aýyplamalary syýasy äheňli diýip häsiýetlendirip, olary doly inkär eden Aliýewiň türmede öz janyna kast edip, ölendigini habar berdi.

Josefstadt türmesiniň başlygy Peter Prechtl Aliýewiň, türmäniň medisina bölümindäki, öz islegine görä ýerleşdirilen bir adamlyk kamerasynda özüni asyp öldürendigini aýtdy.

Aklawçy şübhe bildirýär

Awstriýanyň mediasy Aliýewiň aklawçysy Klaus Ainedtere salgylanyp, onuň 52 ýaşly müşderisiniň özüni öldürmegine “uly şübhe” bildirýändigini habar berdi.

“Men onuň ýanyna düýn baryp gaýtdym. Onuň öz janyna kast etmek töwekgelçiligini aňladýan hiç bir alamat ýokdy” diýip, Ainedter aýtdy.

APA täzelikler agentligine “Biz onuň ölüminiň örän jikme-jik barlanjagyna we bu ölümiň sebäpleriniň anyklanjagyna umyt baglaýarys” diýip bellen aklawçy hiç kimi ýalňyş hereket etmekde aýyplamak isleginiň ýokdugyny mälim etdi.

Türmäniň ýolbaşçysy Prechtl Aliýewiň “öz janyna kast etmäge ýykgyn edýän” bolup görünmändigini we şonuň üçin onuň kamerada ýeke bolmagyna rugsat berlendigini aýtdy.

Ol Aliýewiň kamerasynyň yzygiderli barlanyp durlandygyny, diňe ýuwunýan oragynda barlag geçirilmändigini aýan etdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Nuržan Aitmahanow 24-nji fewralda ministrligiň Aliýewiň ölümi baradaky maglumatlary barlaýandygyny habar berdi.

Aliýewiň “işi”

Rahat Aliýew ençeme ýyllap Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazabaýewiň uly gyzy Dariganyň adamsy bolupdy we ýurduň Milli howpsuzlyk komitetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetiripdi.

Soň Aliýew Gazagystany terk edip, ilçi wezipesinde işläpdi, şol bir wagtyň özünde-de, 2007-nji ýylda, iki gazagystanly biznesmeniň ogurlanyp, öldürilmegi bilen bagly derňew işi gozgalypdy.

Bu iş gozgalanda, Awstriýanyň häkimiýetleri, onuň Gazagystanda adalatly sud edilmezliginden howatyrlanma bildirip, Aliýewi Gazagystana tabşyrmakdan ýüz öwrüpdi. Awstriýa 2011-nji ýylda özbaşdak derňew işini gozgap, Aliýewi adam öldürmekde aýyplap, 2014-nji ýylyň dekabrynda onuň garşysyna karar çykarypdy.

2014-nji ýylyň iýun aýynda özüni Awstriýanyň häkimiýetlerine tabşyraly bäri, Aliýew bu ýurtda tussag astynda saklanýardy.

Gazagystanyň karary

Gazagystanyň sudy Aliýewi hökümeti agdarmak maksady bilen dildüwşük gurnamakda we adamlary ogurlamak boýunça jenaýatçylykly topar döretmekde aýyplap, 2008-nji ýylda gaýybana 40 ýyl tussaglyga höküm edipdi.

2013-nji ýylda gazak resmileri Aliýewiň oppozision lider Altynbek Sarsenbaýulyny we onuň iki hyzmatdaşyny öldürmekde gümän edilýändigini mälim edipdiler.

Awstriýa, öňki sowet respublikasyndaky adam hukuklarynyň ýagdaýy sebäpli, Aliýewiň Gazagystana ekstradisiýa edilmegi baradaky talaby iki gezek ret edipdi we 2011-nji ýylda Aliýew barada öz derňewlerini başladypdy.

XS
SM
MD
LG